Ukraina 29-njy iýul güni irden Russiýanyň töründäki iki sebite pilotsyz uçar zarbalaryny urup, ýerli energiýa desgalaryna zyýan ýetirdi diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi we sebit resmileri aýtdylar. Bu habar Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna bir gün ozal urlan we ýangyna sebäp bolan hüjümiň yz ýanyna gabat geldi.
Russiýanyň günbatar sebiti bolan Orýolda Glazunowskiý etrabynyň üstünde urlan iki ukrain dronynyň galyndylary gaçyp, elektrik stansiýasyna zyýan ýetirdi diýip, sebit häkimi Andreý Kliçkow telegramda aýtdy.
"Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri howa hüjüminiň netijelerini aradan aýyrýar we hukuk goraýjy edaralar wakanyň bolan ýerinde işleýär" diýip, Kliçkow elektrik stansiýasyna ýeten zyýanyň möçberlerini anyklaşdyrman aýtdy.
Woronežde, sebitiň günortasyndaky Ostrogožskiý etrabynyň Gazoprowod obasynda hem ýokardan gaçan dron galyndylary inženerçilik infrastrukturasyn zyýan ýetirdi diýip, sebit gubernatory Aleksandr Gusew telegramda aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa goragçylarynyň Ukrainanyň 39 sany pilotsyz uçaryny ýok edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Kursk sebitinde 19 sany pilotsyz uçar, Belgorodda 9, Woronežde 3, Brýanskda 5 we Leningrad sebitinde 3 dron urlupdyr.
Russiýanyň aýdýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Bu tapgyr ikinji gün edilen hüjüm bolup, ukrain zarbalary Russiýanyň energiýa desgalaryna zyýan ýetireninden bir gün soň edildi. 28-nji iýulda ukrain goşunynyň pilotsyz uçarlary diýip güman edilýän dronlar Kursk sebitindäki nebit ammaryna zarba urdy we onlaýnda ýerleşdirilen wideo asmana nur saçan ullakan ýangyny görkezdi.
Sebit gubernatory Alekseý Smirnow pilotsyz uçaryň uran zarbasy netijesinde üç sany ýangyç ammarynyň ot alandygyny aýtdy.
Moskwa güýçleri Ukrainanyň energiýa we raýat infrastruktura desgalaryny Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşunyň ilkinji günlerinden bäri yzygiderli nyşana alýar we adam pidalaryna hem-de ummasyz uly möçberdäki zaýaçylyga sebäp bolýar.
Ukraina hem öz gezeginde, Russiýanyň içinde esasan harby güýçler üçin işleýän energiýa infrastrukturasyny, nebiti gaýtadan işleýän desgalary we beýleki enjamlary nyşana almaga başlady.
“Ukrainska Prawda” gazeti 27-nji iýulda ukrain pilotsyz uçarlarynyň şol gün Russiýanyň Rýazan sebitine, ýagny bu ýerdäki nebiti gaýtadan işleýän zawoda zarba urandygyny habar berdi.
Şu aralykda, Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Herson we Nikopol şäherlerine 29-njy iýul güni irden atan toplary 20 adamyň, şol sanda 5 çaganyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit we ýerli resmiler habar berdi.
Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Oleksandr Saýukanyň sözlerine görä, Nikopolda 13 ýaşaýyş jaýyna, gaz geçirijilere, elektrik liniýalaryna we dolandyryş binasyna zyýan ýetdi.
Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary 29-njy iýulda Russiýanyň ugrukdyrylýan raketasyny we ýurt sebitlerine ugradan dokuz pilotsyz uçarynyň ählisini urdy diýip, Ukrainanyň harby-howa güýçleriniň serkerdesi, general Mykola Oleşçuk aýtdy.
Söweş meýdanyndan gelýän habarlara görä, rus goşunlary soňky 24 sagadyň dowamynda gündogar Donetsk sebitindäki dag magdanlary şäherine, Pokrowska we Toretsk şäherine tarap edýän hüjümini ýygjamlatdy diýip, ukrain goşuny habar berdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli resmiler dynuwsyz atylýan top oklarynyň ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilmegine sebäp bolandygyny aýtdylar.
Forum