Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urşa garşy çykan Kreml tankytçysy aklawçylyk ygtyýarnamasyndan mahrum edildi


RUSSIA-POLITICS/NAVALNY-FBK-COURT
RUSSIA-POLITICS/NAVALNY-FBK-COURT

Moskwadaky Adwokatlar palatasy belli rus ýuristi we Kremliň aç-açan tankytçysy Ilýa Nowikowy “ynama zyýan ýetirýän hereketi” zerarly, aklawçylyk ygtyýarnamasyndan mahrum etdi.

Bu karar Nowikowyň geçen aý “Meşhur syýasat” YouTube kanalyna beren we Ukraina garşy dowam edýän uruş sebäpli, prezident Wladimir Putini berk tankyt eden interwýusy sebäpli kabul edildi.

Adalat ministrligi noýabr aýynda häzirki wagtda Ukrainada ýaşaýan Nowikowy daşary ýurt agentleriniň sanawyna goşdy, munuň yz ýany bolsa, Içeri işleri ministrligi ony aýdylmaýan aýyplamalar bilen gözlenýänleriň sanawyna girizdi.

XS
SM
MD
LG