Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýaraşygy meýilleşdirmegiň çäklerinde, Türkiýe Gara deňiz howpsuzlygy boýunça gepleşiklere beýemçilik edýär

Rumyniýanyň harby-deňiz gämisi şu aý Gara deňizde geçirilen türgenleşiklere gatnaşýar.
Rumyniýanyň harby-deňiz gämisi şu aý Gara deňizde geçirilen türgenleşiklere gatnaşýar.

Birnäçe ýurduň harby liderleri şu hepde Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň Ankaradaky baş binasynda ümsüm duşuşyp, Gara deňziň Russiýa we Ukraina arasynda ok atyşyk bes edilen halatyndaky howpsuzlyk şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyklardan birnäçe gün ozal, ýewropaly diplomatik çeşmeler Türkiýäniň Ukrainada köpmilletli harby goşun ýerleşdirilmeginiň “deňiz güýçleri boýunça ugurlarynyň jogapkärçiligini öz üstüne almaga” isleg bildirýändigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Muny şeýle etmekde Türkiýede käbir praktiki sebäpler bar.

1936-njy ýylda kabul edilen Montrýo konwensiýasy deňizýaka bolmadyk ýurtlaryň Gara deňizde ýerleşdirip biljek harby-deňiz gämileriniň göwrümini hem-de olaryň deňizde bolmagynyň möhletini berk çäklendirýär. Bu ýagdaý NATO-nyň iň güýçli harby goşunlarynyň birine eýe bolan Türkiýäni tebigy taýdan möhüm oýunçylaryň hataryna goşýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkiýede, meselem, 17 sany orta ölçegde harby gämi bar, Rumyniýada şeýle gämilerden bary-ýogy üç sanysy bar.

“Meniň pikirimçe muny Türkiýe ýewropalylaryň tarapynda bolmazdan çözmek mümkin däl” diýip, Ýewropa syýasat seljermesi merkeziniň analitigi Sam Grin (Sam Greene) soňky brifinginde aýtdy.

Parahatçylyk ýa-da howpsuzlygy kepillendiriş güýçleriniň bir bölegi hökmünde, britan we fransuz gämileriniň hem Gara deňizde nobatçylyk etmegine garaşylýar.

Ýöne ‘isleg koalisiýasynyň’ göz öňünde tutýan guryýer goşunlarynda bolşy ýaly, harby-deňiz missiýalary hem ‘ABŞ goldawyna’ bil baglamaly bolup biler.

Bu nädip tapawutlanýar?

Strategiki we halkara barlaglary merkezine (CSIS) görä, bu, howa we kosmos arkaly alnan aňtaw maglumatlaryndan, yzarlaýyş we aňtaýyş operasiýalaryndan ybarat bolup biler. Ýöne, barlag merkeziniň belleýşi ýaly, Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz gämileri onsuz hem Gara deňizde patrulçylyk edýär, şonuň üçin, ol hem möhüm rol oýnap biler.

Bu babatda, Gara deňiz missiýasy guryýer missiýasyndan örän tapawutly şertlerde ýola goýlup bilner, sebäbi NATO yzygiderli ýagdaýda geçirilýän köp milletli harby türgenleşikler bilen, ol ýerde öňden bäri bolýar.

Aslynda, NATO edil ýaňy-ýakynda ol ýerde 12 ýurduň, şol sanda, Türkiýäniň, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň hem-de Rumyniýanyň gatnaşmagynda deňiz güýçleriniň harby türgenleşidigini geçirdi. Harby goşunlar 12 günüň dowamynda sebitde gibrid, deňiz we howa hüjümlerine garşy söweşjeň türgenleşikleri ýerine ýetirdiler.

Gara deňizde şu aý geçirilen harby türgenleşiklere gatnaşýan dikuçar.
Gara deňizde şu aý geçirilen harby türgenleşiklere gatnaşýan dikuçar.

Harby-deňiz patrullary hem täjirçilik maksatly gämileriň (şol sanda Ukrainanyň möhüm galla eksportlarynyň) erkin hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ýaraşygyň şertleriniň berjaý edilşine esewan edilmegi we minalardan arassalaýyş ýaly köp ugurly missiýalara üns gönükdirerler

Ukrainanyň Harby-deňiz güýçlerinde ätiýaçdaky kapitan bolan Andriý Ryženko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Häzirki zaman” telewideniýesine beren gürrüňinde minalar zerarly, “häzirki wagtda ençeme portlaryň doly petikli galýandygyny” aýtdy.

“Olar Mykolaýiw, Oçakiw, Herson portlary. Beýleki portlar resmi taýdan açyk, ýöne çäklendirmeler bar... minalar tapylyp, ýok edilmeli” diýip, ol aýtdy.

"Ukraina ýeňdi"

Guryýer söweşlerinden tapawutlylykda, Ukraina özüni deňizdäki uruşda ýeňiş gazanýan ýaly, ýa-da bireýýäm ýeňen ýaly duýýar.

Russiýanyň birnäçe deňiz gämisini gark eden bir topar ajaýyp hüjümler Russiýanyň san taýdan güýçli bolan harby-deňiz goşunlaryny basylyp alnan Krymdaky bazarlardan gysyp çykardy we Noworossiýske çekilmäge iterdi.

“Ukraina deňizde ýeňdi we häzirki wagtda doly artykmaçlyga eýedir. Ol duşmany öz kenaryna golaýlatmaýar we raýat nawigasiýasyny üpjün edýär” diýip, Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Oleksiý Neižpapa 8-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy.

“Ýöne duşmanyň göni portlarda ýa-da deňizde raýat desgalaryna, asuda gämilere zarba urup bilýän mümkinçiligi, ýaraglary bar. Şonuň üçin, elbetde, howp saklanýar” diýip, ol aýtdy.

Ukrainadaky urşuň 36 aýy 36 suratda

Bir aýal 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Russiýanyň çozuşynyň ilkinji gününde, Kiýewdäki metro stansitýasynda çagasyny gujaklaýar.
1/36 Bir aýal 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Russiýanyň çozuşynyň ilkinji gününde, Kiýewdäki metro stansitýasynda çagasyny gujaklaýar.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
2002-nji ýylyň 1-nji martynda Kiýewiň etegindäki Buça etrabynda asuda adamlar ýok edilen rus bronetehnikasynyň hataryna seredýärler. Birnäçe günden soň, rus harbylary Buçany basyp aldylar, emma bir aýa ýetmän yza çekildiler. Olaryň gitmeginden soň, <a href="https://www.ohchr.org/en/press-releases/2022/12/un-report-details-summary-executions-civilians-russian-troops-northern" target="_self">Buçada harby jenaýatlaryň subutnamalary toplandy.</a>
2/36 2002-nji ýylyň 1-nji martynda Kiýewiň etegindäki Buça etrabynda asuda adamlar ýok edilen rus bronetehnikasynyň hataryna seredýärler. Birnäçe günden soň, rus harbylary Buçany basyp aldylar, emma bir aýa ýetmän yza çekildiler. Olaryň gitmeginden soň, Buçada harby jenaýatlaryň subutnamalary toplandy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Buça we Irpinden gaçan asuda ilat, 2022-nji ýylyň 11-nji marty.
3/36 Buça we Irpinden gaçan asuda ilat, 2022-nji ýylyň 11-nji marty.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Bir aýal, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Çernigow sebitiniň demirgazygyndaky azat edilen şähere girýän ukrain goşunlaryny garşylaýar.
4/36 Bir aýal, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Çernigow sebitiniň demirgazygyndaky azat edilen şähere girýän ukrain goşunlaryny garşylaýar.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Harby kapellan Aleksandr, 2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitinde ukrain esgerine pata berýär.
5/36 Harby kapellan Aleksandr, 2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitinde ukrain esgerine pata berýär.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Yuriý, ukrain tank mehanigi, 2022-nji ýylyň 11-nji iýuny, Donetsk.
6/36 Yuriý, ukrain tank mehanigi, 2022-nji ýylyň 11-nji iýuny, Donetsk.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Harkowyň etegindqki Salkowkada weýran edilen ýaşaýyş jaýlary. 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabry
7/36 Harkowyň etegindqki Salkowkada weýran edilen ýaşaýyş jaýlary. 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabry
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Harkow oblastynyň Izýum şäherindäki doganlyk mazarlygynda elleri arkasynda bagly bolan ukran esgeriniň jesedi. 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabry.
8/36 Harkow oblastynyň Izýum şäherindäki doganlyk mazarlygynda elleri arkasynda bagly bolan ukran esgeriniň jesedi. 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
&quot;Şahed&quot; kysymly dronuň Kýewe amala aşyran hüjüminden soň, halas ediş gulluklary ýangyny södürýärler. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabry
9/36 "Şahed" kysymly dronuň Kýewe amala aşyran hüjüminden soň, halas ediş gulluklary ýangyny södürýärler. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabry
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
9 ýaşly Sofýa, 2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda, ýurduň gündogaryndaky Lugansk sebitindäki Makeewkadan ýörite howpsuzlyk ýagdaýynda çykarylanda, öz öý jandaryny ellerinde saklaýar.
10/36 9 ýaşly Sofýa, 2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda, ýurduň gündogaryndaky Lugansk sebitindäki Makeewkadan ýörite howpsuzlyk ýagdaýynda çykarylanda, öz öý jandaryny ellerinde saklaýar.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ukrain harbylary Donetsk sebitinde, Günbatar ýaranlary tarapyndan üpjün edilen ok-däriler bilen ot açýarlar. 2022-nji ýylyň 23-nji noýabry
11/36 Ukrain harbylary Donetsk sebitinde, Günbatar ýaranlary tarapyndan üpjün edilen ok-däriler bilen ot açýarlar. 2022-nji ýylyň 23-nji noýabry
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ukrain esgeriniň gana bulaşan gorag keltekçesi. Donetsk sebitindäki Soledar şäheriniň etekleri. 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.
12/36 Ukrain esgeriniň gana bulaşan gorag keltekçesi. Donetsk sebitindäki Soledar şäheriniň etekleri. 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Bakhmut şehriniň merkezi, Donetsk sebiti, 2023-nji ýylyň 25-nji fewraly.
13/36 Bakhmut şehriniň merkezi, Donetsk sebiti, 2023-nji ýylyň 25-nji fewraly.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Bahmutda ukrain harby gullukçysy. 25-nji fewral, 2023 ý.
14/36 Bahmutda ukrain harby gullukçysy. 25-nji fewral, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Öz pozisiýalary oka tutulýan mahaly ukrain esgeri. Maý, 2023 ý.
15/36 Öz pozisiýalary oka tutulýan mahaly ukrain esgeri. Maý, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ukrain esgerleri, Bakhmutyň golaýynda rus pozisiýasyna hüjüm edenden soň yzlaryna dolanýarlar. 2023-nji ýylyň maýy.
16/36 Ukrain esgerleri, Bakhmutyň golaýynda rus pozisiýasyna hüjüm edenden soň yzlaryna dolanýarlar. 2023-nji ýylyň maýy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
<div>Ýesir alnan russiýaly esgere suw içirýärler. Maý, 2023 ý.</div>
17/36
Ýesir alnan russiýaly esgere suw içirýärler. Maý, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ukrain harbysy Donetsk sebitindäki Blağodatnoýe obasynda bolan söweşde zeper çeken jaýyň içinde dur. 2023-nji ýylyň 17-nji iýuny
18/36 Ukrain harbysy Donetsk sebitindäki Blağodatnoýe obasynda bolan söweşde zeper çeken jaýyň içinde dur. 2023-nji ýylyň 17-nji iýuny
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Işçiler Kiýewdäki &quot;Ene-Watan&quot; ýadygärliginiň monumentiniň galkanynda ukrain trezubes nyşanasyny ornaşdyrýalar. 2023-nji ýylyň 6-njy awgusty. Bu nyşana sowet gerbiniň ýerine goýuldy.
19/36 Işçiler Kiýewdäki "Ene-Watan" ýadygärliginiň monumentiniň galkanynda ukrain trezubes nyşanasyny ornaşdyrýalar. 2023-nji ýylyň 6-njy awgusty. Bu nyşana sowet gerbiniň ýerine goýuldy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Çerginowyň merkezine urlan howa zarbasynyň netijesi. 19-njy awgust, 2023 ý.
20/36 Çerginowyň merkezine urlan howa zarbasynyň netijesi. 19-njy awgust, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Esger diwaryna,&nbsp;entek uruşdan ozal, bir gyzyň şekli çekilen jaýyň golaýyndan geçip barýar. Donetsk sebitindäki Awdiýiwka şäheri, 2023-nji ýylyň noýabry.
21/36 Esger diwaryna, entek uruşdan ozal, bir gyzyň şekli çekilen jaýyň golaýyndan geçip barýar. Donetsk sebitindäki Awdiýiwka şäheri, 2023-nji ýylyň noýabry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ukrainanyň minomýot bölüminiň gullukçysy arakesme wagty säheri synlap otyr. Bahmutyň etekleri, 2023 ý.
22/36 Ukrainanyň minomýot bölüminiň gullukçysy arakesme wagty säheri synlap otyr. Bahmutyň etekleri, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ukrain harbylarynyň mümkin rus hüjümlerine gözegçilik edip, asmany synlap duran pursady. Bahmut, 6-njy mart, 2024 ý.
23/36 Ukrain harbylarynyň mümkin rus hüjümlerine gözegçilik edip, asmany synlap duran pursady. Bahmut, 6-njy mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Partlamada zyýan ýeten kafeda barista bolup işleýan gyz. Rus raketasy paýtagtyň merkezine zarba urdy. 25-nji mart, 2024 ý.
24/36 Partlamada zyýan ýeten kafeda barista bolup işleýan gyz. Rus raketasy paýtagtyň merkezine zarba urdy. 25-nji mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ýangyn söndürijiler Kiýewde Russiýanyň raketasynyň netijesinde harabalyga öwrülen jaýyň galyndylaryny aýyrýarlar. 25-nji mart, 2024 ý.
25/36 Ýangyn söndürijiler Kiýewde Russiýanyň raketasynyň netijesinde harabalyga öwrülen jaýyň galyndylaryny aýyrýarlar. 25-nji mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Awdiýewkayň etegindäki saglyk merkezinde ýaralanan biriniň bedeninden çykarylan ok-däriler. Mart, 2024 ý.
26/36 Awdiýewkayň etegindäki saglyk merkezinde ýaralanan biriniň bedeninden çykarylan ok-däriler. Mart, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Bir gyz 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Donetskiň Pokrowsk şäherinden ewakuasiýa edilýän mahaly maşgalasy bilen hoşlaşyp dur.
27/36 Bir gyz 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Donetskiň Pokrowsk şäherinden ewakuasiýa edilýän mahaly maşgalasy bilen hoşlaşyp dur.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
<div>Ewakuasiýa kömegi üçin telefon belgisi görkezilen bilbord. Pokrowsk, Ukrainanyň gündogary. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyry.</div>
28/36
Ewakuasiýa kömegi üçin telefon belgisi görkezilen bilbord. Pokrowsk, Ukrainanyň gündogary. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Pokrowskyň eteginde ýanyp duran binalar. Sentýabr, 2024 ý.
29/36 Pokrowskyň eteginde ýanyp duran binalar. Sentýabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
40 ýaşly ukrain komandiri Artýom, Pokrowsk etegindäki rus pozisiýalaryna atyşa başlamazdan ozal duýduryş buýrugyny berýär. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
30/36 40 ýaşly ukrain komandiri Artýom, Pokrowsk etegindäki rus pozisiýalaryna atyşa başlamazdan ozal duýduryş buýrugyny berýär. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Wepat bolan esger Daniila Lýaşkewiçiň ejesi onuň tabydynyň üstünde aglaýar. Kiýew. 8-nji noýabr, 2024 ý.
31/36 Wepat bolan esger Daniila Lýaşkewiçiň ejesi onuň tabydynyň üstünde aglaýar. Kiýew. 8-nji noýabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Russiýanyň Kiýewe amala aşyran zarbasyndan soň, bir aýal öz itini elinde saklap dur. 20-nji dekabr, 2024 ý.
32/36 Russiýanyň Kiýewe amala aşyran zarbasyndan soň, bir aýal öz itini elinde saklap dur. 20-nji dekabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Bir çagany Kiýewiň zarba urlan sebitden äkidip barýarlar. 20-nji dekabr, 2024 ý.
33/36 Bir çagany Kiýewiň zarba urlan sebitden äkidip barýarlar. 20-nji dekabr, 2024 ý.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Kiýewdäki &quot;Lukýanowskaya&quot; metro stansiýasynyň Russiýanyň hüjümi netijesinde zyýan çeken girelgesi. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary.
34/36 Kiýewdäki "Lukýanowskaya" metro stansiýasynyň Russiýanyň hüjümi netijesinde zyýan çeken girelgesi. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Kiýewdäki &quot;Lukýanowskaya&quot; metro stansiýasynyň golaýynda, rus raketasynyň düşen ýerinde emele gelen çukur. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary
35/36 Kiýewdäki "Lukýanowskaya" metro stansiýasynyň golaýynda, rus raketasynyň düşen ýerinde emele gelen çukur. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Ýewromaýdan wagty heläk bolanlaryň hatyrasyna geçirilen çäre. Kiýew. 20-nji fewral, 2025 ý.<br />
<br />
2013-2014-nji ýyllardaky protestlerde, ukrain halky Russiýa tarapdar bolan prezident Wiktor Ýanukowyçyny häkimiýetden çetleşdirdi. Moskwa munuň yzysüre Krym ýarymadasyny basyp aldy we Donbasa tolgunşyklary başlatdy, we ýaragly çaknyşyklara sebäp boldy. 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina garşy doly gerimli hüjüme başlady.
36/36 Ýewromaýdan wagty heläk bolanlaryň hatyrasyna geçirilen çäre. Kiýew. 20-nji fewral, 2025 ý.

2013-2014-nji ýyllardaky protestlerde, ukrain halky Russiýa tarapdar bolan prezident Wiktor Ýanukowyçyny häkimiýetden çetleşdirdi. Moskwa munuň yzysüre Krym ýarymadasyny basyp aldy we Donbasa tolgunşyklary başlatdy, we ýaragly çaknyşyklara sebäp boldy. 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina garşy doly gerimli hüjüme başlady.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.
Previous slide
Next slide

16-njy aprelde gije Odesa edilen rus dron hüjümleri munuň şeýledigini ymykly görkezdi.

Ryženko Gara deňizde gämi hereketiniň parahatçylyk döwründäki ugurlar boýunça amala aşyrylmaýandygyny we munuň dikeldilmelidigini aýtdy.

“Odesadan goňşy ýurtlaryň territorial suwlarynda gizlenip däl, göni Gara deňziň ortasy bilen Bosfor bogazyna gidilip bilinmeli” diýip, ol aýtdy.

Ryženko Ankarada geçirilýän gepleşikleriň şeýle jikme-jikliklere gönükdirilýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ümsüm geçirilýän gepleşikler

Bu gepleşikler ilkinji gezek 13-nji aprelde Türkiýäniň Goranmak ministrligi tarapyndan yglan edildi, ýöne haýsy ýurtlaryň gatnaşýandygy mälim edilmedi.

Soňra, Gürjüstan bilen bilelikde, NATO agzalary bolan Bolgariýanyň hem-de Rumyniýanyň hem gepleşiklere gatnaşýandyklary habar berildi.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 15-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özüniň hem gepleşiklere gatnaşýandygyny aýtdy, biraz soň, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukraina bilen Fransiýanyň hem gatnaşýandygyny aýtdy.

“Biz kontingentiň deňizde bolmagy barada gepleşýäris we biz Türkiýäniň deňizde geljekki howpsuzlyk kepillikleri babatynda möhüm ornunyň boljakdygyna ynanýarys” diýip, Zelenski aýtdy.

“Bu, urşy soňlamak barada däl, bu ok atyşygy bes edilenden soňra, nämeleriň boljakdygy – howpsuzlyk kepillikleri – barasyndadyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Guryýer kontingenti boýunça ozal geçirilen maslahatlaşmalarda bolşy ýaly, Birleşen Ştatlar soňky gepleşiklere-de gatnaşmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG