Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

65 ukrainaly uruş ýesirini alyp barýandygy habar berlen rus uçary Belgorod sebitinde ýykyldy


Sosial mediada paýlaşylan wideoda Russiýanyň Belgorod sebitinde 24-nji ýanwarda ýere ýykylyp, partlaýan howa gämisini görmek bolýar. Ekran suraty.
Sosial mediada paýlaşylan wideoda Russiýanyň Belgorod sebitinde 24-nji ýanwarda ýere ýykylyp, partlaýan howa gämisini görmek bolýar. Ekran suraty.

Russiýanyň Belgorod sebitinde 24-nji ýanwarda ýykylan harby uçar 65 ukrainaly uruş ýesirini alyp barýardy diýip, ýerli media ýurduň Goranmak ministrligine salgylanyp habar berýär. Ýykylan uçarda gutulan bolmady.

“Transport uçary Koroçanskiý etrabynda ýykyldy. Ol ilatly sebitiň golaýyndaky bir meýdança gaçdy. Bortdakylaryň ählisi heläk boldy” diýip, sebit häkimi Wýçeslaw Gladkow Telegramda aýtdy.

Biraz öň, Russiýanyň Goranmak ministrligi uçaryň bortunda ele salnan 65 ukrainaly uruş ýesiriniň bolandygyny we olaryň alyşylmak üçin Belgorod sebitine alnyp barylýandygyny aýdypdy. Şeýle-de, ministrlik ýerli wagt bilen irden sagat 11 töwereklerinde ýykylan uçarda alty ekipaž agzasynyň hem-de ýesirleri alyp barýan üç eskortyň bolandygyny aýtdy.

Sosial mediada paýlaşylan wideoda Il-76 harby transport uçaryna meňzeýän howa gämisiniň towlanyp ýere gaçyşy we yz ýany gümmürdili partlama sesi hem-de tüssäniň asmana göterilişi görkezilýär.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow özüniň bu waka barada heniz hem maglumat toplaýandygyny aýdyp, uçar hadysasyny teswirlemekden ýüz öwürdi.

Resmiler uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňemäge başlaýan mahaly, “Ukrainska Prawda” neşiri özüniň Ukrainanyň Ýaragly güýçlerindäki çeşmeler atlandyranlaryna salgylanyp, Kiýewiň harbylarynyň uçaryň ýykylmagynyň aňyrsynda “özleriniň bolandygyna” yşarat edýändiklerini we “uçaryň Russiýanyň S-300 howa goranyş ulgamlaryna raketa äkidip barýandygyny” ýazdy. Neşir bu maglumaty soňra pozdy.

Bu aralykda, rus zarbalarynda 18 adamyň öldürilmeginden soňra, Zelenski urşuň Russiýa dolanyp barmagynyň “gutulgysyzdygyny” aýdýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 23-nji ýanwarda Kiýewe we beýleki ukrain şäherlerine zarba urup, 18 adamy öldüren hem-de ýüzden gowrak adamy şikeslän rus zarba tolkunyna güýçli gaýtawul beriljekdigini aýtdy.

Rus güýçleriniň howa zarbalarynyň üçünji tolkuny Ukrainanyň ikinji iň iri şäherinde, Harkowda raýat infrastrukturasyna zarba urandan soňra, halas ediş toparlary aman galan adamlary tüsse çykýan harabaçylykdan çekip çykardy.

“Häzirki zaman Russiýasy adaty durmuşy özüne wehim hasaplaýar. Bu döwlet adaty bir terrorçy” diýip, Zelenski özüniň agşamky ýüzlenmesinde aýtdy.

“Goý, Russiýadakylar ukrain häsiýetiniň gaýtawul bermekde nähili ymgyr bolunýandygyny bilýändigini bilsinler! Rus urşy yzyna, bu şeriň gelip çykan ýerine, onuň basylyp ýatyrylmaly ýerine gutulgysyz dolanyp barar” diýip, ol aýtdy.

Harkowyň sebit häkimi Oleh Synýehubow howa zarbalarynyň irki tolkunlarynyň birinde öz şäherinde ýedi adamyň öldürilendigini aýtdy. Harkowda 50-den gowrak adam, şol sanda howa zarbalarynyň soňky tolkunynda dört adam şikeslendi diýip, ol aýtdy.

Harkowyň häkimi Ihor Terehow hüjümleriň Ukrainanyň ikinji iň iri şäherinde ýaşaýyş jaýlaryna, dükanlara we beýleki raýat desgalaryna zarba urandygyny aýtdy.

“Ol ýerde harby desga ýok” diýip, ol aýtdy. “Agressor bu günki günde Russiýanyň terror döwleti bolandygyny we bagyşlanyp bilinmeýändigini ýene bir gezek subut edýär” diýip, ol belledi.

Terehow irki zarbalaryň 30 sany ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini aýtdy. Müňden gowrak penjire döwüldi, howanyň temperaturasy -7 gradusa düşýän wagtynda 20 sany binada ýyladyş ulgamlary öçürilmeli boldy diýip, ol aýtdy.

Irki zarbalar Ukrainanyň tutuş çäginde howa hüjüm duýduryşlarynyň yglan edilmeginiň fonunda bolup geçdi.

Zelenski Harkowda adaty adamlaryň ýaşaýan ýeri bolan “adaty bir köp gatly jaýda” heniz hem dowam edýän halas ediş işlerine salgylanyp, adam pidalarynyň 18-e çykmagynyň mümkindigini aýtdy.

Biraz öň, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby rus güýçleriniň ganatly we ballistik raketalardan, awiasiýadan we zenit-raketa toplumlaryndan peýdalanyp, birleşdirilen raketa zarbalaryny amala aşyrandygyny aýtdy.

Zelenski munuň howa goranyş ulgamlaryndan sowlup geçen nobatdaky birleşdirilen hüjüm bolandygyny aýtdy. Käbir raketalar urlup ýykyldy, ýöne sowlup geçen raketalar 200 obýekte, şol sanda 139 öýe zyýan ýetirdi diýip, ol aýtdy.

Kiýewde azyndan 20 adam, şol sanda dört çaga ýaralandy diýip, şäher häkimi Witali Kliçko we şäher administrasiýasynyň ýolbaşçysy Roman Popko Telegramda aýtdy.

Bir aýal, lukmanlaryň intensiw halas ediş tagallalaryna garamazdan, kliniki taýdan merhum yglan edildi diýip, Popko aýtdy.

Hüjümlerde üç etrap – Peçersk, Swýatoşynsk we Solomýansk etraplary – nyşana alyndy diýip, Kliçko aýtdy.

“Rus raketa hüjüminiň netijesinde 20 adam ýaralandy, olardan 13 adam, şol sanda üç çaga keselhana ýerleşdirildi. Ejir çeken 13 ýaşly bir oglana we alty uly adama wakanyň bolan ýerinde lukmanlar tarapyndan bejergi berilýär” diýip, Kliçko ýazdy.

Rus raketalary Dnipropetrowsk günorta sebitiniň Pawlohrad şäherine-de zarba urup, azyndan bir adamy öldürdi diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak Telegramda aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 23-nji ýanwarda raketa zarbalarynyň Ukrainanyň harby önümçilik desgalaryny “üstünlikli” nyşana alyp, göz öňünde tutulan ähli nyşanalara zarba urlandygyny öňe sürdi. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, munuň tersini subut edýän bir topar delillere garamazdan, ýene bir gezek rus güýçleriniň raýat sebitlerine zarba urandygyny inkär etdi.

Russiýa soňky birnäçe hepde bäri Ukrainadaky raýat nyşanalaryna garşy raketa zarbalaryny birden güýçlendirýär, köp sanly adam pidalaryna we maddy zyýana sebäp bolýar. Rus zarbalary aýratyn-da, serhetden bary-ýogy 30 kilometr aradaşlykda ýerleşýän gündogar Harkow şäherini nyşana alýar.

Ukrain resmilerine görä, Russiýa 29-njy dekabr – 2-nji ýanwar aralygynda Eýranda öndürilen 500-den gowrak dronlar bilen hem-de ganatly raketalar bilen Ukrainanyň şäherlerine hüjüm etdi.

Adatdan daşary agyr zarba tolkunlary Ukrainanyň howa goranyş ulgamlaryny we ok-däri ätiýaçlyklaryny hem basyş astynda goýup, prezident Wolodymyr Zelenskini Kiýewiň ýaranlaryny ýarag ibermelerini çaltlandyrmaga çagyrmaga iterýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG