Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa biri-biriniň energiýa desgalaryny nyşana alýar


Tok öçürilip, garaňkylyga gaplanan Kiýew
Tok öçürilip, garaňkylyga gaplanan Kiýew

Russiýa öten agşam Ukraina raketalar we pilotsyz uçarlar bilen hüjüm etdi, energiýa infrastrukturasyna zyýan ýetirip, elektrik togunyň has köp kesilmegine sebäp boldy. Aýdylmagyna görä, ukrain pilotsyz uçarlary Russiýanyň has törüne zarba urup, iki sebitde nebit desgalarynyň ot almagyna sebäp boldy.

Ukrainanyň milli elektrik kompaniýasy Ukrenerho 20-nji iýunda irden Russiýanyň soňky pilotsyz uçar we raketa hüjümleri tolkunynda dört sebitiň nyşana alnandygyny aýtdy.

"Winnitsýa, Dnipropetrowsk, Donetsk we Kiýew sebitlerindäki energiýa desgalarynda enjamlara zeper ýetdi" diýip, Ukrenerho telegramda paýlaşan habarynda aýtdy.

Ukrainanyň iň uly hususy energiýa kompaniýasy DTEK-iň maglumatyna görä, rus zarbalary termiki elektrik stansiýasyna "uly zyýan" ýetirdi.

"Bu soňky üç aýyň içinde kompaniýanyň ýylylyk elektrik stansiýasyna edilen ýedinji köpçülikleýin hüjüm bolup durýar" diýip, DTEK desganyň ýerleşýän ýerini aýtman, telegramda paýlaşan habarynda aýtdy. Hususy kompaniýa bu hüjümde üç işçiniň ýaralanandygyny hem habar berdi.

Russiýanyň iň soňky zarbalar tolkuny içerki sarp edijiler üçin meýilleşdirilen tok kesilmeleriniň sanyny artdyrdy diýip, Ukrenerho aýtdy, ýöne möhüm infrastruktura desgalaryna berilýän elektrik togunyň çäklendirilmejekdigini nygtady.

Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa Ukraina dokuz raketa we 27 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi. Ukrainanyň howa goragçylary soňky uçurylan pilotsyz uçarlaryň ählisini, raketalaryň bolsa bäş sanysyny urup gaçyrdylar diýip, harbylar aýtdy.

Russiýa Ukrainanyň möhüm energiýa infrastrukturasyny dyngysyz nyşana alyp, ägirt uly zyýana, parahat ilata berilýän elektrik togunyň çäklendirilip, çyralaryň ýygy-ýygydan öçürilmegine sebäp bolýar.

Öz gezeginde, ukrain pilotsyz uçarlary hem Russiýanyň has içine, törlerine zarba urup, Moskwanyň harby tagallalary üçin örän zerur bolan energiýa desgalaryna, hususan-da nebit desgalaryna zyýan ýetirdi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugyna degişli pilotsyz uçarlar 20-nji iýunda Russiýanyň Tambow sebitinde, Moskwanyň 400 km günorta-gündogarynda ýerleşýän ýangyç we çalgy ýag ammaryna, LUKoilyň Demirgazyk Kawkazyň Adygeý sebitinde ýerleşýän nebit ammaryna hüjüm edip, ýangyna sebäp boldy diýip, Ukrainanyň howpsuzlyk edarasyndaky çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Russiýanyň howpsuzlyk gulluklary bilen baglanyşykly neşir, “Baza” kanaly Tambowdaky Platonow nebit ammarynda turan ýangyny tassyk etdi.

Russiýanyň Krasnodar sebitiniň häkimi Weniamin Kondratýew Ukrainanyň eden dron hüjümi netijesinde bir hususy jaýyň doly ýumrulandygyny, Kuban boýundaky Slawýansk şäheriniň bir ýaşaýjysynyň ölendigini aýtdy.

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna pilotsyz uçarlaryň uruş başlanaly bäri Russiýanyň dürli sebitlerindäki nebit desgalaryna takmynan üç gezek üstünlikli hüjüm edendigini aýtdy.

Bu aýdylýanlaryň hiç biri garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Forum

XS
SM
MD
LG