Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýene bir rus generaly öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ukrainada ýene bir rus generaly heläk boldy. Bu barada Ukrainanyň we Russiýanyň habar serişdeleri 29-njy noýabrda maglumat berdiler.

Russiýaly general-maýor Wladimir Zawadski 28-nji noýabrda ýogalypdyr. Media habarlarynda Zawadskiniň ölümini onuň uçurym bolan harby mekdebiniň tassyklandygy hem aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi generalyň ölümini tassyklamady.

Möhüm Habarlar rus internet neşiriniň tassyklanan media habarlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Zawadski Ukrainada heläk bolan eýýäm ýedinji rus generalydyr.

XS
SM
MD
LG