BMG-niň Çagalar boýunça gaznasy, ýagny ÝUNISEF (UNICEF) geçen oktýabrda Owganystanyň Herat welaýatynda bolan güýçli ýer titremäniň täsir ýetiren 100 müň töweregi çaga has köp hemaýatyň berilmegine çagyrdy.
15-nji ýanwardaky beýanat 7-nji oktýabrda bolan ýersarsygynynyň 100-nji gününe gabat ýaýradyldy.
ÝUNISEF-iň maglumatyna görä, ýertitremede 1 müň töweregi adam öldi, 21 müňe golaý jaý weýran boldy, galyberse-de tebigy harasat köp sanly adamyň durmuşyna agyr täsir ýetirdi.
BMG-niň edarasy munuň üstesine Heratdaky sowuk howa şertleriniň hem adamlaryň janyna wehim salýandygyny we täzeden gurmak tagallalaryna ýaramaz täsir ýetirýändigini duýdurdy.