Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina goranmak ministrini täzeledi


Goranmak ministri Oleksiý Reznikow wezipesinden çekildi.
Goranmak ministri Oleksiý Reznikow wezipesinden çekildi.

Goranmak ministri Oleksiý Reznikow wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny tabşyryp, Krym tatarlaryndan bolan ukrain syýasatçysy Rustem Umerowyň bu wezipä geçmegine ýol açdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski 3-nji sentýabr güni giçlik, Russiýa bilen arada 550 gün bäri dowam edýän urşuň arasynda, " umuman harbylar we jemgyýet bilen özara gatnaşyklaryň täze çemeleşmelernii we beýleki görnüşlerini" girizmek kararyna gelendigini aýtdy.

Holos (Ses) partiýasynyň wekili, 41 ýaşly Umerow geçen ýyl ýurduň Döwlet emläk gaznasyna başlyk bellendi.

XS
SM
MD
LG