Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain sebitleri ýene Russiýanyň ganly raketa zarbalarynyň nyşanasy boldy


Odesada urlan söwda merkezi. 14-nji iýun, 2023.
Odesada urlan söwda merkezi. 14-nji iýun, 2023.

Russiýanyň öten agşam uran raketa zarbalary Odesada, Ukrainanyň günortasyndaky port şäherinde we gündogar Donetsk sebitinde azyndan alty adamy öldürdi, Moskwa goňşusyna garşy guraýan güýçli howa hüjümlerini dowam etdirýär.

Kiýewiň rus güýçleriniň basyp alan ýerlerini yzyna almak üçin gurajak garşylykly hüjüme taýýarlanmagy bilen, Russiýa soňky hepdelerde Ukraina edýän howa hüjümlerini güýçlendirdi.

Prezident Wolodymyr Zelenski geçen hepde bu operasiýanyň dowam edýändigini boýun aldy, Moskwa muňa ýurduň esasy şäherlerini nyşana alýan ganatly raketalar we pilotsyz uçarlar bilen edýän hüjümlerini has-da güýçlendirmek bilen jogap berdi.

Russiýanyň Odesa garşy uran raketa zarbasynda azyndan üç adam öldi, 13 adam ýaralandy diýip, ukrain goşunynyň Günorta operasiýa serkerdeliginiň harbylary 14-nji iýunda, irden habar berdiler.

Russiýa Gara deňiz portuna dört sany “Kalibr” raketasyny atyp, ammarlara, söwda merkezine, mekdebe, ýaşaýyş jaý toplumyna we şäher merkezindäki dükana zarba urdy diýip, harbylar köp adamyň harabalygyň aşagynda galan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Şeýle-de, olar atylan dört raketanyň ikisiniň urlup gaçyrylandygyny aýtdylar.

Pida bolan üç adam bölek satuw ammarynda işleýän işçilerdi diýip, habarda aýdylýar.

Donetsk sebitinde, Kramatorska we Kostiantyniwka atylan rus raketalary üç adamy öldürdi diýip, sebit häkimi Pawlo Kyrylenko facebookda aýtdy.

"Kramatorskda iki adam öldi, iki adam ýaralandy, Kostiantyniwkada biri öldürildi, biri ýaralandy" diýip, Kyrylenko aýtdy.

"Russiýalylaryň atan raketalary hususy jaýlara degip, düýpli zyýan ýetirdi: Kramatorskda azyndan bäş jaý weýran edildi, ýigrimiden gowrak jaýa zyýan ýetdi, Kostiantyniwkada iki jaý weýran boldy, 55 jaýa zyýan ýetdi" diýip, Kyryklenko aýtdy.

Ukrainanyň howa goragy 14-nji iýunda Russiýanyň howadan we deňizden atan ganatly raketalary, Eýranda öndürilen kamikadze pilotsyz uçarlary bilen harby we raýat desgalaryny nyşana alandygyny aýtdy.

"Duşman Gara deňizden Odesa tarap dört sany “Kalibr” raketasyny atdy, ol raketalaryň üçüsi urlup ýykyldy, biri raýat binasyna degdi” diýip, howa goragçylarynyň beýanatynda aýdylýar.

Ukrainanyň howa goragçylary 10 pilotsyz uçaryň dokuzysyny urup gaçyrdy diýip, beýanatda bellendi.

Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitine tapgyr ikinji gün hüjüm edildi diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak 14-nji iýunda aýtdy.

Ukrainanyň howa goragçlary üç drony urup gaçyrdy diýip, Lysak aýtdy. Ol ruslaryň Nikopoly agyr artilleriýa okuna tutandygyny aýtdy. Pidalar baradaky maglumatlar bada-bat elýeterli bolmady diýip, Lysak telegramda ýazdy.

Russiýanyň 13-nji iýunda Dinipropetrowskiniň Krywiý Rih şäherinde bir bäş gatly ýaşaýyş jaýyna uran raketa zarbasy 12 adamyň ölümine, 13 adamyň, şol sanda üç çaganyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Şu aralykda, ady aýdylmadyk ukrain resmisiniň “Roýterse” aýtmagyna görä, HAEA-niň başlygy Rafael Grossi Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna 13-nji iýunda bellenen saparyny yza süýşürdi. Hökümet resmisi onuň sapar üçin howpsuz pursada garaşýandygyny aýtdy. Grossi 12-nji iýunda Kiýewde prezident Zelenski bilen duşuşdy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüminde öňe süýşýändigini aýtdy we NATO liderleriniň geljek aý boljak duşuşygynda Kiýewe berilýän harby kömegi artdyrjakdygyny çaklady.

Stoltenberg bu sözleri 13-nji iýunda, Ak tamda prezident Jo Baýden bilen duşuşanda aýtdy.

Stoltenbergiň Waşingtona eden sapary Ukrainanyň rus basybalyjylaryna garşy köpden bäri garaşylýan garşylykly hüjüminiň çäginde, ozal elden giderilen territoriýany yzyna almak synanyşygyny edýän wagtyna gabat geldi.

"Biziň Ukraina bilelikde berýän goldawymyz häzir, biziň gürleşip duran wagtymyz söweş meýdanynda üýtgeşiklik döredýär, sebäbi ukrainalylar hüjüme başladylar" diýip, ol aýtdy. "Olar öňe gidişlik edýärler, olar ýer alýarlar" diýip, Stoltenberg sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň döwlet departamenti bu duşuşygyň bolýan wagtynda, ukrain üpjünçiliginiň üstüni ýetirmek üçin, täze 325 million dollarlyk ok-däri we agyr ýarag bukjasyny yglan etdi.

Ukrain goşuny ýurduň günorta we gündogar sebitlerinde ýedi şäherçäni azat edendigini, Bahmutdaky agyr söweşlerde ilerleme gazanýandygyny aýtdy.

Bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi we Moskwa Ukrainanyň hiç bir ilerleme gazanmandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG