Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wans Eýran bilen gepleşikler üçin Şweýsariýa saparyny yza süýşürdi -“logistika” sebäpleri görkezildi

ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans
ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans

Ak tam “logistika” meselelerine salgylanyp, wise-prezident JD Wansiň Eýran bilen göni gepleşikler üçin Şweýsariýa saparyny yza süýşürendigini aýtdy. Saparyň başda 19-njy iýuna, iki ýurduň prezidentleriniň Ýakyn Gündogardaky urşy bes etmäge gönükdirilen özara düşünişmek memorandumyna gol çekmeginden iki gün soň geçirilmegi meýilleşdirilipdi.

“Bu gepleşikleriň logistika meseleleri hiç haçan ýönekeý ýa-da öňünden çaklap bolýan däldi” diýip, Ak tamyň metbugat wekili 18-nji iýun giçlik AFP tarapyndan sitirlendi.

“Häzirki ýagdaýa görä, wise-prezident şu gije ýola düşmeýär. Biz tehniki gepleşikleriň mümkin boldugyça tiz başlanmagyna garaşýarys.”

Gepleşikleriň özleriniň başlanmagynyň hem yza süýşürilip-süýşürilmejekdigi dessine aýdyň bolmady. Emma dpa habar agentligi Ak tamyň metbugat wekiline salgylanyp, golaýda geçiriljek gepleşikleriň meýilnamalarynyň entek doly gutarnykly däldigini habar berdi.

Eýranyň Tasnim agentligi Tähran wekiliýetiniň Şweýsariýa sapary barada “hiç zadyň tassyklanmandygyny” aýtdy. Eýran mediasy tassyklanmadyk habarlara salgylanyp, Tähranyň Liwanda dowam edýän Ysraýyl hüjümleri sebäpli öz toparyny ibermegi yza süýşürendigini ýazdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan 17-nji iýunda tas dört aý bäri dowam edýän urşy bes etmäge gönükdirilen çarçuwalaýyn ylalaşyga gol çekdi.

Wagtlaýyn ylalaşyga laýyklykda, Tähran bilen Waşingtonyň soňky çözgüde gelmegi üçin 60 güni bar. Bu çözgüt Eýranyň ýadro programmasyna çäklendirmeleri we ABŞ-nyň yslam respublikasyna garşy sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny öz içine alýar. Şeýle hem ylalaşykda Eýranyň Ysraýylyň Liwandaky hüjümlerini bes etmegi baradaky talaby hem orun aldy.

18-nji iýunda geçirilen metbugat brifinginde Wans žurnalistlere Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň soňky çözgüde gelmegi üçin berlen 60 günlük möhletiň eýýäm başlandygyny aýtdy.

“Men 60 günlük möhlet resmi taýdan şu gün başlandy diýerdim” diýip, Wans aýtdy.

Başda gol çekişlik dabarasynyň 19-njy iýunda Ženewada geçirilmegi, ABŞ tarapyndan Wansiň, şeýle hem iki ýurduň ýokary derejeli diplomatlarynyň gatnaşmagy mümkin diýlip çaklanypdy.

Emma Tramp bilen Pezeşkiýan 17-nji iýunda özara düşünişmek memorandumyna garaşylmadyk ýagdaýda sanly görnüşde gol çekdi.

Şondan soň üns Ženewada geçirilmegine garaşylan tehniki gepleşiklere gönükdi. Onuň dowamynda gepleşikleri alyp barýanlar özara düşünişmek memorandumyny jikme-jik durmuşa geçiriş meýilnamasyna öwürmäge synanyşar.

“Şu dynç güni Şweýsariýada geçiriljek duşuşyk örän möhüm bolar” diýip, ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi aýtdy we taraplaryň haýsy hem bolsa biriniň garaşylýan şertleri ýerine ýetirip bilmejekdigi “aýlar däl-de, günleriň ýa-da hepdeleriň içinde” aýdyň bolmalydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Makala AFP we dpa agentlikleriniň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Forum

XS
SM
MD
LG