Russiýanyň Ukrainadaky urşuna garşy çykan aktiwist, ýüzlerçe ukrain bosgunynyň Belgorod sebitinden Ukraina gaýdyp gelmegine kömek eden Aleksandr Demidenko geçen hepde, rus tussaglygynda aradan çykdy.
Bu habary onuň aklawçysy 8-nji aprelde, türmede ölen aktiwistiň maşgalasyna aýtdy.
Russiýanyň Ukraina garşy başlan urşuna aç-açan garşy çykan 61 ýaşly aktiwist oktýabr aýynda tussag edildi.
Başda ol köpçülik ýerinde alkogolly içgi içmekde aýyplanyp, 10 gün azatlykdan mahrum edildi.
Polisiýa soň Demidenkonyň öýünden Ikinji jahan urşy döwrüne degişli köne granat we granat üçin iki sany partlaýjy tapylandygyny aýtdy. Şeýlelikde, ol bikanun ýarag saklamakda aýyplandy.