AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçysy Özbegistanda bolup, ýurtda ikinji prezidentiň döwründe nämeleriň üýtgändigini hem öňki prezidentiň nähili ýatlanýandygyny bilmek isledi.
2016-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Daşkentde Özbegistanyň awtoritar prezidenti Islam Kerimow 78 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýeke özi ýurdy 27 ýyllap dolandyrdy. Ol ýogalansoň prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolup, premýer-ministr Şawkat Mirziýoýew geçdi hem 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda sesleriň köplügini alyp (88,6%), prezidentlik saýlawynda ýeňiş gazandy.
Awtoritar düzgünli ýurtda üýtgeşmeler başlandy: daşary ýurt inwestorlary gelip başladylar, turistleri ýurda çekmek maksatnamasyna üns berildi, Özbegistanyň graždanlaryna çykyş wizasy ýeňilleşdirildi, günä geçişlik yglan edildi hem 40 müňe golaý adam azatlyga çykdy.
Merkezi Aziýa boýunça bilermenler hem syýasaty öwrenijiler Özbegistanda syýasy maýyllygyň başlanandygyny aýtdylar, şol wagtyň özünde awtoritar düzgüniň saklanyp galýandygyny-da mälim etdiler. Käbirleri ýakyn ýyllarda ýurtda gowulyga tarap özgerişe garaşyp bolmajagyny-da çaklady.
AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçysy Özbegistanda bolup, ýurtduň Mirziýoýew döwründe nähili ýaşaýandygyny, özgerişe umydyň bardygyny bilmek isledi.
DAŞKENT: BAHALAR ÖSÜPDIR, ÝÖNE IŞ ORUNLARY KÖPELÝÄR
Almaty – Daşkent ýolagçy otlusy üç sagat bäri araçäkde dur. Owaly Gazagystanyň serhetçileri wagonlary uzak wagtlap barladylar, soňra otly Özbegistanyň çägine geçdi.
— Siziň pasportyňyz – diýi, eginlek özbek serhetçisi meniň ýüzüme ünsli seretdi-de, pasportdaky suratyma garap, wizamy barlady. Ol bar zadyň ýerbe-ýerdigini bilensoň, pasporta möhür goýmak üçin, ony alyp gitdi.
Onuň ornuny ýany itli serhetçi eýeledi.
— Sumkaňyzy açyň, o ýerde näme bar? Gadagan edilen dermanlar, beýnä täsir ediji serişde ýokmy? – diýip soraýar. Goşlary barlap bolansoň, küpäniň içlerine seredişdirýär.
Ahyry otly ýöredi, serhetden Daşkende çenli ýol bir sagatdan hem az.
Demirýol menziliniň öňündäki meýdançada ýolagçylary taksi sürüjileriň toplumy garşy alýar, olar dünýäniň o çetine alyp gitmäge taýýar. Ýerliler bolsa olara ýüz tutman, Ýandeks-taksi çagyrmagy maslahat berdiler, olar arzan hem howpsuz. Çagyrdym. Birnäçe minutdan soň ak Chevrolet gelip, meni myhmanhana göterdi. Ol ulag meni Daşkendiň giň hem arassa köçesinden alyp barýar. Geplemsek sürüji Mahmut bolsa soňky üç ýylyň dowamynda taksileriň arasyndaky bäsleşigiň nähili ösendigini aýdýar.
— Hawa, umuman, köp zat özgerdi. Meselem, geçen ýyl Özbegistanda Ýandeks-taksi peýda boldy. Şäheriň ähli ýerinde uly gurluşyklar başlandy; jaýlar, söwda merkezleri gurulýar. Işiň ahyrynda meniň maşynym gurluşygyň çaňyndan gara-gäz bolýar. Ýöne bahalar ösdi, benzin gaty gymmatlady. Şonuň üçin köpler gaza geçdiler, ol arzan – diýip, ýoluna seredip barýan Mahmut gürrüň berýär.
Taksiçiniň sözüne görä, diňe bahalar ýokarlanman, iş orunlary-da artypdyr: turistler köpelipdir, aýratynam tomsuna. Mundan daşary-da, daşary ýurtlularyň Özbegistana işlemäge gelýändigini aýdýar.
— Turistler, elbetde, Kerimow döwründe-de köpdi, ýöne ondan soň has köpeldi – diýip, Mahmut gürrüňini dowam edýär. – Häzir bolsa turist ýok, möwsüm gutardy. Soňky döwürde hytaýlylar köpeldi – günde olardan bäş zakaz bolýar. Hytaýlylar bu ýere işlemäge gelýärler. Men olaryň dilinde salamlaşmagy-da öwrendim.
BIZNES ÜÇIN MÜMKINÇILIK HEM ÇET-GYRADAKYLARYŇ DURMUŞY
Ýaş biznesmen Dilmurod Rihsiboýew (onuň ady hem familiýasy öz haýyşyna görä üýtgedildi – Red.) bilen şäheriň merkezinde, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň rezidensiýasyna golaý ýerde duşuşdyk. Prezident köşgi beýik haýat bilen gurşalypdyr, onuň alnynda şlagbaum bar, poliseýler nobatçylyk çekýär. Mirziýoýew bu ýere 2017-nji ýylda geçipdi. Ýerli adamlaryň aýtmagyna görä, Özbegistanyň täze prezidenti öňki halypasy Islam Kerimowyň işlän hem ýaşan ýerinden çeträkde bolmaga çalyşýar.
25 ýaşly Dilmurod öz ýoldaşlary bilen Daşkentde kofe ulgamyny açmakçy bolýar. Onuň sözüne görä, soňky üç ýylda biznes işleri giňelip başlapdyr. Özbegistanda täze brendler – söwda markalary peýda bolýar, françaýziňleri – kärende toparlaryny açmaga mümkinçilik döreýär.
— Munuň özi şäher biznesine uly itergi berdi – diýip, Daşkendiň merkezi köçesinden barýarkak, Dilmurod gürrüň berýär. – Täze kompaniýalar peýda bolýar. Biz öz biznesimizi franşizm boýunça açmakçy, Daşkentde kofe indi-indi ýörgünli bolup başlady, häzir bazar boş. Biz eýýäm bar zady oýlandyk, öz biznes-planymyzy düzdük. Bu örän girdejili iş bolar.
Dilmurodyň sözüne görä, daşary ýurtlara gitmek erkin, wiza düzgüni ýeňilleşdirilipdir, Özbegistanda daşary ýurtdan gelenleri soraga çekmek ýatyrylypdyr.
— Bu kynçylyk bilen meniň ýoldaşlarym ýüzbe-ýüz boldular, olar az salym ýurtdan çykyp, gelenlerinden soňra, ýörite gullugyň işgärleri olary soraga çekdiler; “nirä we näme üçin gitdiň, kim bilen duşuşdyň, daşary ýurtda näme iş bilen meşgullandyň?” şekilli soraglar beripdirler – diýip, Dilmurod aýdýar. – Munuň özi örän ýakymsyz ýagdaý. Ýogsa-da, häzirem soraga çekýändigini aýdýarlar, ýöne bu örän seýrek bolýar.
Özbegistanyň ýollaryndaky ulaglaryň köpüsi ýurduň özünde öndürilýän Chevrolet kysymly maşynlar. Daşary ýurtlardan getirilýän ulaglara örän ýokary gümrük salgydy salynýar (ol şol maşynyň bahasynyň 30% ýetip bilýär), şonuň üçin millete saýlamaga mümkinçilik az; ýa-ha jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanmaly, ýa-da ýerli awtobazaryň mümkinçiliginden.
— Bu bir tutuşlaýyn çykarylýan maşynlar toplumy, olaryň ählisi bir meňzeş – diýip, Dilmurod gürrüň berýär. Onuň münýän ulagy hem Chevrolet. – Daşary ýurt maşynyny görseň, oňa geň galýaň. Ol baýlyk her kime ýetdirip duranok.
Jemgyýetçilik transportynyň buýsanjy Daşkent metrosy: onuň duralgalary örän bezemen, owadan mozaika salnan. Şonuň bilen birlikde ol köne, wagonlary sowetler döwründäki, aýdylyşyna görä olary az-azdan täzeleýärler. Tä 2018-nji ýyla çenli metroda surat almak gadagan eken, häzir rugsat edilýär.
Ilki göräýmäge metroda bir hadysa ýüze çykan ýaly duýulýar, her duralgada poliseýler nobatçylyk çekýärler. Ähli ýerde rus hem özbek dillerinde «Hüşgärlik — döwrüň talaby» diýen ýazgy bar. Ýöne ýerlileriň aýtmagyna görä, gözegçilik kameralaryň hem poliseýleriň berk gözegçiligi astynda ýolagçylar özlerini arkaýyn duýýarlar.
Birnäçe ýyl mundan öň metronyň wagonlarynda reklamalar bar eken, olar telewideniýede görkezilýän rolikler bolup, Daşkendiň klinikalarynda saglygyňy dikletmek, öz bilimiňi ýokarlandyrmak, Özbegistanyň täsin ýerlerine syýahata çagyrmak ýaly reklamalar bolupdyr.
Biz Dilmurod bilen «brodweýden» barýarys, Daşkendiň pyýada ýörelýän Saýilgoh köçesine şeýle diýýärler. Köçäniň ugrunda iýer-içer ýaly zatlar, sowgatlyk suwenirler, kartinalar satylýar, agşamlaryna köçe sazandalary çykyş edýärler (birnäçe ýyl mundan öň köçede saz çalmak gadagan eken). Pyýadalar köçesiniň iki ýüzüni-de bazarlar tutýar, ol ýerde sowet döwründen galan ownuk-uşak zatlar satylýar, olaryň arasynda ýubileý medallary, surat alýan köne fotoapparatlar, köp ýyllap ulanylan medisina ensiklopediýasy, hatda Leniniň, Puşkiniň hem Çernyşewskiniň heýkelleri-de bar.
— Birnäçe ýyl öň bu ýerden sazandalary kowýardylar, bu ýerde giç aşama çenli gezmegem gadagandy, sebäbi şäheriň merkezinde jenaýat hem bidüzgünçilik döreýärmiş – diýip, Dilmurod aýdýar. – 2017-nji ýyldan rugsat edip başladylar. Görüň, nähili oňat boldy. Franşiz garbanalhana peýda boldy. Geçen ýyl bolsa ilkinji KFC açyldy.
Dilmurod özgerişligiň köp bölegi diňe Daşkentde bolup, çet ýerlerde durmuşyň öňküleri ýaly agyrdygyny aýdýar.
— Daşkendiň çäginden daşardaky adamlar öňküleri ýaly ýaşaýarlar. Men häli-şindi çet ýerlere gitmeli bolýa, kä iş bilen, kä garyndaşlarym üçin. Milletiň elinde pul ýok, elektrik togy hem gaz yzygiderli kesilip durýar. Ýöne ol ýerlerde-de käbir şertler döredilýär. Meselem, köne jaýlara derek täze tamlar gurulýar. Sebitdäki adamlar oba hojalygynyň hasabyna gün görýärler, şonuň üçin şäherlilerden gowy ýaşaýan fermerler bar. Kimiň puly bolsa, ol Daşkentden kwartira almaga çalyşýar, öz obasynda bolsa işlemekçi. Öň prezidentiň golaýy bolaýmasaň, paýtagtda ýazga durmak başartmaýardy, indi rugsat edýärler. Täze gurulýanlardan kwartira al-da, şol ýere ýazyl– diýip, ol aýdýar.
SAMARKANT: TURIZMIŇ MERKEZI HEM KERIMOWYŇ MAWZOLEÝI
Çalt hereketli «Afrosiab» otlusy Daşkentden Samarkanda çenli aralygy (ol 300 kilometrden gowrak) iki sagatda geçýär. Otlynyň içi edil uçardaky ýaly, onda beriljek nahar biletiň bahasyna girýär, ugradyjylar örän sypaýy, mylaýymlyk bilen ýagdaýyňy hem näme geregiňi sorap durlar.
Samarkant Özbegistanyň esasy turistik merkezi. 2016-njy ýylda bu ýerde öňki prezident Islam Kerimow jaýlanansoň, turistlerden daşary ýerli ýaşaýjylar hem oňa zyýarata gelýärler.
Kerimowyň mawzoleýine meni ýerli ýolbelet Şuhrat alyp bardy. Ol ýarym açyk ýagdaýda işleýän eken. Merkezi duralgada ýolagçylara arzan bahadan şäheriň ähli oňat ýerlerini görkezmegi teklip edýär. Taryhy ýerlere turistleri alyp barýan Şuhrat turist polisiýasyna görünmejek bolup, öz ulagyndan düşenok. Köp göze ilse, oňa özbaşdak kärhana açyp, hasaba durmagy buýurjaklar. “Men onsuzam köp gazanamok, olara-da salgyt tölär ýaly” diýip, Şuhrat bu iş bilen açyk işlemeýäniniň sebäbini düşündirýär.
Islam Kerimowy gadymy Hazrat-Hyzr metjidiniň ýanynda jaýlapdyrlar. Ol metjit ÝUNESCO-nyň goragynda durýar. Bu ýeriň taryhy gymmatyna garamazdan, 2018-nji ýylda Kerimowyň guburynyň üstünden mawzoleý bina edilipdir. Ol ak hem gara-gök mermerden gurlupdyr. Aramgähiň içki bölekleri ýarym gymmat bahaly daşlardan, gabyr üsti ak oniks daşy bilen bezelipdir, bu ýere aý şöhlesi düşende, onuň örän owadan reňk alýandygyny aýdýarlar.
Kerimowyň mazaryna itinip seredip durmaga rugsat berilmeýär, ony güýç ulanyjylar gorap, ýoly saklamaz ýaly, zyýaratçylary gyssap durýarlar.
Men fotoapparatymy çykaranymda, poliseý:
— Bu ýerde surat almak gadagan – diýdi.
Ol ýeri gizlinlikde surata düşürmeli boldum. Mawzoleýiň arkasynda kiçi jaý bolup, onda dynç almak hem doga sesini eşitmek mümkin. Ol ýerde Islam Kerimowyň ady dyngysyz gaýtalanýar, okalýan doga mawzoleýiň ähli ýerinden eşidilýär, ses gataldyjylary goýlupdyr.
— Mazara zyýarat edýänler köp, diri wagtynda ony köpler görmedi ahyryn – diýip, men bilen aramgähe zyýarata giren Şuhrat aýdýar. – Gör, nähili sütünler – agaçdan ýonulyp ýasalan ýaly! Bu hindi çägesi bolmaly, edilen işleriň ählisi örän köp harjy talap edýär, ýöne ömürlik.
Meniň öňki gürrüňdeşlerimden tapawutlylykda, Şuhratyň pikiriçe, Kerimow döwründe ýaşaýyş gowy eken. Muny ol sadaja durmuş ölçegi – arzançylyk bilen düşündirýär.
— Kerimow döwründe azyk önümleri hem benzin arzandy – diýip, Şuhrat aýdýar. – Häzir bolsa bar zat gaty gymmatlady; elektrik, gaz, suw, et. Munuň näme sebäpdendigini bilemok, ýöne millet närazy. Muňa gaharlanmak bolanok; bir zat diýdigiň, bahana tapyp türmä basýarlar. Tankyt etmek gadagan.
Şuhrat meni Samarkandyň tozanly köçesinden alyp barşyna, öz durmuşyndan gürrüň berýär. Ol 33 ýaşynda, aýaly, iki çagasy bar. Onuň sözüne görä, şäherde iş ýeterlik, ýöne aýlyk az.
— Men her aýda ortaça 300–400 dollar gazanýan, başgalar bolsa has az — 250 dollar gazanýarlar.
— Şol pul siziň durmuşyňyza ýetýärmi?
— Diňe iýmäge hem maşynyň ýangyjyna, garaz, şoňa ýaşamak mümkin – diýip, Şuhrat aýdýar. – Meniň maşynym gaz bilen ýöreýär, benzine pul çykaramok. Bu ekskursiýa işimiň gapdalyndan biznes bilenem gyzyklanyp bolardy. Köpler şeýlerägem edýärler, kimisi towuk saklap, ony 40 günde ýetişdirýär, kimsi dükan açýar, kim zat satýar.
Şuhratyň sözüne görä, soňky üç ýylda turistler iki essä golaý artypdyr. Şonuň hasabyna Samarkantda gazanç etmek birneme artypdyr. Ol geljekde ýagdaýyň gowulaşjagyna umyt edýär.
— 2021-njy ýa-da 2022-nji ýylda Samarkantda halkara aeroportuň gurluşygyna başlanjak. Şonda ähli turistler häzirki ýaly Daşkende däl-de, göni şu ýere geljek. Paýtagtda taryhy ýerler bolmansoň, ol täsirli däl.
Şäherden çykmankak, Şuhrat maňa ýene bir göräýmeli ýeri – Samarkant bazaryny görkezdi. Ol ýerde hozuň, her dürli guradylan miweleriň, başga-da biziň tanamaýan, ýöne diýseň tagamly bolan zatlaryň şowhunly bazary bar. Bu zatlar näme üçindir Gazagystanyň bazaryna ýetmeýär. Ähli zady dadyp görmek mümkin, munuň üçin satyjydan rugsat soramak gerek däl. Şuhratyň sözüne görä, tutuş bazary aýlansaň, gerk-gäbe doýmak mümkin, ýöne ol meni «ynamly» söwdagärleriň ýanyndan, «gowy kişmiş-erikli» ýerlerden geçirdi. Meniň göwnüme bolmasa, ol önümleriň bary meňzeş, bahalar şol bir baha.
Her hili sowgatlyk zatlary satýanlar köp, aýratyn-da özbek tahýasy, dürli don hem halatlar, çäýnek-käseler, palaw üçin uly mejimeler has köp. Ýöne Kerimowyň şekili goýlan sowgatlyk mejime seýrek. Onuň portreti goýlan çanagy diňe bir dükandan tapyp boldy. Ol ilkinji prezidentiň mazaryndan onçakly uzak bolmadyk ýerdäki Bibi-Hanum mawzoleýiniň garşysyndaky dükanda bar eken. Bir bölek ýerde Kerimowyň suratlary goýlupdyr, her surat 5 müň sumdan (ortaça 53 sent). Söwdagär maňa Kerimowyň Putin bilen düşen suratyny satjak bolup dyrjaşdy, ýöne Gazagystandan gelendigimi bilensoň, elini keýpsiz salgady. Ýöne olaryň arasynda Kerimowyň Nazarbaýew bilen düşen suraty ýok eken.
Şuhrat meni demirýol duralgasyna getirdi. Ol elimi gysyp hoşlaşyp durşuna, maý aýynda gelsem gowy boljakdygyny, bir günlük däl, azyndan dört günlük gelmegimi maslahat berdi.
— Ýazda bu ýerler örän owadan bolýar. Men saňa şeýle bir ýerleri görkezeýin, öz Gazagystanyňa dolanasyň gelmez – diýip, ýolbelet meniň bilen hoşlaşanda aýtdy.
Men onuň telefonyny ýazyp aldym-da, wokzalyň içine ugradym. Samarkant meniň göwnüme ýarady, ýöne näme üçindir gaýdasym geldi. Sebäbi, belkem, häzir maý däl.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçysy Pýotr Trotsenko tarapyndan taýýarlandy.