Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Kiýewe atylan ähli raketalaryň, dronlaryň düşürilendigini aýdýar


Russiýanyň Kiýewe atan raketalarynyň netijeleri. 1-nji iýun
Russiýanyň Kiýewe atan raketalarynyň netijeleri. 1-nji iýun

Ukrainanyň resmileri ýurduň howa hüjüminden goranyş ulgamynyň Russiýanyň Kiýewe nobatdaky gezek atan 15 raketasynyň we 21 dronunyň ählisini urmagy başarandygyny mälim etdi. Bu paýtagta tertip bäşinji gün yzly-yzyna edilen hüjüm boldy.

Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, 2-nji iýunda dürli ugurlardan ilatly nokatlara urlan zarbalarda 68 ýaşly bir adam we 11 ýaşly bir çaga ýaralanypdyr.

Paýtagta edilen iki tapgyr hüjümler barada habar beren Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko halas ediş toparlaryny çagyrmak boýunça ýüz tutulmandygyny aýtdy.

“Howsala signallaryndan soň, paýtagtyň Darnytsa etrabynyň köçeleriniň birinde raketanyň galyndylary tapyldy” diýip, Kliçko Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Russiýanyň güýçleri maýyň başyndan bäri Ukrainanyň şäherlerine, hususan-da Kiýewe garşy hüjümleriniň gerimini ýaňbaňladyp başlady.

Geçen aýdan bäri Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň paýtagtyny 19 gezek nyşana aldylar.

Kiýewiň harby resmileri 1-nji iýunda paýtagta atylan raketalaryň gaçan bölekleri netijesinde üç adamyň, şol sanda bir çaganyň heläk bolandygyny aýtdylar. Hüjümde 11 adama hem şikes ýetdi.

Merhumlaryň ikisi howa hüjümi barada serenalar ýaňlanandan soňra, gaçybatalganyň gapylarynyň ýapylmagy netijesinde, oňa girip ýetişmändigi sebäpli, gaçan raketalaryň galyndylary sebäpli öldi. Bu ýagdaý köp ýaşaýjyda nägilelik döretdi.

2-nji iýunda Kliçko paýtagtyň häkimiýetleriniň gaçybatalgalaryň elmydama elýeterliligini gazanmak üçin, dessine hökmany barlaglary ýola goýjakdygyny aýtdy.

“Duşman indi paýtagta ganatly raketalar bilen hüjüm edýär. Bu sebäpli duýduryş signallary minutlaryň dowamynda ýaňlanyp bilýär. Bu ýagdaýlarda gaçybatalga tiz wagtyň içinde aşmak mümkin bolman biler. Şonuň üçin öýde iki diwar düzgünini berjaý ediň” diýip, hem Kliçko sözüne goşdy.

Bu aralykda, Russiýanyň regional häkimiýetleri Ukrainanyň güýçleriniň ýurduň günbataryndaky Brýansk regionynyň iki obasyna garşy zarba urlandygyny aýtdylar.

Sebitiň häkimi Aleksandr Bogomaz hüjümlerde hiç kime şikes ýetmändigi barada özüniň Telegram hasabynda ýazgy galdyrdy.

Ukraina bilen serhetleşýän Russiýanyň ýene bir regiony – Kurskyň häkimi sebitiň howa hüjüminden goranyş ulgamynyň Ukrainanyň “ençeme” dronuny urup düşürendigini aýtdy. Ol hüjümde çekilen ýitgiler barada maglumat bermedi.

Ukraina bilen serhetdeş Belgorod regionynyň häkimi Wýaçeslaw Gladkow bolsa, sebite atylan zarbalaryň netijesinde iki aýalyň heläk bolandygyny aýtdy.

Bu maglumatlaryň hiç birini garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken NATO-nyň täze agzasy Finlýandiýa eden saparynyň dowamynda Russiýanyň Ukraina hüjüm etmeginiň Moskwa üçin “strategiki ýalňyşlyk” bolandygyny aýtdy.

Blinken ABŞ-nyň Ukraina we beýleki ýaranlar bilen urşy bes etmek boýunça “adalatly we uzak wagtlyk ylalaşygyň” esaslarynyň töwereginde umumy garaýyşy gazanmak ugrunda tagalla edýändigini hem mälim etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG