Täjik parlamentiniň tanymal agzasy Saidjafar Usmonzoda, hamala, "hökümeti agdarmak niýeti bilen dil düwüşmekde" aýyplanyp, 14-nji iýunda tussag edildi.
Baş prokuror Ýusuf Rahmon Usmonzodany daşary ýurtda ýerleşýän oppozisiýa topary, “Täjigistanyň milli pakty” bilen hyzmatdaşlyk etmekde we onuň bosgunlyga çykan lideri Şarofiddin Gadoýew bilen gürleşmekde aýyplady.
Gadoýew Täjigistandan 2010-njy ýyllaryň başynda gaçyp çykdy we “Täjigistanyň özgertmeler we ösüş hereketini” döretdi, daşary ýurtdaky oppozisiýa toparlarynyň koalisiýasy bolan “Milli bileleşigi” esaslandyryjylaryň biri boldy.
Ýurduň parlamenti 14-nji iýunda Usmonzodany Mejlis agzasy, kanun çykaryjy hökmündäki eldegrilmesizliginden mahrum etdi.
2015-nji ýyldan bäri parlament agzasy bolan Usmonzoda metbugatda öz pikirini aýdýan az sanly kanun çykaryjylaryň biridi we Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň, Ozodi radiosynyň programmalaryna ýygy-ýygydan gatnaşýardy.
Ne Usmonzoda, ne-de oňa ýakyn adamlar onuň tussag edilmegi bilen bagly düşündiriş berip bildi. Onuň kanuny wekilçiliginiň bardygy ýa-da ýokdugy hem belli däl.
Täjigistanyň Demokratik partiýasynyň öňki başlygy Usmonzoda geçen aý, partiýa agzasy hökmündäki "kanagatlanarsyz işi" sebäpli, partiýa hataryndan çykaryldy.
Usmonzodanyň partiýadan çykarylmagyna sebäp bolan partiýa konferensiýasyna ýolbaşçylyk eden Şaboz Abror 31-nji maýda, Adalat ministrliginiň karary esasynda, partiýanyň täze başlygy diýlip ykrar edildi.
Emma muňa garamazdan, Usmonzoda şu aýyň başynda Ozodi radiosyna beren interwýusynda özüniň bu partiýanyň kanuny ýolbaşçysy bolup durýandygyny tassyklady.
Täjigistanyň 1990-njy ýylda esaslandyrylan Demokratik partiýasy öz döredilen gününden bäri birnäçe bölünişigi we dawa-jenjelleri başdan geçirdi.
2013-nji ýylda, partiýa iki topara bölünende, onuň başyna Masud Sobirow we Rahmatullo Waliýew geçjek boldy. Emma muňa garamazdan, Adalat ministrligi Usmonzodany partiýanyň lideri diýip ykrar etdi.
2013-nji ýylda geçirilen prezident saýlawynda Usmonzoda ýurtda uzak wagt bäri prezident bolan we häkimiýeti berk öz elinde jemlän Emomali Rahmon bilen bäsleşige çykdy.
Merkezi Aziýa döwletini 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan Rahmonyň administrasiýasy, halkara adam hukuklary toparlary tarapyndan, garaşsyz metbugaty, dini azatlyklary, raýat jemgyýetini we syýasy plýuralizmi äsgermezlik edýändigi sebäpli tankytlanyp gelinýär.
Forum