Russiýanyň häkimiýetleri tussaglykdaky krym tatary, aktiwist Abdulmejit Seýtumerowy, näbelli sebäplere görä, ruhy hassalar üçin keselhana ýerleşdirdiler. Bu barada onuň aklawçysy Emil Kuberdinow 2-nji oktýabrda habar berdi.
Seýtumerow awgustyň aýagynda terrorizm aýyplamalary bilen ilteşikli tussag edilipdi. Bu aýyplamalary Seýtumerow we onuň egindeşleri ret edýärler.
Kuberdinow öz müşderisiniň ruhy hassalar üçin keselhana “ýene-de goşmaça basyş görkezmek üçin” geçirilendigini aýdýar. Ol onuň ol ýerde 25 güne çenli saklanyp biljekdigini hem belleýär.
Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun basyp alandan soňra, krymly tatarlara basyş görkezip başlady. Krym tatarlary Moskwanyň anneksiýasyna açyk garşy çykypdylar.