Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa we Slowakiýa ÝB-niň Russiýa garşy täze sanksiýalaryna päsgelçilik döretdiler

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 23-nji fewralda Budapeştde parlamentde çykyş edýär.
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 23-nji fewralda Budapeştde parlamentde çykyş edýär.

Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy, Kremliň Ukraina doly göwrümli çozuşynyň dördünji ýylyny dolduryp, bäşinji ýylyna gadam basýan mahaly güýje girizilmegi meýilleşdirilen, has köp sanksiýalar boýunça ylalaşyp bilmedi.

23-nji fewralda Brýusselde duşuşan ÝB-niň daşary işler ministrleri Wengriýanyň we Slowakiýanyň garşylygyndan soň ylalaşyga gelip bilmediler.

"Ertir urşuň başlanmagynyň gynandyryjy ýyldönümidigini göz öňünde tutup, şu gün ylalaşyga gelmändigimize hakykatdanam gynanýaryn, sebäbi biz Ukrainany goldamagy dowam etdirýändigimiz barada güýçli signal ibermeli we şeýle hem Russiýa güýçli basyş etmeli" diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Kaja Kallas aýtdy.

Şeýle-de, ol ÝB-niň 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina doly möçberli çozuşyndan bäri girizilen sanksiýalaryň 20-nji toplumy boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini hem belledi.

Wengriýanyň we Slowakiýanyň wetolary teklip edilýän çäklendiriji çäreleriň hiç biri bilen ilteşikli bolman, olar Ukrainanyň üsti bilen iki Merkezi Ýewropa döwletine barýan, sowet döwründen galan "Družba" geçirijisi arkaly Russiýanyň nebit üpjünçiliginiň togtadylmagy bilen baglanyşyklydyr.

XS
SM
MD
LG