27-nji awgustda, Russiýanyň Ukraina eden köpçülikleýin ikinji dron we raketa hüjümleriniň dowamynda, şol sanda günorta Dnipropetrowsk sebitinde, Krywiý Rihde bir myhmanhana urlan zarbada azyndan 4 adam öldürildi, birnäçe adam ýaralandy we ýene birnäçe adam tapylmaýar.
Täze hüjüm tolkuny BMG-niň ýadro agentliginiň başlygy Rafael Grossiniň Russiýanyň Kurskdaky ýadro desgasyna baryp görmegine garaşylýan wagtynda amala aşyryldy. Bu sebitde, ukrain güýçleri rus çägine 6-njy awgustda garaşylmadyk ýagdaýda çozup gireli bäri gazaply söweş barýar.
Dnipropetrowsk sebitiniň gubernatory Serhiý Lysak 27-nji awgustda Telegramda öten agşam Krywiý Rih myhmanhanasyna edilen raketa hüjüminde bir erkek bilen bir aýalyň öldürilendigini aýtdy.
"5 adam ýaralandy, 43 ýaşly bir aýalyň ýagdaýy agyr" diýip, Lysak, ýene iki adamyň ykbalynyň näbellidigini, olaryň harabalygyň aşagynda galan bolmagynyň ähtimaldygyny hem sözüne goşdy.
Lysak bu hüjümiň dört gatly bina we birnäçe dükana zyýan ýetirendigini aýtdy. Ol Nikopola hem hüjüm edilendigini belledi.
Ýerli resmiler ruslaryň öten agşam günortadaky Zaporižýa sebitine uran zarbalarynyň iki adamy öldürendigini aýtdylar.
Howa goranyş ulgamlary, paýtagt administrasiýasynyň aýtmagyna görä, Kiýewe hüjüm eden 15 pilotsyz uçaryň ählisini urup ýykdy, şäheriň Dnipro etrabyndaky tokaý seýilgähine gaçan dron galyndylary ýangyna sebäp boldy.
27-nji awgustdaky hüjüm tutuş Ukraina boýunça howa hüjümi duýduryşynyň yglan edilmegine sebäp boldy.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri 27-nji awgustda jemi 60 drony we 5 raketany urup gaçyrandygyny aýtdy.
Pilotsyz uçar we raketa hüjümleri baradaky habarlar Jitomyr, Winnitsia, Hmelnytskiý sebitlerinden we beýleki ýerlerden hem geldi.
Hmelnytskiý sebitinde ruslaryň sekiz sany pilotsyz uçary urlup gaçyryldy, ýöne hüjüm wagtynda bir adam ýaralandy diýip, sebit häkimi Serhiý Týurin Telegramda aýtdy.
Halkara Atom energiýasy agentliginiň (HAEA) müdiri Grossi twitterde, ýagdaýa ýerinde baha bermek üçin, Kursk ýadro desgasyna gitjekdigini aýtdy.
"Ýagdaýyň çynlakaýdygyny nazarda tutup, men ertir HAEA missiýasyny Russiýanyň Kursk atom elektrik stansiýasyna alyp barýaryn" diýip, Grossi X-da aýtdy.
Bu zawod Ukraina serhedinden 60 km uzaklykda, Seým derýasynyň kenarynda, soňky üç hepde bäri agyr söweşleriň barýan ýerinde ýerleşýär.
Rus güýçleri 26-njy awgustda Ukrainanyň çägine 200-den gowrak pilotsyz uçar we raketa hüjümini gurnap, azyndan ýedi adamyň ölmegine sebäp boldy, ýurduň energiýa infrastrukturasyna zyýan ýetirdi.
26-njy awgustdaky hüjüm ABŞ tarapyndan, prezident Jo Baýdeniň "gözçykgynç" diýmegi bilen ýazgaryldy.
Prezident Wolodymyr Zelenski 26-njy awgustda edilen hüjümlerden soň Ukrainanyň global ýaranlaryny "aýgytly çäre görmäge" hem-de Ukrainanyň Günbataryň iberen ýaraglaryny ulanyp, Russiýanyň has töründe ýerleşýän harby nyşanalara hüjüm etmegine rugsat berilmegine çagyrdy.
"Terrorçylar bu hili çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolmaýan wagtynda Ukraina öz uzak aralyk mümkinçiliklerinde çäklendirilip bilinmez" diýip, Zelenski aýtdy.
"Gowşaklyklar we ýeterlik bolmadyk jogaplar terrorçylygy hyjuwlandyrýar.... Her bir lider, biziň her bir hyzmatdaşymyz bu söweşi adalatly soňlamak üçin zerur aýgytly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny bilýär" diýip, ukrain prezidenti aýtdy we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "hassa jandar" diýip atlandyrdy.
Forum