Öten agşam Russiýanyň günortasyndaky Azow şäherinde ýerleşýän nebit ammarynda turan uly ýangyna sebäp bolan dron hüjümleri Ukrainanyň esasy howpsuzlyk we aňtaw gullugynyň işi diýip, Ukrainanyň howpsuzlyk güýçlerindäki ygtybarly çeşme 18-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna aýtdy.
Çeşmäniň sözlerine görä, Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň köp sanly dron ulanyp geçiren ýörite operasiýasy Rostow sebitinde nebit ammarlarynyň we ýangyç terminallarynyň ýerleşýän desgasynda güýçli ýangynyň döremegine sebäp boldy.
Kiýew, adatça, bu hili hadysalar barada düşündiriş bermekden gaça durýar, ýöne iki ýyllyk giň gerimli urşa gaýtawul bermek üçin, rus harby güýçleriniň ýangyç ätiýaçlyklaryny azaltmak maksady bilen, Russiýanyň harby infrastrukturasyny, hususan-da nebit desgalaryny nyşana alýan howa zarbalaryny barha güýçlendirýäne meňzeýär.
Howpsuzlyk ulgamyndaky çeşme Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna kömek edýän ykdysady mümkinçilikleri, serişdeleri ýok etmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Rostowyň gubernatory Wasiliý Golubew Azow ýangynyna sebäp bolan pilotsyz uçar hüjümlerinden ölen adamyň bolmandygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol hünärmenlere salgylanyp, ýangynyň beýleki desgalara ýaýramak ýa-da ýaşaýjylara howp salmak ähtimallygynyň ýokdugyny aýtdy.
Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi bu ýangyny görkezýän wideony çap edip, 5000 kub metrlik ýangyç ammaryny ot-ýalnyň gaplap alandygyny aýtdy.
Ministrlik ýangyn söndürmek synanyşygyna 70-den gowrak enjamlaşdyrylan ýangyn söndürijiniň, şol sanda ýangyn otlusynyň gatnaşýandygy aýtdy.
Rus resmileri soňky hepdelerde Ukraina bilen serhet ýakasynda, Belgorodda we Nowoşahtinskde nebit desgalaryna edilen köp sanly hüjümde Ukrainanyň uçuran pilotsyz uçarlaryny günäkärlediler.
Ukraina Russiýanyň iki ýyl mundan ozal başlan giň gerimli çozuşynyň başyndan bäri Moskwanyň raýat we energiýa infrastrukturasyna yzyny üzmän diýen ýaly urýan raketa zarbalary, pilotsyz uçar hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Russiýanyň howa hüjümleri parahat adamlaryň arasynda köp sanly adam pidasyna, bütin ýurtda, şol sanda paýtagt Kiýewde uly möçberdäki maddy zyýana sebäp boldy.
Forum