Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş döwründäki repressiýalar güýçlenýärkä, ýüzlerçe rus ýetginjegi terrorçylyk aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Russiýanyň polisiýa işgärleri Sankt-Peterburgdaky protest ýörişinde ýetginjegi itekleýärler. (Arhiw suraty)
Russiýanyň polisiýa işgärleri Sankt-Peterburgdaky protest ýörişinde ýetginjegi itekleýärler. (Arhiw suraty)

16 ýaşly rus mekdep okuwçysy Witalina Prening terrorçylykly hüjümi meýilleşdirmekde, terror guramasyna agza bolmakda we terrorçylykly tälim almakda aýyplanýar diýip, rus metbugaty habar berýär.

Nowosibirsk şäherinden bolan Prening 10-njy awgustda Russiýanyň terrorçylar gara sanawyna goşuldy, emma oňa garşy gönükdirilýän aýyplamalaryň jikme-jiklikleri henizem takyk belli däl.

Sosial mediada Preningi tanaýanlar ony surat çekýän, aýdym aýdýan, bal tanslary bilen meşgullanýan we döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýan zehinli ýaş gyz hökmünde suratlandyrýarlar.

Prening şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýeke-täk rus ýetginjegi däl. Moskwa 2022-nji ýylda Ukraina garşy doly möçberli çozuşyna başlany bäri ýüzlerçe rus ýetginjegi terrorçylykda, sabotažda, ekstremizmde ýa-da dönüklikde aýyplanýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar ýetginjekleriň tussag edilmeginiň we türmä basylmagynyň uruş döwründe närazylygy basyp ýatyrmak üçin güýçlendirilýän kampaniýanyň bir bölegidigini aýdýarlar.

"Has uly repressiw işjeňlik"

Dönüklikde we içalyçylykda aýyplanýan ruslary goraýan sürgünlikdäki hukuk we adam hukuklary guramasy bolan "Department One" iýul aýyndaky hasabatynda Russiýanyň terrorçylyk we ekstremist sanawynda azyndan 779 sany kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň bardygyny aýtdy. Olaryň tas 97 göterimi 2022-nji ýyldan soň bu sanawa goşuldy.

Bu sanawa diňe jenaýatda günäli tapylyp, höküm edilenler däl, eýsem resmi taýdan şübheli diýlip atlandyrylan ýa-da derňew astyndaky adamlar hem girýär.

Gadagan edilen adam hukuklary guramasy "Memorial" häzirki wagtda Russiýada azyndan 124 sany kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjegiň syýasy sebäpler bilen jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Hukuk toparlary dawaly terrorçylyk we ekstremizm kanunlary boýunça sud edilýän kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sanynyň barha artýandygyny, sud diňlenişikleriniň bolsa köplenç ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilýändigini aýdýarlar.

Bu sud işleri urşa garşy işjeňlikden we häkimiýetlere garşy internetdäki tankytlardan başlap, ýetginjekleriň Russiýanyň topragynda sabotaž we terrorçylyk hereketlerini amala aşyrmagy üçin Ukrainanyň aňtaw gulluklary tarapyndan sosial media arkaly işe alnandygy baradaky aýyplamalara çenli dürli ugurlary öz içine alýar.

“Memorial” guramasynyň Syýasy tussaglary goldamak baradaky taslamasynyň ýolbaşçysy Sergeý Dawidis Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda urşuň Russiýada syýasy repressiýalary güýçlendirendigini aýtdy.

"Döwlet uruş ýagdaýynda has uly repressiw işjeňlik görkezýär" diýip, Dewidis aýtdy.

Listowkalary paýlandygy üçin tussag edildi

Repressiýalara sezewar bolan ýetginjekleriň arasynda 2023-nji ýylda tussag edilende 15 ýaşynda bolan Arseni Turbin hem bar.

Turbin prezident Wladimir Putini tankytlaýan listowkalary paýlapdy, "Azat Russiýa" atly Telegram kanalyny döredipdi we özüni Russiýanyň urşa garşy protestçileri tarapyndan ulanylýan ak-gök-ak baýdak bilen surata düşüripdi.

Onuň ejesi Irina Turbina oglunyň derňewçilere Russiýanyň uruşda agressordygyna ynanýandygyny aç-açan aýdandygyny aýtdy.

2024-nji ýylda Russiýanyň sudy ýapyk sud diňlenişiginde Turbini bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Iki ýyl soň häkimiýetler ýetginjege garşy başga bir iş gozgadylar we ony öz türme koloniýasyndaky bidüzgünçilige gatnaşmakda aýypladylar.

Häzirki wagtda Russiýanyň terrorçylyk we ekstremist sanawyndaky iň ýaş ýetginjegiň 14 ýaşly Iwan Maltsewdigine ynanylýar, ol polisiýa awtoulagyny otlamaga synanyşykda aýyplanýar. Onuň kakasy ogluna garşy gönükdirilýän aýyplamalary ret etdi.

Sibiriň Barnaul şäheriniň ýaşaýjysy Maltsew iýun aýynda 14 ýaşyny doldurdy, bu bolsa Russiýada terrorçylyk ýaly agyr jenaýatlar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin zerur bolan iň pes ýaş çägidir.

'Gorky atmosferasy'

Adam hukuklaryny goraýjylar Russiýanyň aňtaw gulluklaryny kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy prowakasiýa usullaryny ulanmakda aýypladylar.

"Olar ýaşlary bir topar döretmäge iterýärler, käbir berk beýanatlar ýazýarlar, olary öjükdirýärler, mysal üçin, sizi amaly taýdan jogap bermäge mejbur edýän teswirleri ýazýarlar" diýip, "Department One" guramasynyň başlygy Dmitriý Zair-Bek Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Howpsuzlyk resmileri, Zair-Bekiň aýtmagyna görä, soňra ejiz ýaşlary resmi taýdan jenaýat hökmünde kesgitlenip bilinjek hereketi etmäge "iterýärler" we degişli işgärleriň olara garşy jenaýat işini gozgamagyna mümkinçilik döredýärler.

"Çagalaryň we ýetginjekleriň asla yzarlanmaly däl zatlar üçin yzarlanýandygy gaty elhenç zat" diýip, Zair-Bek sosial mediadaky "biperwaý degişmeleri", mekdep forumlaryndaky habarlary we kompýuter oýunlaryndaky diskussiýalary mysal getirip aýtdy.

“Russiýa demir gözenekleriň arkasynda” atly raýat hukuklary guramasynyň başlygy Olga Romanowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda terrorçylyk sud işleriniň töweregindäki gizlinligiň Russiýanyň howpsuzlyk gulluklaryna höküm edilenleriň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

"Terrorçylyk sud işleri - derňewler we kazyýet işi doly ýapyk. Bular gizlin maglumatlar hasaplanýar, şonuň üçin hiç zady subut etmegiň zerurlygy ýok" diýip, Romanowa belledi.

Zair-Bek sud işleriniň sanynyň köpelmeginiň has giň maksada gönükdirilendigini aýtdy: gorky atmosferasyny döretmek.

"Terrorçylyk we ekstremizm hadysalarynyň köpçülikleýin başlamagy bilen birlikde döredilen ähli gorky atmosferasy, repressiýanyň häzirki wagtda, 21-nji asyrda, diňe hemişe güýçlenýän wagtynda işleýändigi bilen baglanyşykly" diýip, ol belledi.

Bu makala Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus we “Nastoýaşeýe Wremýa” gulluklarynyň materiallary esasynda Farangis Najibullah tarapyndan taýýarlanyldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir
XS
SM
MD
LG