Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň bäş dronuny urdy – harbylar


Russiýanyň Ukraina urýan zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Ukraina urýan zarbalarynyň netijeleri

18-nji dekabrda irden Russiýa Ukrainanyň dört regionyna garşy bäş drony atdy. Hüjüm Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary tarapyndan yza tesdirildi diýip, Harby howa güýçleri mälim etdiler.

“Dronlaryň bäşisi hem Mykolaýiw, Dnipropetrowsk, Winnytsiýa we Hmelnytsky regionlarynyň üstünde howa hüjüminden goranyş mobil toparlary tarapyndan ýok edildi” diýip, Harby howa güýçleriniň beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtda, urlan dronlaryň gaçan galyndylary netijesinde adam ýitgileriniň we zyýanyň bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG