Soňky habar

Ukraina, Russiýanyň dowam edýän hüjümleriniň fonunda, ýaranlary bilen möhüm duşuşyklara taýýarlanýar

16-njy noýabrda Russiýanyň Ukrainanyň Dnipro şäherine eden zarbasynda azyndan bir adam öldi we başga-da üç adam ýaralandy.
16-njy noýabrda Russiýanyň Ukrainanyň Dnipro şäherine eden zarbasynda azyndan bir adam öldi we başga-da üç adam ýaralandy.

Parahatçylyk prosesi kynçylyk bilen ilerleýän we howa hüjümleri dowam edýän mahaly, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň hökümeti şu hepde iki sany möhüm duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar.

Olaryň biri "Ramşteýn topary" diýlip atlandyrylýan toparyň duşuşygy we beýlekisi "Islegliler koalisiýasynyň" mejlisidir. Bu iki duşuşyk hem Russiýanyň urşy bes etmek üçin eglişige meýilli görünmeýän mahalyna gabat gelýär.

“Ramşteýn duşuşygy bolar we ol netije bermeli” diýip, Zelenskiý 15-nji noýabrda eden gijeki wideo çykyşynda 17-nji noýabrda Brýusselde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ukrainanyň Goranmak meseleleri boýunça Aragatnaşyk toparynyň duşuşygyna salgylanyp aýtdy.

"Bu güýçli bir signal bolar, ýagny Ukrainanyň goldawsyz galmajakdygy barada Russiýa gönükdirilen bir signal bolar" diýip, Zelenskiý sözüniň üstüne goşdy.

Resmi däl ýagdaýda "Ramşteýn topary" diýlip atlandyrylýan bu tagalla Günbatar ýaranlarynyň arasynda Ukraina harby goldawy utgaşdyrýar. Öňümizdäki duşuşyga Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň goranmak ministrleri ýolbaşçylyk eder.

Ukrainanyň lideri Kiýewiň ileri tutýan ugurlarynyň ýurduň howa goranyşyny güýçlendirmekden, şol sanda goşmaça “Patriot” raketa ulgamlaryny we Milli ösen guryýerden-howagiňişligine raketa ulgamlaryny (NASAMS) edinmekden ybaratdygyny aýtdy.

"Rus ballistik raketalarynyň howpy örän çynlakaý bolmagynda galýar we biziň elimizde täze zarbalara taýýarlyk görülýändigini görkezýän aňtaw maglumatlar bar" diýip, Zelenskiý aýtdy.

Ukraina öz şäherlerini köne modellerden tas iki esse tiz uçup bilýän Russiýanyň reaktiw hereketlendirijili dronlaryndan goramakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar we Günbataryň has ösen goranyş ýaraglarynyň has çalt iberilmegini gazanmaga çalyşýar.

Koalisiýa duşuşygy "taryhy bolup biler"

Zelenskiý Ukrainanyň "Islegliler koalisiýasynyň" Berlinde geçiriljek duşuşygyna hem taýýarlanýandygyny aýtdy we muny "taryhy bolup biljek möhüm ýygnak" diýip atlandyrdy.

Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Britaniýanyň premýer-ministri Andy Burnham koalisiýanyň ýygnanyşygyna ýolbaşçylyk ederler. Bu topar 2025-nji ýylyň başynda Kiýewe kömek bermäge we mümkin bolsa, ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyk gazanylan halatynda köp milletli parahatçylyk güýjüne gatnaşmaga wada beren ýurtlar tarapyndan döredilen resmi däl topardyr.

Merz bu duşuşyga 20-den gowrak döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

"Biziň maksadymyz iki zada ýetmek: birinjiden, Ukrainanyň 2027-nji ýyl üçin goranyş ulgamyny maliýeleşdirmegi üpjün etmek we ikinjiden, geljekki parahatçylyk gepleşikleri boýunça bitewi pozisiýa ýetmek" diýip, ol belledi.

"Gepleşikler üçin hakykatdanam güýçli we bitewi Ýewropa pozisiýasyny döretmek mümkinçiligimiz bar" diýip, Zelenskiý duşuşyk barada aýtdy.

"Şeýle hem, Ukrainany goldaýan, bar bolan koalisiýalaryň haýsylarynyň öz wezipesini hakykatdanam ýerine ýetirýändigini we haýsylarynyň bolsa, açyk aýdylanda, boş gabyk bolup galýandygyny gözden geçirmäge taýýarlyk görýäris. Biz olary hakyky mazmun bilen doldurmagyň üstünde işläris" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

9-njy noýabrda koalisiýa Ukrainada mümkin bolan uruşdan soňky döwre goldaw bermäge gönükdirilen ilkinji harby türgenleşigini geçirip başlady.

Türgenleşiklere 11 ýurtdan 3000 töweregi esger gatnaşýar we bu, urşy bes etmek barada ylalaşyk gazanylandan soň parahatçylygy saklamagyň ýollaryny synagdan geçirmäge gönükdirilendir.

Fransiýanyň we Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky türgenleşikler Polşada, Rumyniýanyň howa giňişliginde we Gara deňziň günbatarynda geçirilýär we 22-nji noýabra çenli dowam edýär.

Moskwa türgenleşigi berk tankytlady we topary Russiýa bilen urşa taýýarlanmakda aýyplady.

Russiýa we Ukraina hüjümleri dowam etdirýärler

Mundan birnäçe gün ozal ABŞ-nyň araçylygynda geçirilen diplomatik çärelerinde parahatçylyk tagallalarynda öňegidişlik gazanylyp bilmänsoň, Russiýa bilen Ukraina howa hüjümlerini dowam etdirdiler.

16-njy noýabrda Dnipro edilen rus hüjüminde azyndan bir adam öldi we başga-da üç adam ýaralandy. Aýrybaşga bir hüjümde bolsa, Ukrainanyň günbatar-merkezi Winnitsýa sebitindäki möhüm senagat desgasyna zarba uruldy.

16-njy noýabrda Ukrainanyň resmileri Zaporožžiýa sebitinde Russiýanyň pilotsyz uçarynyň hüjüminde 64 ýaşly bir aýalyň ölendigini we başga iki adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. Şeýle-de, Çernihiwe edilen rus hüjüminde iki adam öldi diýip, ukrain resmileri aýtdylar.

Russiýanyň pilotsyz uçarlary Ukrainanyň merkezinde ýerleşýän Çerkasy sebitindäki energiýa desgalaryna hem hüjüm etdi we bu bolsa, käbir sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine getirdi.

Bu aralykda, Russiýa tarapyndan bellenen Krym häkimiýetleri basylyp alnan ukrain ýarymadasyny Russiýa bilen birleşdirýän Kerç köprüsine 16-njy noýabrda irden hüjüm edilendigini we munuň ulag gatnawynyň çäklendirendigini habar berdiler.

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin 16-njy noýabrda öz Telegram kanalynda paýlaşan maglumatynda 16-njy noýabr gijesinde Moskwa sebitine 600-e golaý dron hüjüminiň amala aşyrylandygyny we olaryň 191 sanysynyň Moskwanyň golaýynda tutulandygyny aýtdy.

Telegram gözegçilik kanallarynyň maglumatlaryna görä, Orsýetiň günortasyndaky Rostow oblastynyň Azow şäherindäki iki nebit ammarynyň golaýyndaky aýrybaşga bir dron hüjümi hem ýangyna sebäp bolupdyr.

Rostow sebitiniň häkimiýetleri dron hüjüminden soň Azowda ýerli adatdan daşary ýagdaý yglan edilendigini aýtdylar. Resmiler şäherdäki dört senagat desgasynda ýangynlaryň bolandygyny hem bellediler, emma goşmaça maglumat bermediler.

Ukrainanyň Baş ştaby hüjümi tassyklap, güýçleriniň Rostow-na-Donuň golaýyndaky nebit ammaryna hüjüm edendigini aýtdy we bu ammary Russiýanyň günorta harby topary üçin möhüm logistika merkezi hökmünde häsiýetlendirdi.


Makala AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň, Reuters, AFP we dpa agentlikleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG