Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň atan 10 dronuny urdy


Russiýanyň Ukraina garşy atýan Şahed kysymly drony (arhiw suraty)
Russiýanyň Ukraina garşy atýan Şahed kysymly drony (arhiw suraty)

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamy Russiýanyň öten agşamyň dowamynda atan Eýranda öndürilen dronlaryň 17-nden 10-ny atyp urdy. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleri 5-nji dekabrda Telegram kanalynda maglumat ýerleşdirdiler.

“Ukrainanyň territoriýasyna Şahed kysymly 15 dron we S-300 kysymly alty sany dolandyrylýan raketa atyldy” diýip maglumatda aýdylýar, şeýle-de 10 dronuň dürli regionlaryň üstünde urlandygy bellenilýär.

Maglumatda hüjümiň netijesinde adam ýitgileriniň we weýrançylygyň bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG