2025-nji ýylyň iýunynda ýaz paslynyň açyk bir gününde wideograf Mykyta Şapowalow “Wolf” lakamly täze öýlenen esgeri we onuň aýaly Olenany Ukrainanyň gündogaryndaky Družkiwka şäherinde iki söýgüliniň öpüşýän heýkeliniň öňünde surata düşürdi.
Şol gün meýdança adamdan doludy.
Ukrainaly wideograf şeýle diýip ýatlaýar: “Bu ýerde hemişe köp adam bolýardy, sebäbi ýakyn ýerde bazar bardy.” Jübüt surata düşýän mahaly tramwaýlar geçýärdi, ýerli ýaşaýjylar bolsa “kafelere baryp dynç alýardy ýa-da gündelik işlerini edýärdi.”
Kiçi meýdança şäheriň nikalaşdyryş edarasyna (ZAGS) ýakyn bolany sebäpli köp ýyllap toý dabaralary we surat sessiýalary üçin ulanylýardy.
2025-nji ýylyň noýabrynda uruş şäheriň golaýyna gelýärkä, Družkiwkada tramwaýlar gatnamagy bes etdi. Häzirki wagtda Söýgüliler ýadygärligi urşuň weýrançylyklarynyň arasynda dur. Bu ýerde toý dabaralaryny geçirmek isleýänler bolsa janyny howp astyna goýmaly bolardy.
Ukrainanyň 93-nji mehanizirlenen brigadasynyň metbugat wekili Iryna Rybakowa 2-nji martda wideo paýlaşdy. Wideoda ukrain esgerleriniň söýgüliler heýkeliniň üstünden uçup geçen drony urup düşürmäge synanyşýandygy görkezilýär. Dron soňra golaýdaky duran awtoulagy ýok etdi.
Soňky aýlarda rus güýçleri Družkiwka töwereginde az-azdan ýer eýeleýärler. Häzirki wagtda basybalyjy goşun şäherden 20 kilometre ýetmän galypdyr, sebäbi olar golaýdaky Kostýantyniwka şäherine tarap öňe ilerleýärler. Bu aralyk şäheri raketa artilleriýa ulgamlarynyň hem-de päsgel berilmeýän optiki kabel bilen dolandyrylýan uzak aralykdaky FPV-dronlaryň ýetýän çägine getirýär.
Soňky hepdelerde şäherde rus zarbalary, şol sanda uçarlardan goýberilýän dolandyrylýan bombalary, birnäçe adamyň ölümine sebäp boldy. Fewral aýynyň başynda Družkiwkadaky bazarda raketa zarbasy netijesinde ýedi adam heläk boldy; habarlara görä, ol raketa klaster ok-därileri göterýärdi.
Şäheriň merkezindäki bu kiçi meýdançada ozal Sowet döwletiniň esaslandyryjysy Wladimir Leniniň ýadygärligi bardy. Ol 2015-nji ýylyň iýunynda ýykyldy. Družkiwka şäher merkeziniň giň gerimli täzelenişiniň dowamynda 2019-njy ýylyň awgustynda nikalaşdyryş edarasy golaýynda Söýgüliler ýadygärligi guruldy.
6-njy martda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gysga wideo ýüzlenmesini ýazga almak üçin Družkiwkadaky söýgüliler heýkeliniň öňüni saýlady. Wideoda onuň arkasynda ýaragly esgerler patrul edýärdi. Ol Družkiwka we Donbasyň beýleki şäherleriniň töwereginde söweşýän esgerlere minnetdarlyk bildirip şeýle diýdi: “Bu ýerde, Donetsk oblastynda, [rus güýçleri] ýazky hüjüme taýýarlanýar.”
Wideograf Mykyta Şapowalow üçin öň janly şäher bolan Družkiwkanyň uruş sebäpli ýuwaş-ýuwaşdan ýok edilýändigini görmek onuň “Wolf” lakamly (hakyky ady Fedir) esgeriň söýgülisi Olena bilen nikalaşan pursadyny düşüren ýatlamalary bilen hemişelik baglanyşykda galar.
Fedir ömrüniň köp bölegini türmede geçirdi we türme möhletiniň gutarmagyna birnäçe aý galanda harby gulluga goşulmak üçin amnistiýa aldy. Ol ilkinji söweş saparyndan kän wagt geçmänkä söweşde heläk boldy.