Soňky habar

Wizalar, sanksiýalar, maliýe: ÝB rus türgenlerine girizilen gadaganlyklary nähili uzaltmakçy?

2023-nji ýylyň martynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde Halkara Olimpiýa komitetiniň baş edarasynyň öňünde geçirilen protest.
2023-nji ýylyň martynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde Halkara Olimpiýa komitetiniň baş edarasynyň öňünde geçirilen protest.

BRÝUSSEL -- Ýewropa Bileleşigi rus we belarus türgenleriniň bileleşigiň çäginde öz ýurtlarynyň baýdaklary we nyşanlary astynda ýaryşlara gatnaşmagynyň öňüni almak üçin täze çäreleri taýýarlaýar. Bu ädim halkara sport guramalarynyň Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimli çozuşy sebäpli girizilen gadaganlyklary kem-kemden gowşadýan wagtyna gabat gelýär.

Ýakyn aýlarda ÝB ýurtlarynda birnäçe halkara sport çäresiniň geçiriljekdigi Brýusseldäki gepleşikleri has-da derwaýys etdi. Hatda Ýewropanyň alty ýurdy Russiýa gatnaşan halatynda geljek ýyl Germaniýada geçiriljek hokkeý boýunça dünýä çempionatyny boýkot etjekdigini duýdurdy.

«Biz Russiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara hokkeý ýaryşlaryna gaýdyp gelmegine garşy» diýip, Germaniýanyň hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Frank Luts şu aýyň başynda aýtdy.

Bu ýagdaýa nähili gelindi?

Şu ýyl rus we belarus türgenleriniň halkara ýaryşlaryna doly hukukly dolanyp gelmegine ýol açyp biljek möhüm kararlar kabul edildi.

Ilki bilen, Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) tomusda Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň işine girizilen togtatmany wagtlaýyn aýyrmak kararyna geldi. Bu ädim rus türgenleriniň 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna bitarap türgen hökmünde däl-de, Russiýa wekilçilik edip gatnaşmagyna ýol açyp biler.

Şuňa meňzeş karar ýazda Belarusyň türgenleri üçin hem kabul edildi. Belarus 2022-nji ýylda rus tanklarynyň Ukraina çozuşyna öz çäginden ýol açandygy sebäpli gadaganlyklara goşulypdy.

Bu kararlar käbir sport federasiýalarynyň iki ýurduň türgenlerine milli nyşanlary we senalary bilen ýaryşlara gaýdyp gelmäge rugsat bermegine getirdi. Öz gezeginde, bu Ýewropanyň we Günbataryň beýleki käbir ýurtlaryny, aýratyn-da öz çäklerinde geçirilýän ýaryşlar babatda, özbaşdak çäre görmäge mejbur etdi.

Soňky hepdelerde Finlandiýa rus türgenlerine we sport hünärmenlerine berilýän gysga möhletli iş wizalaryny çäklendirjekdigini yglan etdi. Şwesiýa fewralda Falun şäherinde geçiriljek demirgazyk lyža görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna rus türgenleriniň gelmeginiň öňüni almak mümkinçiligini işjeň öwrenýär. Estoniýa bolsa ýanwarda öz çäginde geçiriljek şol ýaryşyň ýaşlar görnüşi üçin şeýle karary eýýäm kabul etdi.

Çehiýa hem ýanwarda geçiriljek 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky hokkeý boýunça dünýä çempionatyna rus türgenleriniň gelmegini we gatnaşmagyny gadagan etdi.

«Rus türgenleriniň çempionata gatnaşmagy üçin wiza berilmegini iş ýüzünde gadagan edýän hökümet görkezmeleri we beýanatlary bar» diýip, Çehiýanyň içeri işler ministri Lýubomir Metnar 18-nji noýabrda aýtdy.

Geljek ýylyň maýynda Germaniýada geçiriljek uly ýaşly erkekleriň arasyndaky hokkeý ýaryşynyň nähili boljakdygy henizem näbelli. Ýewropanyň birnäçe esasy hokkeý ýurdy Russiýanyň topary bilen oýnamakdan ýüz öwürýändigini yglan etdi.

Esasy hemaýatkär bolan Germaniýanyň Volkswagen toparyna degişli çeh awtoulag kompaniýasy Škoda Russiýa gatnaşan halatynda maliýe goldawyny bes etjekdigini duýdurdy.

Bu çäreleriň meselesi olaryň her ýurt tarapyndan aýratyn, her ýaryşa görä görülýändigidir. ÝB-niň birnäçe agzasy Brýusselden tutuş bileleşik boýunça has sazlaşykly çäreleri taýýarlamagy sorady.

Munuň zerurdygy aýdylýar, sebäbi käbir ýurtlar geljekde dürli sport ýaryşlaryny geçirmek hukugyndan mahrum bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Brýusseliň taýýarlaýan has berk hukuk binýady rus türgenleriniň we toparlarynyň doly hukukly gaýdyp gelmegine päsgel bermek isleýän ýurtlaryň esaslaryny güýçlendirerdi.

Häzir taýýarlanýan çäreler üç ugry öz içine alýar: wiza düzgünleri, sanksiýalar we maliýeleşdirmek.

Wizalar

Wiza bermek, esasan, ÝB-niň her bir agza döwletiniň öz ygtyýaryndadyr. Brýussel rus raýatlary babatda tutuş bileleşige degişli wiza görkezmelerini çykardy. Emma olarda häzirlikçe türgenler barada aýratyn we anyk düzgünler ýok.

Ýewropa Komissiýasy görkezmelerine täzeden seredýär, şonuň üçin bu ýagdaý ýakyn hepdelerde üýtgäp biler. Ýöne bular diňe maslahat häsiýetli görkezmeler bolup, olaryň ýerine ýetirilmegi hökmany däl.

Häzir Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlary rus raýatlarynyň diňe zerur saparlary üçin wiza berilmegine rugsat edýän düzgünlere esaslanyp, türgenleri ýurda goýbermeýärler. Bu düzgünler oppozisiýa wekilleri, goraga mätäç adamlar we belli bir lukmançylyk zerurlyklary ýa-da bejergi üçin gelýänler ýaly toparlara degişli. Türgenleriň bu talaplara laýyk gelmegi kyn.

Başga bir hukuk ýoly ÝB-niň Wiza kodeksinden peýdalanmak. Onda arza beriji «agza döwletleriň islendik biriniň halkara gatnaşyklaryna howp» hökmünde görülse, oňa wiza berilmezligi we ýurda girmegine rugsat edilmezligi göz öňünde tutulýar.

ÝB-niň Wiza kodeksi bileleşigiň ähli agzalary üçin hökmanydyr. Geljek ýylyň başynda ony täzelemek baradaky teklip hem hödürlener. Emma kodeksi üýtgetmek üçin agza döwletleriň kesgitlenen köplüginiň goldawy gerek. Bu mesele boýunça gepleşikler şu gyşda geçiriljek sport çärelerine täsir eder ýaly çalt tamamlanmaz.

Täze düzgünlerde basybalyjylykly uruş alyp barýan ýurda wekilçilik edýän türgenlere aýratyn gadaganlygyň giriziljekdigi ýa-da düzgüniň has umumy görnüşde galyp, hukuk taýdan dürli düşündirişlere açyk boljakdygy hem näbelli.

Sanksiýalar

Ýene bir ýol sanksiýalardyr. Rus we belarus türgenlerine wiza gadaganlygyny girizmek we olaryň emläklerini doňdurmak mümkinçiligi bar. Emma munuň üçin olaryň hereketleriniň haýsydyr bir görnüşde «Ukrainanyň çäk bitewüligini bozmaklyga» goşant goşandygyny ýa-da gibrid howplar arkaly ÝB-niň durnuklylygyny bozmakda işjeň bolandygyny subut etmeli.

Şeýle subutnamalary tapmak kyn bolup biler. Brýusselde türgenleri jezalandyrmaga islegsizlik hem bar, sebäbi esasy üns syýasatçylara we karar kabul edýän beýleki adamlara gönükdirilýär.

ÝB-niň häzir öwrenýän mümkinçiligi diňe aýry-aýry adamlary gara sanawa goşmak däl-de, milli nyşanlar bilen ýaryşýan rus we belarus türgenlerine pudaklaýyn sanksiýalary girizmekdir. Bu çäre şu hepde agza döwletlere hödürlenjek täze sanksiýa bukjasyna girizilip biler.

Bu bileleşigiň Russiýanyň ulag hyzmatlary, inženerçilik işleri ýa-da rus habar serişdelerine elýeterlilik ýaly beýleki ugurlara eýýäm girizen çäklendirmelerine meňzeş umumy gadaganlyk bolar.

Emma bu ýerde mesele biragyzdan ylalaşmak zerurlygydyr. ÝB-niň 27 agzasynyň ählisi ýakyn wagtda şeýle ädim barada hakykatdan-da ylalaşyp bilermi?

Maliýe

Soňky ugur maliýeleşdirmekdir, aýratyn-da Erasmus+ Sport maksatnamasy arkaly berilýän serişdeler. ÝB-niň bu maksatnamasy Ýewropanyň sport guramalaryny we federasiýalaryny, köplenç ýerli derejede, maliýeleşdirýär. Onuň ýyllyk býujeti takmynan 80 million ýewro, ýagny 88 million dollar bolup, adatça 1,5 million ýewro çenli grantlar berýär. Bu örän uly pul ýaly görünmese-de, kiçi sport görnüşleri, klublar we sport desgalaryny gurýan ýa-da saklaýan ýerli häkimlikler üçin aýgytly goldaw bolup biler.

Ýewropa Komissiýasy Erasmus+ maksatnamasynyň görkezmelerini ýakynda täzeledi.

Indi resminamada rus türgenlerine «milli baýdak, sena we beýleki nyşanlary ulanmak bilen öz ýurduna doly wekilçilik edip sport çärelerine gatnaşmaga rugsat berýän» halkara sport dolandyryş guramalarynyň, şeýle hem şeýle ýaryşlary guraýan guramalaryň bu serişdeleri alyp bilmejekdigi aýdylýar.

Resminama görä, bu çäre «Ukraina garşy basybalyjylykly uruş üçin jogapkär Russiýa sport arkaly kanunylyk ýa-da abraý artykmaçlygyny bermezlik we sportda halallygy hem-de gymmatlyklary öňe sürmek maksadyna zyýan ýetmezligini üpjün etmek» üçin görülýär.

​
XS
SM
MD
LG