Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň Ukraina çozuşynyň üçünji ýyl dönüminde ABŞ tarapyndan ileri sürlen çözgüde ses berdi
Birleşen Ştatlar 24-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynda urşy soňlandyrmaga gönükdirilip kabul edilen çözgütlerde Russiýany Ukraina çozmakda aýyplaýan sözleri ret etmek bilen, ýewropaly ýaranlaryndan aýra düşdi.
ABŞ çaknyşyk babatyndaky pozisiýasyny ymykly üýtgedip, BMG-niň Baş Assambleýasynda Moskwany agressiýadan el çekmäge çagyrýan ýewropa goldawly ukrain çözgüdine garşy ses bermek bilen Russiýa we Belarusa goşuldy. 93 ýurt bu çözgüdi goldady, 18 ýurt garşy çykdy, 65 ýurt ses bermekden saklandy.
Soňra, Birleşen Ştatlar öz taýýarlan çözgüdine Russiýanyň BMG Hartiýasyna garşy çykyp kiçi goňşusynyň üstüne çozandygy aýdyňlaşdyrylyp, üýtgetme girizilenden soňra, öz rezolýusiýasyna-da ses bermekden saklandy. Bu çözgüt 93 ýurt tarapyndan goldandy, 8 ýurt garşy çykdy, 73 ýurt ses bermekden saklandy. Ukraina bu çözgüde ‘hawa’ diýip ses berdi, Russiýa bolsa ‘ýok’ diýdi.
ABŞ özüniň teklip eden çözgüdiniň ilkinji nusgasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde ses berişlige goýanda hem, ikinji gezek Russiýanyň tarapynda çykyş etdi. Bu ses berişlik 15 agzaly geňeşde 10-0 hasabynda tamamlandy we bäş ýewropa ýurdy – Britaniýa, Fransiýa, Daniýa, Gresiýa we Sloweniýa – ses bermekden saklandy.
Senator Jon Kurtis (respublikan – Utah) “bizi Russiýa we Demirgazyk Koreýa bilen bir tarapda goýan” ses berişlige “çuňňur alada” bildirdi.
“Bular biziň dostlarymyz däldir. Bu pozisiýa Amerikanyň erkinlik we demokratiýa ideallaryndan ymykly daşlaşmak bolýar” diýip, Kurtis X platformasynda aýtdy. “Biziň ählimiz urşuň soňlanmagyny isleýäris, ýöne bu, Ukrainanyň özygtyýarlylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hem-de [prezident Wladimir Putiniň] mundan beýläk territorial hyjuwlarynyň öňüniň alynmagy şertlerinde gazanylmaly” diýip, ol belledi.
Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň kanuny güýji ýok, ýöne bular dünýä jemgyýetçiliginiň garaýyşlaryny ölçermekde ýakyndan yzarlanýar. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň bolsa, kanuny güýji bar.
Bu bölünişik prezident Donald Trampyň dolandyryşy astynda transatlantik gatnaşyklarda möhüm üýtgeşmäni alamatlandyrýar we onuň urşy soňlandyrmakda, Ukrainanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini gepleşiklere çagyrmazdan, Russiýa bilen göni gepleşikleri açmak boýunça kabul eden kararynyň yz ýany bolup geçýär.
Bu ses berişlik geçen hepdede Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini uruş döwründe saýlaw geçirmändigi sebäpli “diktator” atlandyransoň, hem-de urşy başlatmakda Kiýewi aýyplandan soň, Waşington bilen Kiýewiň arasynda bar bolan dartgynlylykdan habar berýär.
Ukrainadaky urşuň 36 aýy 36 suratda
1/36Bir aýal 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Russiýanyň çozuşynyň ilkinji gününde, Kiýewdäki metro stansitýasynda çagasyny gujaklaýar.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
2/362002-nji ýylyň 1-nji martynda Kiýewiň etegindäki Buça etrabynda asuda adamlar ýok edilen rus bronetehnikasynyň hataryna seredýärler. Birnäçe günden soň, rus harbylary Buçany basyp aldylar, emma bir aýa ýetmän yza çekildiler. Olaryň gitmeginden soň, Buçada harby jenaýatlaryň subutnamalary toplandy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
3/36Buça we Irpinden gaçan asuda ilat, 2022-nji ýylyň 11-nji marty.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
4/36Bir aýal, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Çernigow sebitiniň demirgazygyndaky azat edilen şähere girýän ukrain goşunlaryny garşylaýar.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
5/36Harby kapellan Aleksandr, 2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitinde ukrain esgerine pata berýär.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
6/36Yuriý, ukrain tank mehanigi, 2022-nji ýylyň 11-nji iýuny, Donetsk.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
7/36Harkowyň etegindqki Salkowkada weýran edilen ýaşaýyş jaýlary. 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabry
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
8/36Harkow oblastynyň Izýum şäherindäki doganlyk mazarlygynda elleri arkasynda bagly bolan ukran esgeriniň jesedi. 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
9/36"Şahed" kysymly dronuň Kýewe amala aşyran hüjüminden soň, halas ediş gulluklary ýangyny södürýärler. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabry
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
10/369 ýaşly Sofýa, 2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda, ýurduň gündogaryndaky Lugansk sebitindäki Makeewkadan ýörite howpsuzlyk ýagdaýynda çykarylanda, öz öý jandaryny ellerinde saklaýar.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
11/36Ukrain harbylary Donetsk sebitinde, Günbatar ýaranlary tarapyndan üpjün edilen ok-däriler bilen ot açýarlar. 2022-nji ýylyň 23-nji noýabry
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
12/36Ukrain esgeriniň gana bulaşan gorag keltekçesi. Donetsk sebitindäki Soledar şäheriniň etekleri. 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
13/36Bakhmut şehriniň merkezi, Donetsk sebiti, 2023-nji ýylyň 25-nji fewraly.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
14/36Bahmutda ukrain harby gullukçysy. 25-nji fewral, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
15/36Öz pozisiýalary oka tutulýan mahaly ukrain esgeri. Maý, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
16/36Ukrain esgerleri, Bakhmutyň golaýynda rus pozisiýasyna hüjüm edenden soň yzlaryna dolanýarlar. 2023-nji ýylyň maýy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
17/36
Ýesir alnan russiýaly esgere suw içirýärler. Maý, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
18/36Ukrain harbysy Donetsk sebitindäki Blağodatnoýe obasynda bolan söweşde zeper çeken jaýyň içinde dur. 2023-nji ýylyň 17-nji iýuny
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
19/36Işçiler Kiýewdäki "Ene-Watan" ýadygärliginiň monumentiniň galkanynda ukrain trezubes nyşanasyny ornaşdyrýalar. 2023-nji ýylyň 6-njy awgusty. Bu nyşana sowet gerbiniň ýerine goýuldy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
20/36Çerginowyň merkezine urlan howa zarbasynyň netijesi. 19-njy awgust, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
21/36Esger diwaryna, entek uruşdan ozal, bir gyzyň şekli çekilen jaýyň golaýyndan geçip barýar. Donetsk sebitindäki Awdiýiwka şäheri, 2023-nji ýylyň noýabry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
23/36Ukrain harbylarynyň mümkin rus hüjümlerine gözegçilik edip, asmany synlap duran pursady. Bahmut, 6-njy mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
24/36Partlamada zyýan ýeten kafeda barista bolup işleýan gyz. Rus raketasy paýtagtyň merkezine zarba urdy. 25-nji mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
25/36Ýangyn söndürijiler Kiýewde Russiýanyň raketasynyň netijesinde harabalyga öwrülen jaýyň galyndylaryny aýyrýarlar. 25-nji mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
26/36Awdiýewkayň etegindäki saglyk merkezinde ýaralanan biriniň bedeninden çykarylan ok-däriler. Mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
27/36Bir gyz 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Donetskiň Pokrowsk şäherinden ewakuasiýa edilýän mahaly maşgalasy bilen hoşlaşyp dur.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
28/36
Ewakuasiýa kömegi üçin telefon belgisi görkezilen bilbord. Pokrowsk, Ukrainanyň gündogary. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
29/36Pokrowskyň eteginde ýanyp duran binalar. Sentýabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
30/3640 ýaşly ukrain komandiri Artýom, Pokrowsk etegindäki rus pozisiýalaryna atyşa başlamazdan ozal duýduryş buýrugyny berýär. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
31/36Wepat bolan esger Daniila Lýaşkewiçiň ejesi onuň tabydynyň üstünde aglaýar. Kiýew. 8-nji noýabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
32/36Russiýanyň Kiýewe amala aşyran zarbasyndan soň, bir aýal öz itini elinde saklap dur. 20-nji dekabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
33/36Bir çagany Kiýewiň zarba urlan sebitden äkidip barýarlar. 20-nji dekabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
34/36Kiýewdäki "Lukýanowskaya" metro stansiýasynyň Russiýanyň hüjümi netijesinde zyýan çeken girelgesi. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
35/36Kiýewdäki "Lukýanowskaya" metro stansiýasynyň golaýynda, rus raketasynyň düşen ýerinde emele gelen çukur. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
36/36Ýewromaýdan wagty heläk bolanlaryň hatyrasyna geçirilen çäre. Kiýew. 20-nji fewral, 2025 ý.
2013-2014-nji ýyllardaky protestlerde, ukrain halky Russiýa tarapdar bolan prezident Wiktor Ýanukowyçyny häkimiýetden çetleşdirdi. Moskwa munuň yzysüre Krym ýarymadasyny basyp aldy we Donbasa tolgunşyklary başlatdy, we ýaragly çaknyşyklara sebäp boldy. 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina garşy doly gerimli hüjüme başlady.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Köpräk görkezAzrak görkez
Previous slide
Next slide
ABŞ tarapyndan teklip edilen çözgüt “Russiýa-Ukraina urşunyň dowamynda bolup geçen tragiki ýitgileri” ykrar edýär we “çaknyşygyň derhal soňlandyrylmagyna hem-de Ukraina bilen Russiýanyň arasynda durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagyna” çagyrýar, ýöne Moskwanyň agressiýasyny agzamaýar.
Fransiýa, garaşylmadyk ädim ädip, ýewropa döwletleriniň adyndan çözgüdiň tekstine üç sany üýtgetme girizmegi teklip edip çykyş etdi. Bu teklipde Moskwanyň doly gerimli çozuşyna, Ukrainanyň özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine hem-de Birleşen Milletleri Guramasynyň Hartiýasynyň çäklerinde Ukraina we Russiýanyň arasynda “adalatly, durnukly hem-de giň gerimli parahatçylygyň” zerurlygyna salgylanylýar.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň güýçli ýarany bolan Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç öz ýurdunyň Ukraina hem-de onuň territorial bitewiligine bildiren goldawy üçin 25-nji fewralda ötünç sorady, ol bu sesiň “ýalňyşlyk bilen” berlendigini aýtdy.
Ol telewizion çykyşynda Serbiýa, ABŞ-nyň teklip eden çözgüdinde bolşy ýaly, “ses bermekden saklanmaly ekeni” diýdi.
“Meniň pikirimçe Serbiýa ýalňyşdy, men munuň üçin, raýatlardan ötünç soraýaryn we günäni öz üstüme alýaryn” diýip, Wuçiç aýtdy.
Russiýa Howpsuzlyk Geňeşinde ABŞ çözgüdiniň tekstine üýtgetme girizilmeginiň öňüni almak üçin özüniň weto hukugyndan peýdalandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum