Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň Dnieper bendini partladandygyny aýdýar; Zelenski ony 'terror hüjümi' atlandyrýar


Nowa Kakhoowka bendi
Nowa Kakhoowka bendi

Ukraina Russiýany günortada, Moskwanyň basyp alan sebitindäki Dnieper derýasynda Sowet döwründe gurlan ullakan bendi partlatmakda aýyplady, prezident Wolodymyr Zelenski sebitiň millionlarça litr suwyny başyna goýberen hüjümi "terrorçylyk" diýip atlandyrdy.

Häkimiýetler 6-njy iýunda, irden bolan hüjümden soň, Herson sebitinde uly suw basma howpy abanýan ýerleriň on müňlerçe ýaşaýjysynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdylar. Käbir ýerlerde suwuň derejesi birnäçe sagat içinde 10-12 metre çenli ýokary galdy diýip, häkimiýetler aýtdy.

Russiýa bu hüjümi amala aşyrandygyny inkär etdi we Kreml onuň Kiýew tarapyndan "bilkastdan edilen zyýankeşlik” bolandygyny aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski onlarça müň adamy suw basmak howpy bolan sebitlerden ewakuasiýa etmegi buýrup, emele gelen ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurduň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşini gyssagly ýygnaga çagyrdy.

Ukrainanyň ýadro energiýasy gullugy Täze Kahowka bendiniň weýran edilmeginiň bu howdanda ýygnanan suwy sowadyş prosesi üçin ulanýan Zaporižýa ýadro desgasynyň howpsuzlygyna wehim salyp biljekdigini duýdurdy.

Zelenski twitterde böwsülen bendi we emele gelen uly gädikden şaglap akýan suwy görkezýän wideony paýlaşyp, "Rus terroristleri" diýip ýazdy.

"[Nowa] Kahowka gidroelektrik bendiniň weýran bolmagy olaryň diňe ukrain topragynyň her bir künjeginden kowulmalydygyny bütin dünýä tassyk edýär. Olara ýekeje metr hem galdyrylmaly däl, sebäbi olar her metr ýeri terror üçin ulanýarlar... Terrorçylar Ukrainany suw, raketalar ýa-da başga bir zat bilen saklap bilmezler" diýip, Zelenski ähli hyzmatlaryň işleýändigini hem sözüne goşdy.

"Men Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşini ýygnaga çagyrdym. Diňe resmi we tassyklanan maglumatlary ýaýratmagyňyzy haýyş edýäris" diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitiniň häkimi Oleksandr Prokudin suw basmak howpy abanýan sebitleriň adamlarynyň ewakuasiýa edilýändigini habar berdi.

"Suwuň derejesi bäş sagadyň dowamynda aýgytly bir derejä ýeter. Howply ýerlerden ewakuasiýa etmek işi başlandy. Çep kenardaky ýaşaýjylara [Dnieper] ýüzlenýärin: özüňizi goramak we janyňyzy halas etmek üçin elden gelenini ediň - derrew howply ýerlerden çykyň" diýip, Prokudin telegramda ýazdy.

Ukrainanyň Günorta goranmak güýçleriniň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk biraz öň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna interwýu berip, rus güýçleriniň Täze Kahowka bendini partladandygyny, Herson şäherine ýakyn bendiň weýran edilendigi baradaky wideolaryň sosial ulgamlarda şondan soň peýda bolandygyny aýtdy.

"Men partlamany tassyklap bilerin" diýip, Humenýuk Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Häzirki wagtda weýrançylygyň gerimi, suwuň tizligi we mukdary, suw basmagy ähtimal bolan ýerler aýdyňlaşdyrylýar. Hyzmatlaryň ählisi işleýär. Ýagdaýa gözegçilik edilýär. Gidroelektrik stansiýasy basyp alyjylar tarapyndan partladyldy" diýip, Humenýuk aýtdy.

Şeýle-de, Humenýuk Russiýanyň bu bendi rus goşunlaryny basyp alan sebitlerinden kowup çykarmak üçin garşylykly hüjüme taýýarlyk görýän ukrain goşunlarynyň Dnieperden geçmegine päsgel bermek maksady bilen partladandygyny öňe sürýär.

"Olar (Ukrainanyň) goranmak güýçleriniň herekete geçjekdigini bilýärdiler we şeýlelikde, Dnipro geçelgesiniň bolmazlygy üçin, goranmak güýçlerine täsir etmäge synanyşdylar" diýip, ol onlaýn brifingde aýtdy we muny "histeriki reaksiýa" diýip atlandyrdy.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel bu habara reaksiýa bildirip, Russiýanyň raýat infrastrukturasyny weýran etmeginiň görnetin “uruş jenaýaty” jogapkärçiligi hökmünde kesgitlenilmelidigini aýtdy.

"Täze Kahowka bendine edilen görlüp-eşidilmedik hüjüme haýran galdym. Raýat infrastrukturasynyň weýran edilmegi uruş jenaýaty hökmünde kesgitlenýär we biz Russiýany we onuň wekillerini jogapkärçilige çekeris" diýip, Mişel aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler ministri Jeýms Klewerli hem bendiň weýran bolmagynda Moskwany günäkärledi. Ol bu meselede entek jikme-jik netije çykarmak ir bolsa-da, munuň ýeke-täk sebäbiniň Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşy bilen baglydygyny nygtady.

Ukrainanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Andriý Ýermak telegramda paýlaşan habarynda Russiýany "ekosidde" günäkärledi.

"Rus terrorçylary tarapyndan ýene bir uruş jenaýaty. Prezident Milli Howpsuzlyk Geňeşini çagyrýar. Bu ekosid" diýip, Ýermak ýazdy.

Herson sebitiniň Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerleriniň resmileri bu aýyplamany ret etdiler we ýetirilen zyýana çekeleşikli sebite urlan ukrain zarbalarynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Nowa Kahowkanyň Moskwa tarapyndan bellenen häkimi Wladimir Leontýew ukrain bendine urlan zarbalaryň onuň klapanlaryny weýran edendigini we “Kahowka suw howdanyndaky suwuň aşaklygyna gözegçiliksiz akyp başlandygyny” öňe sürdi.

Ukrainanyň Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň operatory “Enerhoatom” bendiň bozulmagynyň ýadro desgasy üçin töwekgelçilik döredip biljekdigini, ýöne ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýtdy.

BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy, HAEA hem ýagdaýa gözegçilik edýändigini aýtdy.

"HAEA Ukrainanyň Kahowka bendine ýeten zeper baradaky habarlardan habarly; Zaporižýa atom elektrik stansiýasynyň HAEA hünärmenleri bu ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýärler; desga ýadro howpsuzlygy howpy abanmaýar" diýip, HAEA twitterde ýazdy.

1956-njy ýylda gurlan bendiň beýikligi 30 metr, uzynlygy 3,3 kilometre barabar. Onuň esasy maksatlary elektrik öndürmek, suwaryş we nawigasiýa bolup durýar.

2019-njy ýylda döwrebaplaşdyrylan bent Moskwanyň basyp alan Krym ýarym adasyna hem suw berýär.

Forum

XS
SM
MD
LG