Ukrainanyň deňiz dronlary basylyp alnan Krymyň kenar ýakalarynda rus patrul gämisini, “Sergeý Kotowy” urup, suwa "gark etdi" diýip, Ukrainanyň Harby aňtaw gullugynyň baş müdirliginiň 5-nji martda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Telegramda çap edilen beýanatda Harby aňtaw gullugynyň saýlama 13-nji toparynyň we Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleriniň amala aşyran hüjüminiň Digital transformasiýasy ministrliginiň goldawy bilen geçirilendigi bellenýär.
“Magura V5" deňiz dronlarynyň uran zarbasy netijesinde, Russiýanyň 22160 gämi taslamasy “Sergeý Kotowyň” yzky bölegine, sag we çep taraplaryna zyýan ýetdi. Bu hereket Kerç bogazyndan uzak bolmadyk ýerde, Ukrainanyň territorial suwlarynda boldy" diýip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, beýanatda "weýran edilen" rus gämisiniň bahasynyň takmynan 65 million dollar bolandygy bellenilýär.
Harby aňtaw gullugynyň biraz soň sosial media platformalarynda ýerleşdirilen wideosy "Sergeý Kotow” gämisiniň nähili ýagdaýda gark bolandygyny" görkezýär.
Goňrumtyl, ak-gara reňkli wideo deňiz dronlaryndaky kameralardan, dürli burçlardan we uzak aralykdan düşürilene meňzäp, “Sergeý Kotow” diýlip bilinýän gämide bolan birnäçe partlamany görkezýär.
Harby aňtaw gullugynyň wekili Andriý Ýusow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna, deslapky maglumata görä, gämi ekipažynyň agzalarynyň arasynda ölenleriň we ýaralananlaryň bardygyny, olaryň käbiriniň ewakuasiýa edilen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
"Ol ýerde ölenler we ýaraly bolanlar bar. Emma muňa garamazdan, ekipažyň bir böleginiň ewakuasiýa edilen bolmagy ähtimal" diýip, Ýusow sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýok edijiler synpyna girýän gämi, aýdylmagyna görä, ganatly raketalary daşaýar we onuň 60 çemesi ekipaž agzasy bar.
Sosial mediada çykan habarlarda aýdylmagyna görä, gämä öten agşam, Feodosiýa portunda hüjüm edilipdir.
Öňki Twitterde, X platformasynda ýerleşdirilen wideo, görnüşinden, urlan zarbanyň täsiriniň we partlamanyň uly bolandygyny görkezýär.
Russiýa ukrain tarapynyň gämi hüjümi barada aýdanlaryna hiç hili düşündiriş bermedi, ýöne Russiýanyň Goranmak ministrligine ýakyn uruş blogy “Rybar” bu gäminiň ýok edilendigini aýtdy.
"Russiýanyň Gara deňiz floty basybalyjylygyň nyşany. Ol Ukrainanyň Krymynda bolup bilmez" diýip, prezident Wolodymyr Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak 5-nji martda Telegramda ýazdy.
Partlama sesleri 5-nji mart güni irden Krymyň Kerç şäherinde hem eşidildi we basylyp alnan ýarym adany Russiýa bilen birleşdirýän köpri ýapyldy diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Krym.Hakykatlary taslamasy habar berdi.
Soňky maglumata görä, bu köprini dolandyrýan rus administrasiýasy 5-nji martda, sagat 7 töwereginde köprüdäki awtoulag gatnawynyň gaýtadan açylandygyny habar berdi.
Ukrain goşuny geçen aý Russiýanyň iň uly desant gämileriniň birini, “Tsezar Kunikowy” basylyp alnan Krymyň Gara deňiz kenarlarynda ýok edendigini aýtdy.
Şonda, 14-nji fewralda urlan zarbada hem, ukrain goşunynyň we harby aňtaw gullugynyň “Magura V5” deňiz dronyny ulanandygy habar berildi.
Fewral aýynyň başynda bolsa, ukrain güýçleri Russiýanyň raketa bilen ýaraglanan korwetini “Iwanowetsi” Gara deňizde gark etdi. Şonda bu operasiýanyň saýlama 13-nji topar tarapyndan, "Magura V5" dronlaryny ulanmak arkaly geçirilendigi habar berildi.
Russiýa ukrain tarapynyň bu iki gämi barada aýdanlaryna hiç bir düşündiriş bermedi.
“Magura V5” drony deňiz awtonom goragçysynyň uçarmansyz robot enjamynyň V görnüşiniň gysgaldylan adyny aňladýar we geçen ýyl ulanyşa girizildi. Bu dron, aýdylmagyna görä, ýokary tizlik gämisine çalymdaş bolup, onuň iň ýokary tizligi sagatda 80 kilometre çenli baryp ýetýär.
Şeýle-de, bu dron 320 kilograma çenli ýük göterip bilýär.
Forum