Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Russiýanyň raketa hüjümleri barada duýduryş yglan edildi

Ýylyň başyndan bäri Russiýa Ukraina garşy birnäçe gezek giň gerimli raketa we dron hüjümlerini amala aşyrdy
Ýylyň başyndan bäri Russiýa Ukraina garşy birnäçe gezek giň gerimli raketa we dron hüjümlerini amala aşyrdy

10-njy ýanwarda irden Ukrainanyň tutuş sebitinde howa hüjümi barada duýduryş yglan edildi. Ukraina resmileri raýatlary Russiýanyň raketa hüjümlerinden goranmak üçin bukulgalarda gizlenmäge çagyrdylar.

“Ukrainanyň territoriýasynda raketalaryň hüjüm howpy yglan edildi. Russiýanyň MiG-31Ks [kysymly harby uçary Nižniý-Nowgorod regionynyň] Sawasleýka howa menzilinden asmana galdy. Duýduryş signallaryny duşdan geçirmäň!” diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleri Telegram kanalynda ýazgy ýerleşdirdi.

Ýylyň başyndan bäri Russiýa Ukraina garşy birnäçe gezek giň gerimli raketa we dron hüjümlerini amala aşyrdy. Zarbalaryň netijesinde asuda ilatdan adamlar heläk boldy, şeýle-de dürli desgalara zeper ýetdi.

XS
SM
MD
LG