Wengriýanyň oppozisiýa lideri Peter Magýar saýlawda premýer-ministr Wiktor Orbandan üstün çykyp, ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny täzeden gurmak we Moskwa bilen gatnaşyklary çäklendirmek wadasy bilen, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýewropadaky iň ýakyn ýaranyny wezipesinden çetleşdirmek arkaly, möhüm ýeňiş gazandy.
“Saýlawlaryň netijeleri heniz gutarnykly däl, ýöne ýagdaý düşnükli we aýdyň” diýip, Orban 12-nji aprel güni giçlik aýtdy. Saýlaw netijeleri Magýaryň merkez-sagçy “Tisza” partiýasynyň Orbanyň sagçy “Fidesz” partiýasyndan ep-esli öňe saýlanýandygyny görkezýär.
"Saýlawyň netijesi biziň üçin ejirli ýöne aýdyň. Bize dolandyrmak jogapkärçiligi we mümkinçiligi berilmedi. Men ýeňijini gutladym."
Wengriýanyň saýlaw komitetiniň maglumatlaryna görä, ähli býulleten sanalandan soň, “Tisza” sesleriň 53,6 göterimini alyp, 37,8 göterim ses alan “Fidesz” partiýasyndan öňde barýar.
Deslapky hasaplamalar “Tiszanyň” 199 agzaly parlamentde 138 orny eýeleýändigini görkezýär – eger-de tassyklansa, bu oňa konstitusion üýtgetmeleri öňe sürmek üçin zerur bolan köplügiň, üçden iki bölegiň sesini almaga ýeterlik bolar.
"Meniň wenger doganlarym - biz muny başardyk!" diýip, Magýar Budapeştde goldawçylaryna ýüzlenip aýtdy. Ol daşary ýurda ilkinji saparynyň Warşawa boljakdygyny aýdyp, Polşanyň premýer-ministri Donald Tuskdan güýçli goldaw alandygyny nygtady.
"Ýene bilelikde! Şanly ýeňiş, eziz dostlar!" diýip, Tusk X-de ýazyp, wenger dilinde "Ruslar, öýüňize gaýdyň!" diýip, sözüni üstüni ýetirdi.
Magýar soňra "Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmesiniň boşadylmagy üçin Wena we Brýussele gitjekdigini" aýtdy. Saýlawlaryň netijesi Brýusselde, Kiýewde, Moskwada we Waşingtonda üns bilen synlandy.
Tramp 12-nji aprelde Waşingtona gaýdyp geleninden soň, gidip barýan wagty žurnalistleriň Orban barada gygyryp soran soraglaryna jogap bermedi.
Awtoritar tendensiýalara berlen gaýtawul
Weteran amerikan diplomaty Daniel Frid Wengriýanyň haýran galdyryjy saýlaw netijesini "örän uly ylalaşyk" diýip atlandyrdy we munuň Ýewropada we ondan daşarda awtoritar tendensiýalara garşy edilen giň gerimli gaýtawulyň alamaty bolandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň ýedi administrasiýasy döwründe milli howpsuzlyk ulgamynda ýokary wezipelerde işlän we häzir “Atlantik Geňeşde” abraýly işgär bolan Frid 12-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu netijäniň şeýle tizligine we gerimine haýran galandygyny aýtdy.
“Netijeleri şeýle tiz bilýändigimize biraz geň galdym” diýip, ol synçylaryň köpüsiniň sesleriň sanalmagynyň uzaga çekmegine garaşandygyny belledi.
“Şeýlelikde, Wiktor Orbanyň boýun almagy munuň [oppozisiýanyň] isleýän we Wengriýanyň demokratiýa tarapdar halkynyň doga eden uly ýeňşi bolandygyny görkezýär, ýöne ol bolýança hiç kim muňa garaşmady.”
Wengriýanyň Ýewropa Bileleşiginiň köp ýurdy bilen kyn gatnaşykda bolmagy bileleşigiň 27 agzasynyň ses berişligiň netijesine uly gyzyklanma bildirendigini aňladýar. Bu saýlawa Waşington bilen Moskwa hem ýakyndan syn etdi, sebäbi olaryň ikisi hem soňky 16 ýylyň dowamynda häkimiýet başynda bolan Orban bilen gowy gatnaşykda boldy.
"Wengriýa Ýewropany saýlady. Ýewropa hemişe Wengriýany saýlaýardy. Bir ýurt öz Ýewropa ýoluny yzyna gaýtaryp alýar" diýip, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen Orban ýeölendigini boýun alanyndan gysga wagt soň aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski Magýary "ynandyryjy ýeňşi" bilen gutlady we "Konstruktiw çemeleşmäniň ýeňiş gazanmagy möhümdir" diýip, Telegram ýazgysynda ýazdy.
Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimle urşa baslanyndan soň, ÝB agzasy hökmünde, Orbanyň hökümeti ÝB-niň Orsýete garşy sanksiýa girizmek baradaky kararlarynyň köpüsiniň öňüni almagy ýa-da olary gowşatmagy başardy.
Şeýle-de, Orbanyň hökümeti ÝB-niň Ukrainany goldamagyna päsgel berip geldi.
Ýakynda ol Kiýewe 2026 we 2027-nji ýyllar üçin 90 milliard ýewro (105 milliard dollar) möçberinde karz berilmegini togtadypdy, ÝB liderleri bu karzlaryň berilmegi barada başda 2025-nji ýylyň dekabrynda ylalaşyga geldipdi.
Geçen aý wenger polisiýasy 80 million dollardan gowrak nagt pul we 9 kilogram altyn plitasyny alyp barýan iki awtoulagy, şeýle-de Awstriýadan öz ýurtlaryna pul gurallaryny alyp barýan, ýagny olary yzygiderli daşamak bilen meşgullanýan hasaplanýan ýedi ukrain raýatyny saklady.
Bu çäreler Orban Ukrainany "Družba" geçirijisi arkaly akdyrylýan rus nebitiniň iberilmegini togtatmakda aýyplanyndan soň görüldi. Ukraina energiýa geçirijiniň Orsýetiň hüjümleri sebäpli zaýalanandygyny we abatlaýyş işleriniň wagt aljakdygyny aýdýar.
Orsýete syzdyrylan jaňlar
Bu ýagdaýlaryň ählisi, şeýle-de Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Sijýartonyň rus kärdeşi Sergeý Lawrowa ÝB-niň ýokary derejeli duşuşyklary barada maglumat berýän ýaly görnen telefon jaňlarynyň syzdyrylmagy saýlaw kampaniýasyna öz täsirini ýetirdi
Wengriýanyň daşary işler ministri ilki muny inkär eden hem bolsa, soňra ÝB duşuşyklaryndan öň we soň diňe bir rus kärdeşleri bilen däl, eýsem Ysraýyldan, Serbiýadan, Türkiýeden we ABŞ-dan gelen kärdeşleri bilen hem gürleşýändigini tassyk etdi.
"Fransiýa demokratik gatnaşygyň, wenger halkynyň Ýewropa Bileleşiginiň gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň we Ýewropadaky Wengriýa ýeňşini gutlaýar" diýip, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Magýary ýeňiş bilen gutlamak üçin jaň edeninden soň aýtdy.
"Geliň, bilelikde, materigimiziň howpsuzlygy, biziň bäsleşligimiz we biziň demokratiýamyz üçin has özbaşdak Ýewropany öňe ilerledeliň" diýip, ol aýtdy.
Magýaryň saýlaw kampaniýasyndaky esasy ünsi içerki meselelere, hususan-da korrupsiýa garşy göreş kampaniýasyna gönükdirildi.
Ol 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda daşary syýasat instinktleriniň seresaply boljakdygyny görkezdi.
Hususan-da, ÝB-niň Wengriýa we goňşy Slowakiýa 2027-nji ýyla çenli Moskwa bilen energiýa gatnaşyklaryny doly kesmekleri, beýleki agza döwletleriň görýän çärelerine goşulmaklary üçin edýän basyşyna garamazdan, Russiýanyň gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň importynyň beýle çalt soňlanyp bilinmejekdigini aýtdy.
Häzirki wagtda Wengriýa tebigy gaz üpjünçiliginiň takmynan 95 göterimini Russiýadan import edýär, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa, bu ýurduň nebit importynyň takmynan 92 göterimi Russiýadan geldi.
Makala Aleks Raufoglunyň Waşingtondan iberen habary esasynda taýýarlandy.
Forum