Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Watan" habarlary ýene tutulanlary we 'ak ýürekden' toba edenleri görkezdi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi ýene bir gezek düzgün bozmakda aýyplanýanlaryň ‘teletobasyny’ görkezdi.

Türkmenistanda ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýanlary telewideniýede toba edýän, özüni ýazgarýan görnüşde görkezmek adaty bir zada öwrüldi.

Bu gezekki teletoba içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren hasabaty bilen utgaşdyryldy.

Ministr prezidente temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurda bikanun getirilmegine we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri we döwletiň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň kazyýet işinde özüni kanun esasynda gorap bilmeginiň kepillendirilýändigini, adamlaryň özüne we ýakynlaryna garşy beren görkezmeleriniň ýuridiki güýjüniň ýokdugyny aýdýar. Emma synçylar we garaşsyz neşirlere başdan geçirenlerini gürrüň beren ozalky bendiler ýurtda açylýan jenaýat işleriniň köplenç bikanun basyşlara, ol ýa-da beýleki görnüşdäki gynamalar esasynda alynýan görkezmelere esaslanýandygyny öňe sürýärler.

Sebitde ilatynyň jan başyna laýyklykda iň kän tussagly ýurt diýip bilinýän Türkmenistan bu aýdylýanlary umumylykda ret edýär.

Hukuk goraýjy guramalar Türkmenistany kazyýetleriň garaşsyz däldiginde, metbugat we söz azatlygynyň gazaply çäklendirilmeginde tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG