Ukrain dronlary şäherde geçirilýän uly ykdysady forumdan öň we Moskwa Ukraina eden weýrançylykly howa hüjümlerinde 23 adamy öldüreninden bir gün soň Sankt-Peterburgdaky energiýa we harby desgalara hüjüm etdi.
“Öten agşam Orsýetiň territoriýasyndaky möhüm desgalara zarba uruldy” diýip, prezident Wladimir Zelenski 3-nji iýunda aýtdy we Ukrainanyň Orsýete garşy “uzak möhletli sanksiýalarynyň” döwlet serhedinden takmynan 1100 kilometr uzaklykda ýerleşýän sebite ýetendigini belledi.
Zelenski Kiýewiň soňky hüjüminiň Sankt-Peterburgdaky nebit ammaryny, "rus nebit senagatynyň uruş tagallalaryna hyzmat edýän desgasyny", Kronştadt deňiz bazasyny we Orsýetiň Tambow sebitinde ýerleşýän harby desgansyy nyşana alandygyny aýtdy.
Mundan başga, Ukrainanyň Adamsyz ulgam güýçleriniň serkerdesi Robert Browdini aýtmagyna görä, Kronştadtdaky rus raketa korwetine, birnäçe aý mundan ozal meýilleşdirilen abatlaýyş işleri üçin baza getirilen harby gämä dron hüjümleriniň zyýan ýetirendigini aýtdy. Azatlyk Radiosy bu habary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Bu hüjüm Ukrainanyň Orsýetiň içindäki energiýa we harby nyşanalara edýän hüjümlerini güýçlendirip, Moskwanyň ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýran bilen urşy netijesinde ýokarlanan nebit bahalaryndan peýda görmek mümkinçiligine päsgel berýän wagtynda edildi.
Orsýetiň ýerli häkimiýetleri ukrain dronlarynyň ýurdy nyşana alandygyny tassykladylar we onlarça dronyň rus güýçleri tarapyndan urlup gaçyrylandygyny aýtdylar, raýat infrastrukturasyna zyýan ýetirilendigini habar berdiler, emma energiýa we harby desgalara edilen hüjümler barada aýtmakdan saklandylar.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu hüjüm baradaky soraga soraga jogap berip, şeýle hereketlere "jogaplaryň" eýýäm Orsýetiň harby güýçleriniň ulgamlaýyn işiniň bir bölegi bolandygyny aýtdy.
Zelenski bu dronlaryň desgalary nyşana alýandygyny, alawlap ýanýan ýangyny we 2026-njy ýylda, garaşylmadyk ýagdaýda ukrain hüjümleriniň ýygy-ýygydan nyşanasyna öwrülen möhüm we uzak ýer bolan Leningrad oblastynyň asmanyna galan tüsse sütünlerini görkezýän wideolary çap etdi.
Şeýle wideolar ukrain we rus telegram kanallarynda hem giňden paýlaşyldy.
Sankt-Peterburgyň Ykdysady forumy öz işine başlaýar
Ukrainanyň Sankt-Peterburga eden soňky hüjümi Orsýetiň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin niýetlenen esasy ykdysady wakasyna - 29-njy Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň başlanýan wagtyna gabat geldi.
Russiýanyň ikinji uly şäheri we prezident Wladimir Putiniň dogduk mekany, dron hüjümleri bilen oýanyp, ýurduň Ukraina garşy başlan giň gerimli çozuşyny dowam etdirýän döwründe, bu tutumda gurnaýan bäşinji forumyny geçirýär.
Foruma her ýyl Putin hem gatnaşýar we, myhmanlar sanawynyň köp bölegini postsowet ýurtlarynyň liderleriniň düzmegi bilen, ol onuň uzak wagt bäri ulanýan iň meşhur platformalarynyň biri bolup hyzmat edýär.
Peskow 3-nji iýunda Putiniň şu ýylky çärede hem çykyş etjekdigini tassyklady we, rus prezidentiniň ykdysady, syýasy meselelere hem ýüzlenjekdigini belledi.
29-njy foruma ABŞ resmisiniň we halkara media wekilleriniň hem gatnaşmagyna garamazdan, Kiýew tarapyndan edilip biljek hüjümleriň oňa wehim kölegesini salmagy mümkin.
Ukrain hüjümleriniň ýygjamlaşmagy netijesinde, rus häkimiýetleri 9-njy maýda Moskwada geçiriljek çäreleriň meýilnamalaryny kiçeltmäge we tas 20 ýyldan soň, ilkinji gezek ýurduň harby paradyna gatnaşýan agyr ýaraglary bu çäreden aýyrmaga mejbur boldy.
Indi, "Astra" neşiriniň maglumatyna görä, ukrain güýçleri şu ýyldaky ykdysady forumyň geçirilýän ýerinden bary-ýogy 17 kilometr uzaklykda ýerleşýän nyşana, Sankt-Peterburgdaky nebit ammaryna zarba urdular.
Bu ýyl geçirilýän çärä gamgyn kölege salan ýene bir ýagdaý bolsa, Orsýetiň içindäki umumy ykdysady tendensiýalar bilen bagly. Sebäbi, ýurduň has köp ukrain territoriýasyny basyp almak üçin edýän tagallalaryny dowam etdirmegine garamazdan, bu ugurdaky ilerleme alamatlary az bolmagynda galýar.
Soňky ýyllarda Kreml ýurt ykdysadyýetini esasan urşa, harby ýagdaýa esaslanýan ykdysadyýete öwürdi, esgerleri harby gulluga almaga we olara aýlyk tölemäge rekord möçberlerinde pul harçlady, şeýle-de ýaraglary, tanklary, uçarlary we dronlary öndürmek we olary söweş meýdanyna ibermek üçin ýörite zawodlary we ulag ulgamlaryny gurdy.
Sankt-Peterburga edilen hüjüm Orsýetiň 2-nji iýunda ukrain şäherlerine uly raketa we dron hüjümlerini edip, onlarça adamyň ölümine we ýaralanmagyna sebäp bolan gününiň yz ýanyna gabat geldi.
Ukrainanyň döwlet demir ýol kompaniýasy "Ukrzaliznytsia" şu aralykda, 3-nji iýunda NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutteniň Kiýewe yglan edilmedik sapara gelendigini yglan etdi.
"Bu sapar, mundane öňki saparlaryň ählisi ýaly, örän möhüm, sebäbi bu biziň ýurdumyz üçin Bileleşik tarapyndan görkezilýän raýdaşlygyň we goldawyň alamaty" diýip, "Ukrzaliznytsia" sosial mediada ýazdy.
Forum