Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň sekiz regiona atan 38 dronuny urdy – harbylar

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

6-njy martda irden Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklary Russiýanyň ýurduň sekiz regionyna garşy atan 42 dronunyň 38-sini urup düşürdi. Bu barada harbylar mälim etdi.

“Söweş hereketleriniň netijesinde Dnipropetrowsk, Odesa, Herson, Hmelnytskiý, Çerkasy, Harkiw, Winnytsya we Sumy regionlarynyň üstünde Şahed kysymly 38 dron uruldy” diýip, harbylaryň beýanatynda aýdylýar. Maglumatda hüjümiň netijesinde ýüze çykan mümkin heläkçilikler we weýrançylyk barada günüň dowamynda habar beriljekdigi nygtalýar.

Harbylar Russiýanyň güýçleriniň okupirlenen Donetsk regionyndan Ukrainanyň nyşanalaryna garşy S-300 kysymly bäş sany ýer-howa raketany atandygyny aýtdylar, emma takyklaşdyryjy maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG