Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado Trampa Nobel parahatçylyk baýragynyň medalyny berdi


ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Waşingtonda Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado bilen duşuşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Waşingtonda Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado bilen duşuşdy

Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Nobel parahatçylyk baýragynyň özüne berlen medalyny gowşurandygyny yglan etdi diýip, “Associated Press” habar berdi.

Maçado amerikan prezidenti bilen duşuşanyndan soň žurnalistlere ýüzlenip, bu işi "onuň biziň azatlygymyza bolan özboluşly ygrarlylygyny ykrar etmek üçin" edendigini aýtdy.

Tramp biraz soň “TruthSocial” sosial media platformasynda Maçado bilen duşuşmagyň özi üçin "uly hormat" bolandygyny ýazdy.

"Ol köp zady başdan geçiren ajaýyp aýal. Mariýa maňa meniň işim üçin Nobel parahatçylyk baýragyny gowşurdy. Bu özara hormatyň ajaýyp yşaraty boldy. Sag bol, Mariýa!" diýip, ABŞ-nyň prezidenti belledi.

Nobel baýragynyň berlendigi yglan edileninden soň ony yzyna alyp, bölüşüp ýa-da başga birine geçirip bolmaýar diýip, Nobel komiteti geçen hepde aýtdy we bu kararyň gutarnykly we hemişelikdigini ýatlatdy.

XS
SM
MD
LG