Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň azat edendigini aýdan şäheriniň töwereginde agyr söweş barýar

Ukrainanyň president diwanynyň baş sekretary Andriý Ýermak tarapyndan 17-nji sentýabrda ýaýradylan suratda ukrain esgerleriniň Klişçiýiwka obasyndaky weýran edilen binanyň öňünde durandygy görkezilýär.
Ukrainanyň president diwanynyň baş sekretary Andriý Ýermak tarapyndan 17-nji sentýabrda ýaýradylan suratda ukrain esgerleriniň Klişçiýiwka obasyndaky weýran edilen binanyň öňünde durandygy görkezilýär.

18-nji sentýabrda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitiniň esasy obasy bolan Klişçiýiwkada we onuň töwereginde ukrain esgerleri bilen Russiýanyň basybalyjy güýçleriniň arasynda agyr söweş boldy diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Bu söweş Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ukrain güýçleriniň Bahmutyň günorta flangyndaky gündogar obasyny, Klişçiýiwkany azat edendigini yglan edeninden bir gün soň boldy.

Bahmutyň günorta-günbataryndaky sebit tomus aýlarynda Ukrainanyň gündogarda alyp barýan garşylykly hüjüminiň esasy üns merkezine öwrüldi.

Zelenski bu habary ukrain goşuny Bahmutdan takmynan 10 km günorta-günbatarda ýerleşýän kiçijik Andriýiwka obasynyň gözegçiligini ele alandygyny aýdanyndan iki gün soň yglan etdi.

Eger-de bu iki oba yzyna alnan bolsa, bu ukrain goşunlaryna Russiýanyň birnäçe aýa çeken ganly söweşden soň ele geçiren şäherine, Kremliň şol wagt gazanan uly ýeňşi hökmünde götergilenen çaknyşyklarda ýer bilen ýegsan edilen Bahmuta hem demirgazykdan, hem günortadan hüjüm etmek mümkinçiligini berer.

Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 18-nji sentýabrda ukrain goşunlarynyň Klişçiýiwkany we Andriýiwkany azat edendigini ýene bir gezek gaýtalady.

Kiýew goşunlary garşylyk hüjüminiň başyndan bäri Bahmutyň golaýynda 51 inedördül kilometr ýeri azat etdi diýip, Malýar telegramda ýerleşdiren habarynda aýtdy.

Şeýle-de, Malýar ukrain goşunlarynyň ruslaryň Donetsk sebitiniň günortasynda, Awdiýiwka we Marýinka şäherlerine garşy edýän hüjümlerini saklamagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Ukrain güýçleri günorta ugurda Azow deňzine tarap öňe süýşmäge synanyşýar, bu tagalla geçen hepde 5,2 inedördül kilometre barabar ýeri yzyna alan rus güýçlerini bölmek niýeti bilen bagly diýip, Malýar aýtdy.

Umuman, Ukraina garşylyk hüjüminiň dowamynda günortada 260 inedördül kilometrden gowrak ýeri yzyna aldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrain goşuny 18-nji sentýabrda çap eden gündelik hasabatynda öz güýçleriniň Klişçiýýiwka sebitindäki “hüjüm operasiýalaryny” dowam etdirýändigini we “duşmana düýpli ýitgi çekdirýändigini” aýtdy.

Bir gün öň, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 17-nji sentýabrda geçiren gündelik metbugat ýygnagynda aýdylmagyna görä, rus güýçleri uruşdan öň 400 töweregi ilaty bolan Klişçiýýiwkanyň golaýyndaky hüjümlerini dowam etdirýär.

Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitine atylan rus toplary öten agşam 72 ýaşly bir erkegiň we garry aýalyň ölümine sebäp boldy diýip, ýerli resmiler 18-nji sentýabrda aýtdylar.

Şeýle-de, Herson sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin üç adamyň, şol sanda 60 ýaşly bir erkegiň we 63 ýaşly aýalyň ýaralanandygyny aýtdy.

Mundan başga, ukrain goşuny Russiýanyň günorta-günbataryndaky Wolgograd sebitinden atan 17 sany ganatly raketasynyň ählisini urup gaçyrandygyny aýtdy.

Bu raketalar, ukrain goşunynyň aýtmagyna görä, Ukrainanyň Dnipropetrowsk, Poltawa we Hmelnytski sebitlerinde ýok edildi.

Şýele-de, Ukrainanyň howa güýçleri howa goranyş ulgamlarynyň Russiýanyň Mykolaýiw we Odesa sebitlerine tarap atan 24 harby dronynyň 18-sini urup gaçyrandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG