Ukrainanyň Milli sungat muzeýi sungat eserleriniň, dini ikonalaryň we bezeg üçin zatlaryň sergisini geçirýär. Bu zatlaryň ählisi häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň öňki rezidensiýasy "Mežigorýeden" alnan zatlar. Ýanukowiç protestleriň netijesinde fewral aýynda ýurtdan gaçyp gidensoň bu zatlaryň özüne degişli bolmagyny ret etdi. 518 sany eksponatyň umumy bahasy 50 million dollar çemesi.
Ýanukowiçiň "hazynasy"

1
Öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň suratlary serginiň tomaşaçylaryny garşy alýar.

2
Ýanukowiçiň heýkeli

3
Kartinada öňki baş prokuror Wiktor Pşonka we onuň kärdeşleri 1812-nji ýylyň Borodino söweşine gatnaşan generallar hökmünde şekillendirilýär.

4
21-22-nji fewralyň gijesinde Ýanukowiç özüniň ýakyn töweregi bilen Kiýewden gaçyp gidensoň, aktiwistler we žurnalistler onuň rezidensiýasyna bardylar we korrupsiýany subut ediji dokumentleri gözlemek we emlägini täze häkimiýetlere tabşyrmak üçin barlag geçirdiler.