Günorta Harby kazyýeti Tuwada doglan Anton Kurua garşy döwlete dönüklik aýyplamasy boýunça açylan işi seljerýär diýip, Sibir.Realii habar berýär.
Bu, görnüşinden, Russiýada Ukrainadaky urşa gatnaşan russiýalylara garşy açylan ilkinji, köpçülige mälim bolan, döwlete dönüklik işi bolup biler.
Bu iş 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kazyýete tabşyryldy. Ilkinji diňlenişik 8-nji dekabrda geçirilmelidi, ýöne sud ony yza süýşürdi. 17-nji dekabrda bolmaly sud diňlenişigi, jogapkär tarapyň suda gelmändigi sebäpli, ýene-de soňa goýuldy.
Jenaýat işiniň haçan açylandygy ýa-da onuň nämeleri öz içine alýandygy belli däl. Döwlete dönüklik etmekde aýyplanýanlar köplenç suddan öňki tussaglyga höküm edilýärler. Aýyplanýanyň näme sebäpden diňlenişige gatnaşyp bilmändigi belli däl.
Anton Kuruu 26 ýaşynda. Ol Gyzylda doglupdyr. "Tuwinskaýa prawda" gazeti Kuruyň ýaşlygy barada habar berdi.
Ol 14 ýaşynda "Ýaş gwardiýa" goşuldy we ol ýerde "hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bilen bilelikde jemgyýetçilik üçin peýdaly işlere, bilim çärelerine we öňüni alyş reýdlerine gatnaşdy".