Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň atan dronlarynyň ählisini urdy


Russiýanyň Zaporižýa regionynyň Orihiw şäherine uran zarbalarynyň netijeleri. 20-nji maý
Russiýanyň Zaporižýa regionynyň Orihiw şäherine uran zarbalarynyň netijeleri. 20-nji maý

22-nji maýda irden Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri Russiýanyň atan 24 dronunyň ählisini urup düşürdiler. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleri beýanat arkaly mälim etdiler.

“Dronlar Mykolaýiw, Dnipropetrowsk, Zaporižýa, Donetsk, Sumy we Odesa regionlarynyň üstünde uruldy” diýip, Harby howa güýçleriniň serkerdeligi habar berdi.

Bu aralykda, Sumy şäheriniň geňeşi urlan dronlaryň galyndylarynyň gaçmagy netijesinde tok liniýalaryna we suw geçirijilere zeper ýetendigini, we şäheriň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörändigini aýtdy.

Maglumatda dörän näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi hem bellenilýär.

XS
SM
MD
LG