Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Sewastopol zarbasynda Russiýanyň deňizçi serkerdesini we 33 ofiserini öldürendigini öňe sürýär


22-nji sentýabr hüjümi golaýda duranlaryň düşüren wideolarynda we hemra suratlarynda şekillendirilip, ile ýaýrady.
22-nji sentýabr hüjümi golaýda duranlaryň düşüren wideolarynda we hemra suratlarynda şekillendirilip, ile ýaýrady.

Ukrain harbylary geçen hepde Russiýanyň Gara deňiz flotunyň baş edarasyna edilen raketa hüjüminde otuzdan gowrak deňizçi ofiseri we olaryň ýokary derejeli serkerdesini öldürendigini öňe sürdi.

Bu aýdylýanlar bada-bat tassyk bolmady we Russiýa 22-nji sentýabrda Krymyň Sewastopol portuna edilen hüjümde ölenleriň sanyny has pes edip görkezdi.

Ýöne harby-deňiz güýçleriniň baş edarasyna urlan zarbanyň özi ukrain güýçleriniň rus gämilerine we Gara deňiz desgalaryna barha köpelýän dyzmaç hüjümleriniň soňkusy bolup, Günbatar hünärmenleriniň pikiriçe, bu hüjümler Russiýanyň sebitdäki harby-deňiz operasiýalaryny düýpli çäklendirip biler.

Ukrainanyň ýörite operasiýalar güýçleriniň 25-nji sentýabrdaky täze maglumatlara salgylanyp çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, “duşmanyň ýörite operasiýa netijesinde çeken ýitgileri baradaky täze maglumatlar” Sewastopol binasyna gelip uran ganatly raketalaryň 34 ofiseri, şol sanda flot serkerdesini öldürendigini, azyndan 105 adamy ýaralandygyny çaklamaga esas berýär.

Bu raketalaryň britan ýa-da fransuz raketasy bolan bolmagynyň ähtimaldygy çaklanylýar.

Ukrainanyň çap eden beýanatynda öldürilendigi öňe sürülýän harby-deňiz serkerdesiniň ady agzalmady. Gara deňiz flotunyň häzirki ýokary derejeli ofiseri admiral Wiktor Sokolow bolup durýar.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 26-njy sentýabrda žurnalistleriň Ukrainanyň aýdýanlary barada beren soragyna “düşündiriş ýok” diýip jogap berdi. Soňra döwlet habar gullugy RIA Nowosti tarapyndan ýaýradylan wideoda Russiýanyň ýokary derejeli harby işgärleriniň ýygnagy görkezildi we RIA bu ýygnaga Sokolowyň hem gatnaşandygyny aýtdy.

22-nji sentýabr hüjümi, golaýda duranlaryň düşüren wideolarynda we hemra suratlarynda şekillendirilip, Sewastopolyň esasy deňiz gämi abatlaýyş kärhanasyna dokuz gün ozal urlan raketa zarbasynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gämi desgasynda bejerilýän iki gämi - desant gämisi we dizelde işleýän suwasty gämi, urlan zarba netijesinde ýa doly weýran edildi, ýa-da düýpli zyýan gördi diýlip bilinýär.

Gury ýerdäki gämi desgasyna hem uly zyýan ýeten bolmagy mümkin, bu Russiýanyň deňiz gämilerini saklamak we abatlamak mümkinçiligini çäklendirer.

Bu hüjümde rus harby-deňiz işgärleriniň onlarçasy öldi diýip, ukrain resmileri aýtdylar, emma bu aýdylýanlar tassyklanylmady.

Öz Gara deňiz floty Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan çozuşyndan birnäçe hepde soň gark bolan ýa-da bile-göre batyrylan Ukraina rus gämilerine garşy mundan başga-da düýpli hüjümleri amala aşyrdy.

2022-nji ýylyň aprelinde Gara deňiz flotunyň flagmany ýa-da öňbaşçysy, dolandyrylýan raketa kreýzeri “Moskwa” Krymyň günbataryndaky Odesa portunyň günortasynda urlup, gark boldy. Ukrain resmileri soň bu hüjümde gämä garşy ulanylýan raketalaryň, kämilleşdirilen “Neptunyň” ulanylandygyny aýtdylar.

Bu Russiýanyň harby-deňiz güýçleri üçin uly biabraýçylyk boldy we, hasaplamalara görä, ölen deňizçileriň sany takmynan 24-den ýüzlerçe adama çenli diýlip çaklanylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bir deňizçiniň ölendigini, 27 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini aýtdy, köp bilermen bu sanlary ynandyryjy diýip hasaplamaýar.

Şeýle-de, Ukrainanyň prezidenti 25-nji sentýabrda bu ýurduň ABŞ-da öndürilen “Abrams” tanklarynyň ilkinji tapgyryny alandygyny aýtdy, serkerdeler bu tanklaryň dowam edýän garşylykly hüjümi has güýçlendirmegine umyt baglaýarlar.

“Goranmak ministri [Rustem] Umerowdan gowy habar geldi. “Abrams” eýýäm Ukrainada we biziň brigadalarymyzy berkitmäge taýynlanýar. Bu baradaky ylalaşyklary ýerine ýetirendikleri üçin ýaranlara minnetdarlygymy bildirýärin" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 25-nji sentýabrda telegramda aýtdy.

Tanklaryň gelip gowşandygy baradaky habar garaşsyz ýagdaýda tassyklanmady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ukraina jemi 31 sany söweş tankynyň iberiljekdigini aýtdy.

Waşington, “Abrams” tanklarynyň ulanmagy üçin ok-däriniň hem iberiljekdigini aýtdy.

Russiýa, hususan-da günorta Odesa we Mykolaýw sebitlerinde, Ukrainanyň galla eksport edýän infrastrukturasyny nyşana alyp, ukrain topraklaryna urýan howa zarbalaryny güýçlendirdi.

Russiýanyň iýul aýynda BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan we Kiýewe deňiz arkaly däne satmaga mümkinçilik beren şertnamadan çykandygyna garamazdan, Ukraina galla eksportyny gaýtadan başlady.

Öten agşam Izmaýilde bir port desgasyna urlan howa zarbasy iki adamy ýaralady we infrastruktura zyýan ýetirdi diýip, sebit häkimi 26-njy sentýabrda telegramda aýtdy.

Ukrain goşuny Russiýanyň Eýranda öndürilen dronlaryň 38 sanysyny uçurandygyny, olaryň 26 sanysynyň urlandygyny habar berdi.

Rus raketalarynyň we pilotsyz uçarlarynyň bir gün öň Odesanyň port sebitine eden hüjüminde däne ammarlaryna “uly zyýan ýetdi”.

Ukraina hem, öz gezeginde, diňe bir Sewastopolda däl, eýsem şäheriň demirgazygyndaky Belbek howa meýdançasyna edýän howa hüjümlerini hem güýçlendirdi.

Şeýle-de, Ukraina Russiýanyň içinde ýerleşýän ýerleri nyşana aldy. Belgorod sebitiniň gubernatory ýurduň howa goragynyň 25-nji sentýabrda öz ýolbaşçylyk edýän oblastyna edilen "köpçülikleýin hüjümde" ýedi sany ukrain pilotsyz uçaryny urandygyny aýtdy. Bu hüjümlerde ejir çekenler barada habar berilmedi.

Forum

XS
SM
MD
LG