Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruşda näbellilik dowam edýärkä, Eýranyň täsirli resmileri ýadro bombasyny döretmäge açyk çagyrýarlar

Eýranly tehnikler 2005-nji ýylda Yspyhandaky urany gaýtadan işleýän kärhanada Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň möhürlän uran konsentratly, «sary kek» diýlip atlandyrylýan radioaktiw maddaly gabyny alyp çykýarlar.
Eýranly tehnikler 2005-nji ýylda Yspyhandaky urany gaýtadan işleýän kärhanada Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň möhürlän uran konsentratly, «sary kek» diýlip atlandyrylýan radioaktiw maddaly gabyny alyp çykýarlar.

Bir wagtlar Eýranda ýadro ýaragyny döretmek barada açyk gürlemek bolmajak zat hasaplanýardy. Häkimiýetler öňki ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny döretmegi gadagan edýän dini permanyny ýygy-ýygydan ýatladýardylar. Eýran resmileri ýurduň ýadro maksatnamasynyň diňe parahatçylykly maksatlara niýetlenendigini köpden bäri tekrarlap gelýärler.

Birnäçe ýyl ozal parlamentiň deputatlarynyň we howpsuzlyk ulgamynyň ýokary wezipeli resmileriniň bomba döretmäge açyk çagyrmagyny göz öňüne getirmek hem kyndy. Emma ABŞ bilen urşuň nähili dowam etjeginiň näbelli bolup galýan häzirki ýagdaýynda bu indi adaty bolmadyk zat däl.

Çaknyşygyň başlananyna sekiz aýa golaý wagt geçýär. Habarlara görä, Waşington ýeriň çuň astynda ýerleşýän «Pickaxe Mountain» desgasyna zarba urmak mümkinçiligini gözden geçirýär. ABŞ we Ysraýyl resmileri Eýranyň bu ýere müňlerçe sentrifuga geçirendigini aýdýarlar. Şu şertlerde ýadro ýaragy baradaky gürrüňler has-da köpelýär.

Hameneýi, şeýle hem Eýranyň howpsuzlyk we harby ýolbaşçylarynyň ençemesi 28-nji fewralda urşuň ilkinji zarbalarynda öldürildi. Hüjümler esasan döwlet, harby we ýadro desgalaryny nyşana alan hem bolsa, raýat infrastrukturasyna hem zarba uruldy we parahat ilat öldi.

ABŞ giň gerimli harby operasiýalaryny azaldyp, ykdysady basyşa, şol sanda Eýranyň portlaryny deňizden gabawda saklamaga geçdi. Araçylar arkaly geçirilýän gytaklaýyn gepleşikler bolsa öňe ilerlemeýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýedi günlük ýaraşyk we Ormuz bogazyny tapgyrlaýyn açmak baradaky soňky teklibini ret etdi. Ol giň gerimli zarbalary täzeden başlamagy hem haýbat atdy. Waşington islendik ylalaşykda Eýranyň urany baýlaşdyrmak kuwwatynyň wise-prezident JD Wensiň aýdyşy ýaly, «düýpli» azaldylmagynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdýar.

Ýadro ýaragyny edinmäge açyk çagyryşlar

Eýran Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama (NPT) 1968-nji ýylda gol çekdi we ony 1970-nji ýylda tassyklady. Şertnama ýadro ýaragy bolan döwletleriň bu ýaraglary başga ýurtlara bermegini gadagan edýär, ýadro ýaragy bolmadyk döwletlere bolsa ony döretmezlik borjuny ýükleýär. Şol bir wagtyň özünde, degişli gözegçilik şertlerinde parahatçylykly ýadro tehnologiýalaryndan peýdalanmak mümkinçiligini kepillendirýär.

2015-nji ýylda Eýran ABŞ-nyň hem gatnaşmagynda dünýäniň birnäçe iri döwleti bilen Bilelikdäki hemmetaraplaýyn hereket meýilnamasyna (JCPOA) gol çekdi. Bu ylalaşyk sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmeginiň deregine Tähranyň ýadro maksatnamasyny çäklendirýärdi.

Emma Tramp 2018-nji ýylda ABŞ-ny ylalaşykdan birtaraplaýyn çykarandan soň, Eýran urany baýlaşdyrmagy güýçlendirdi. Muňa garamazdan, ol ýadro maksatnamasynyň diňe parahatçylykly maksatlara hyzmat edýändigini aýtmagyny dowam etdirdi.

Geçen ýylyň iýunynda Ysraýyl bilen ABŞ Eýranyň ýadro ýaragyny döretmäge golaýlandygyny duýduryp, onuň ýadro desgalaryna howa zarbalaryny urdular. 28-nji fewralda bolsa häzirki urşa getiren howa hüjümlerini başlap, basyşy has-da güýçlendirdiler.

Deputat we parlamentiň täsirli Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komitetiniň agzasy Ahmad Bahşaýeşi Ardestani ýakynda Eýranyň ýadro maksatnamasy üçin eýýäm agyr töleg töländigini, indi bolsa ýarag öndürmegiň wagtynyň gelendigini öňe sürdi.

Başga bir deputat, Hosseýn Ali Haji-Deligani Eýranyň ýadro ýaragy arkaly garşydaşlaryny saklandyrmak mümkinçiliginiň ýoklugyny ýurduň esasy gowşaklyklarynyň biri diýip atlandyrdy. Ol ýakyn geljekde bombanyň synagdan geçirilip bilinjekdigini hem aýtdy.

Hatda Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Mohsen Rezai hem ýadro ýaragyny edinmek mümkinçiliginiň aradan aýrylmandygyny yşarat etdi. Ol Trampyň syýasatlaryny «dünýäni ýadro ýaragyny edinmäge iterýändigi» üçin aýyplady.

Ýadro ýaragyny döretmegi goldaýan konserwatiw synçy Dawud Modarresian X sosial ulgamynda bomba döretmegiň «iýmitden hem möhümdigini» ýazdy.

Ol ýadro bombasynyň «ýurduň aman galmagynyň kepili» boljakdygyny öňe sürüp, Trampyň şu aýyň başynda ýadro ýaragy bolan döwletler bilen gowy gatnaşyk saklamagyň ähmiýeti baradaky sözlerini mysal getirdi.

«Adamlaryň 11 sany ýadro raketasy bar bolsa, olar bilen oňuşmak gowy zat» diýip, Tramp Demirgazyk Koreýa we onuň lideri Kim Çen Un bilen gatnaşyklary barada aýdypdy.

2003-nji ýylda Hameneýi yslam kanunlaryna laýyklykda Eýranyň ýadro ýaragyny döretmegini, edinmegini we ulanmagyny gadagan edýän fetwa çykarypdy.

Modarresian fetwanyň aslynda hiç haçan ýadro ýaragyny döretmäge päsgel bolmandygyny aýtdy. Ol Eýranyň ýadro maksatnamasyny ýarag döretmäge gönükdirmändigini «ýaýdanjaňlyk we bitewi syýasy erkiň ýoklugy» bilen düşündirdi.

Emma käbirleri, iň bolmanda, açyk çykyşlarynda ýadro maksatnamasynyň ýa-da ondan galan mümkinçilikleriň ýarag döretmek üçin ulanylmagyna garşy çykýarlar.

Öňki wise-prezident, häzirki wagtda ýokary ruhany lider Mojtaba Hameneýiniň uly geňeşçisi bolup işleýän Mohammad Mohber Eýranyň garşydaşlaryny saklandyrmak üçin eýýäm ýeterlik mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Ol 19-njy oktýabrdaky çykyşynda Tähranyň çaknyşygy sebite ýaýratmak syýasatynyň özi ýeterlik derejede saklaýjy güýç bolup hyzmat edýändigini öňe sürdi.

Mohber Eýranyň Ormuz bogazyndaky gatnawy bozmak mümkinçiligini hem nygtady. «Ormuz bogazy elinde bolan ýurda atom bombasy gerek däl» diýip, ol aýtdy. Onuň pikiriçe, bu dar geçelgä gözegçilik etmek milliardlarça adama täsir ýetirýär, bomba bolsa «50 müňden 100 müňe çenli adamy öldürip biler».

Şol bir wagtyň özünde, ýadro ýaragyny döretmäge garşy çykýan synçylar bomba edinmäge synanyşmagyň netijeleri barada duýdurýarlar.

Tähranda işleýän žurnalist Sina Jahani NPT-den çykyp, ýadro ýaragyny öndürmegiň «Ysraýylyň bähbidine hereket etmek» boljakdygyny öňe sürdi.

Syýasy synçy Amir Ali Abolfath bolsa Eýran ýadro ýaragyny öndürip ýetişmänkä, garşydaşlarynyň şeýle synanyşyklar barada habar aljakdygyny duýdurdy.

«Ýadro ýaragy arkaly garşydaşlary saklandyrmak mümkinçiligi gazanylmazdan öň, ABŞ-nyň weýrançylykly hüjümi ýurduň tutuş infrastrukturasyny ýok etse näme bolar?» diýip, ol X ulgamynda ýadro ýaragyny edinmegi goldaýanlara ýüzlenip ýazdy. «Ýurt weýran edilenden soň atom bombasyny edinmek henizem garşydaşlary saklandyryp bilermi?»

Ýadro maksatnamasynyň häzirki ýagdaýy

Eýranlylar ýadro maksatnamasyny ýarag döretmäge gönükdirmelimi ýa-da ýok diýen meselede jedelleşýän wagtynda, has amaly bir sorag ýüze çykýar: ýadro infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýynda Eýran aslynda bomba döredip bilermi?

Eýranyň urany baýlaşdyrmak mümkinçiligine agyr zarba uruldy, emma ýadro maksatnamasynyň esasy böleginiň saklanyp galan bolmagy ähtimal.

Urany baýlaşdyrýan üç desganyň ýerüsti ýerleşýän ýeke-täk Natanzdaky desga ýok edildi. Natanzdaky beýleki desga bilen Fordowdaky desga agyr zeper ýetdi we olaryň işlemeýändigi giňden çaklanylýar. Zarbalarda Eýranyň uran magdanyny gaýtadan işläp, konsentrat alýan we ony baýlaşdyrmak üçin zerur görnüşe öwürýän ýeke-täk desgalary hem ýok edildi.

Iň uly näbellilik bolsa Eýranyň 60 göterime çenli baýlaşdyrylan 440,9 kilogram uranynyň ykbalydyr. Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) baş direktory Rafael Grossi mart aýynda bu goruň 200 kilogramdan gowragynyň Yspyhandaky tunellerde, bir böleginiň bolsa Natanzda galýandygyny aýdypdy. Agentlik sentýabrda bu gorlaryň nirede we nähili ýagdaýdadygyny bir ýyldan gowrak wagt bäri yzarlap bilmeýändigini habar berdi.

Wideo: Eýranyň gizlin «Pickaxe Mountain» desgasy näme?

ABŞ we Ysraýyl resmileri Eýranyň müňlerçe sentrifugany «Pickaxe Mountain» desgasyna geçirendigini aýdýarlar. Bu desga granit dagynyň astynda takmynan 80–100 metr çuňlukda ýerleşýär. Tramp geçen hepde Waşingtonyň «ol ýere barmaly bolmagynyň mümkindigini» aýtdy.

Nazary taýdan, ýokary derejede baýlaşdyrylan uran gory Eýranyň elinde galýan bolsa, ony ýarag ýasamaga ýaramly derejä ýetirmek üçin kän tagalla we köp sentrifuga gerek däl. Hut şonuň üçin «Pickaxe Mountain» desgasy birnäçe wagtdan bäri habarlaryň üns merkezinde. Emma Eýranyň bomba öndürmäge mümkinçiliginiň bardygy ýa-da ýokdugy başga mesele.

Eýran uran gorundan ýüz öwürmek pikirini köpden bäri ret edip gelýär. Muňa garamazdan, ol eýýäm sekizinji aýyna giren urşy bes etmek üçin ABŞ bilen baglaşyljak has giň gerimli ylalaşygyň çäginde uranynyň baýlaşdyryş derejesini peseltmegi teklip etdi.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

​
XS
SM
MD
LG