22-nji martda irden Ukrainanyň Russiýanyň serhedindäki Belgorod sebitine uran zarbasy sebäpli bir aýal heläk boldy. Bu barada regional häkim Wýaçeslaw Gladkow Telegram kanalynda mälim etdi, we hüjümiň netijesinde aýdyňlaşdyrylmadyk sanda adamyň ýaralanandygyny hem sözüne goşdy.
“Deslapky maglumata görä, üç sany saglyk edarasyna we raýat binasyna zeper ýetdi” diýip, Gladkow aýtdy.
Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.
Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa hüjüminden goranyş gulluklarynyň Ukrainanyň Belogroda atan ençeme raketasyny urup düşürendigini mälim etdi.