Prezident Wolodymyr Zelenski 4-nji awgustda köpden bäri garaşylýan F-16 söweş uçarlarynyň ýurda getirilmegini gutlady we olaryň öz ýurdunyň rus goşunlarynyň edýän hüjümlerinden goranmagy üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
"Indi bu hakyky reallyk, biziň asmanymyzdaky reallyk” diýip, Zelenski Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň gününe bagyşlanan dabarada, uçuş zolagynda ukrain nyşanlary bilen belgilenen täze, iň häzirki zaman söweş uçarlarynyň öňünde durup aýtdy.
"Biz öz awiasiýamyzyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, howa goranyşymyzyň, goranmak güýçlerimiziň mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin ýüzlerçe duşuşyk we gepleşik geçirdik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Biz köplenç ‘bu mümkin däl’ diýip berlen jogaplary eşitdik. Emma biz şonda-da öz islegimiziň amala aşmagyny gazanmagy başardyk."
Zelenski Kiýewiň hyzmatdaşlaryna, hususan-da Hollandiýa we Birleşen Ştatlara, Ukrainany F-16 kysymly uçarlar bilen üpjün etmekde beren kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ol edil häzirki pursatda Ukrainada näçe F-16 kysymly uçaryň bardygyny aýtmady, ýöne harby-howa güýçleriniň ol uçarlary “eýýäm öz ýurtlary üçin ulanyp başlandygyny" aýtdy.
"Men öz ilkinji F-16 uçarymyz tarapyndan haýsy wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigini ýa-da eýýäm ýerine ýetirilendigini jikme-jik aýdyp biljek däl.... Şu wagta çenli Ukrainada eýýäm bu uçarlarda uçmak üçin tälim alan bir topar uçarman bar. Ýöne bu ýeterlik däl" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu çäre, howpsuzlyk aladalary sebäpli, aýdylmadyk bir ýerde geçirildi.
Ukrain häkimiýetleri, Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlaly bäri, Günbataryň Kiýewi häzirki zaman F-16 söweş uçarlary bilen üpjün etmegini sorap gelýärler. 2023-nji ýylda birnäçe ýurt, Birleşen Ştatlaryň razylyk bermegi bilen, bu hili uçarlary Kiýewe geçirmäge razy boldy.
"Bloomberg" 31-nji iýulda Ukraina ilkinji F-16 kysymly uçarlaryň getirilendigini, häzirlikçe olaryň sanynyň altydygyny we Kiýewi bu uçarlar bilen Hollandiýanyň üpjün edendigini habar berdi.
Şeýle-de, Zelenski diplomatlara NATO-Ukraina Geňeşiniň duşuşygyny gurnamagy tabşyrdy. Bu duşuşykda Ukraina bilen serhetdeş ýurtlaryň rus raketalaryny urup gaçyrmaga kömek etmekleri üçin koalisiýa gurmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Ýöne ol munuň käbir ýaranlar üçin "kyn" teklip boljakdygyny hem boýun aldy.
Şu aralykda, ukrain häkimiýetleriniň parahat adamlary ruslaryň Donetsk sebitinde agyr topa tutýan ýerlerinden ewakuasiýa etmegi buýurmagy bilen, Russiýa öz güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky Nowoselivka Perşa obasyny ele geçirendigini öňe sürdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Kremliň gündogar sebitde ele geçirendigini aýdan soňky obalarynyň arasynda, Moskwanyň ýene bir "obany azat edendigini" aýtdy. Ol obalaryň käbiri diňe birnäçe köçeden ybarat.
Donetsk Ukrainanyň gündogarynda we günortasynda Russiýanyň 2022-nji ýylda anneksiýa edendigini öňe süren dört sebitiniň biri bolup durýar.
Sebit gubernatory Wadym Filaşkin telegram ýazgysynda rus güýçleriniň "bu jemgyýetleriň şäherlerini we obalaryny her gün howa bombalary bilen ýok etmegi dowam etdirýändigini, şu sebäpden çagalary ene-atalary ýa-da beýleki kanuny hossarlary bilen bilelikde ewakuasiýa etmek kararyna gelendigini" aýtdy.
"Umuman alanyňda, biz 744 çagany we olaryň maşgalalaryny dört jemgyýetden Ukrainanyň has howpsuz sebitlerine göçürmeli" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýa 4-nji awgustda, ir bilen Ukrainanyň birnäçe sebitine raketa we pilotsyz uçar tolkuny bilen hüjüm etdi, ukrain ýaragly güýçleri bäş drony urup gaçyrdy.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Mykola Oleşçuk facebookda Eýranda öndürilen Şahid görnüşli pilotsyz uçarlaryň Herson, Dnipropetrowsk, Kirowohrad we Zaporižýa sebitlerinde urlandygyny ýazdy.
Pilotsyz uçarlar Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa bazasyndan uçuryldy.
Şeýle-de, Russiýa iki sany S-300 raketasyny, howa gämisine garşy ulanylýan we ugrukdyrylýan raketany, iki sany Kh-59 kysymly we ugrukdyrylýan raketany atdy diýip, ukrainalylar aýtdy.
Russiýanyň günbatar Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow bolsa, ukrainleriň Şebekino şäherine eden dron hüjüminde bir garry aýalyň ölendigini aýtdy.
Gladkowyň sözlerine görä, ukrain pilotsyz uçarlary Saltykowo we Petrowka obalaryny hem nyşana aldy we iki sany awtoulaga zyýan ýetirdi.
Azatlyk radiosy Russiýanyň içinden berilýän söweş maglumatlaryny özbaşdak ýagdaýda barlap bilmeýär.
Ukrainada, Hersonyň gubernatory Oleksandr Prokudinniň 4-nji awgustda aýdan sözlerine görä, ruslaryň bir gün ozal atan toplaryndan 15 adam, şol sanda bir çaga ýaralandy.
Saldamly subutnamalara garamazdan, Russiýa Ukraina garşy söweşde parahat ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.
Forum