Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň S-300 raketa toplumyna zarba urdy, Moskwa 'görülmedik dron hüjümine' sezewar boldy


Kursk sebitindäki harby operasiýa gatnaşýan ukrain harbylary
Kursk sebitindäki harby operasiýa gatnaşýan ukrain harbylary

Ukrainanyň harby-deňiz güýçleri 21-nji awgust güni irden Russiýanyň Rostow sebitine, Russiýanyň S-300 zenit toplumyna zarba urdy diýip, Ukrainanyň Baş ştaby habar berdi. Bu habar Russiýanyň paýtagt Moskwanyň ukrain dronlarynyň owalda-ahyrda görlen iň uly hüjümleriniň birine sezewar bolandygyny aýdan wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de, bu habarlar Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Kursk sebitine ukrain goşunlarynyň edýän iki hepdelik hüjümini yzyna serpikdirmek üçin darkaş gurýan wagtyna gabat geldi. Kiýew goşunlary Russiýanyň 1260 inedördül kilometrden gowrak meýdanyna gözegçilik edýänkilerini aýdýarlar we, ukrain ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, bu göçüm ukrain raýatlaryny serhetden aňyrdan atylýan rus toplaryndan goramak maksady bilen, buffer zonasyny döretmek üçin edildi.

Ukrainanyň Baş ştaby Rostow sebitindäki Nowoşahtinsk şäherçesiniň golaýyndaky harby desga, S-300 zenit raketalary toplumyna garşy urlan zarbanyň harby-deňiz güýçleri tarapyndan amala aşyrylandygyny, onuň netijeleriniň şindi hem öwrenilýändigini aýtdy.

"Rus basybalyjylary Ukrainanyň parahat şäherlerine hüjüm etmek, ýaşaýyş jaýlaryny ýumurmak we asuda ilaty gorkuzmak üçin S-300 raketalaryny hem ulanýarlar" diýip, Baş ştab aýtdy.

Rostowyň sebit häkimi Wasiliý Golubew bolsa, anyk detallary bermän, sebitde bir ukrain raketasynyň urlandygyny aýtdy.

Şu aralykda, Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin telegramda ukrain pilotsyz uçarlarynyň rus paýtagtyna eden şunuň ýaly iň uly hüjümleriniň birinde paýtagty nyşana alandygyny aýtdy we howa goragçylarynyň 10 drony urup gaçyrandygyny hem sözüne goşdy.

"Bu owal-ahyrda Moskwa pilotsyz uçarlar bilen hüjüm etmegiň iň uly synanyşyklaryň biri boldy" diýip, Sobýanin ýazdy. Ol ejir çekenler ýa çekilen maddy zyýan barada maglumat almandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa goragy ulgamlarynyň 45 sany ukrain pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

"Moskwa sebitinde 11, Braýansk sebitinde 23, Belgorod sebitinde 6, Kaluga sebitinde 3 we Kursk sebitinde 2 dron ýok edildi" diýip, beýanatda aýdylýar.

Şu aralykda, rus uruş blogçylarynyň aýtmaklaryna görä, Kurskdaky front liniýalaryndaky agyr söweşler dowam edýär, Russiýa bu ýerde Seým derýasynyň üstünden geçýän üç köpriniň weýran bolandygyny boýun aldy. Bu ýagdaý Moskwa güýçlerini möhüm üpjünçilik liniýalaryndan kesdi.

Uruşlary öwrenýän amerikan instituty ukrain güýçleriniň Kurskdaky front liniýalarynyň ählisi boýunça ilerlemegini dowam etdirendigini, ruslaryň Seým derýasynyň zaýalanan köprülerine derek getiren ponton köprülerine we ponton inženerçilik enjamlaryna zarba urandygyny aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiiň baýry geňeşçileriniň biri Mihaýlo Podolýak "Häzirki wagta" beren interwýusynda Kiýewiň maksadynyň toprak, territorial gazanç däldigini we örän anyk matlabynyň bardygyny, ýerli ilatyň Russiýanyň serhediň beýle ýüzünden ýagdyrýan top oklaryndan we zarbalaryndan howpsuzlygyny üpjün etmelidigini aýtdy. Ol Ukrainanyň bu harby operasiýany halkara kanunçylygyna laýyklykda, parahat ilaty goramak bilen geçirýändigini hem sözüne goşdy.

Şu aralykda, Russiýa 20-nji awgustda Donetskdäki möhüm logistika merkezini, Nyu-Ýorky basyp alandygyny aýdyp, Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitindäki ilerlemesini dowam etdirdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda ruslaryň atan toplary netijesinde parahat ilatdan bäş adam ölüp, 31 adam ýaralandy diýip, sebit resmileri habar berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG