Gazagystanda tebigy şertlerde häzir iki sany gaplaň ýaşap ýör, ýurtda beýle äpet ýyrtyjylar soňky gezek 80 ýyl mundan öň görnüpdir. 2-nji noýabrda Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrligi, Amur atly erkek gaplaňlaryň, şeýle iri pişik maşgalasyna degişli haýwanlar üçin döredilen tebigy goraghananyň çägine goýberlendigini yglan etdi.
Amur, Almaty şäherinden demirgazyk-günbatar tarapda, takmynan 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän "Ile-Balhaş" döwlet tebigy goraghanasyny, Russiýadan getirilen we şol ýere 31-nji iýulda goýberlen Umit atly urkaçy gaplaň bilen paýlaşar. Taryhy ähmiýetli ýagdaýda tebigata goýberlen urkaçy gaplaň soňky 10 günüň dowamynda bir ýabany doňuzy we bir gurdy awlap iýdi, habarlarda onuň Gazagystanyň tebigy şertlerine üstünlikli uýgunlaşandygy aýdyldy.
Waleriý Bilýaçenko gaplaňyň goýberlen ýeriniň golaýynda dynç alyş balykçylyk bazasyny dolandyrýar we ol taslamanyň nähili ösýändigini üns bilen synlaýanlaryň biri. Ol Azatlyk Radiosyna ýerli ilatyň gaplaňlary gaýtadan ornaşdyrmak taslamasyna garşydygyny aýtdy.
"Ýerli obalaryň esasy güzerany maldarçylykdyr" diýip, ol belledi. "Olaryň öri meýdanlary we mallary bar we elbetde, ýerli ilat gaplaňlaryň öz mallaryny öldürmeginden howatyrlanýarlar."
Käbir obalar iki gaplaňyň goýberlen ýerinden bary-ýogy onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýär.
"Gaplaňlara häzir sputnik yzarlaýjy boýunbaglar oturdyldy, şonuň üçin olaryň hereketleri gözegçilikde saklanýar we olar obalara ýakynlaşyp başlanda, olary gorkuzmak üçin ýörite toparlaryň iberiljekdigi bize aýdyldy" diýip, Bilýaçenko aýtdy.
Gazagystanda gaplaňlar bilen adamlar ýa-da mallar arasynda wakalar ýüze çykmaz ýaly öňüni alyş "konflikte garşy" toparlar döredildi. Mundan başga-da, gaplaň obadan ýa-da fermadan 5 kilometr uzaklykda görünse, ýerli ilata awtomatik görnüşde habar berler ýaly sistemany girizmek planlaşdyrylýar.
"Biziň esasy maksadymyz diňe bu ýyrtyjylary taryhy ýaşaýyş ýerlerine gaýtarmak däl, eýsem tebigatda garaşsyz ýaşap we köpelip bilýän durnukly populýasiýany döretmekdir" diýip, Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Alibek Kuantyrow Amur atly gaplaňyň tebigata goýberilmeginden soň aýtdy.
Häzirki wagtda goraghana goýberlen iki gaplaňyň ahyrsoňy biri-birini tapyp, "gaplaň toýunyň" boljagyna umyt baglanýar, emma bilermenler olaryň birleşmek mümkinçiliginiň azdygyny aýdýarlar.
Bilýaçenko balykçylyk öýi üçin ýakyn wagtda täsiriň az boljakdygyny çaklaýar, ýöne ol munuň üýtgemeginiň mümkindigini aýdýar. 2027-nji ýylda goraghana ýene iki ýaş ýolbarsyň goýberiljekdigi we ahyrky maksadyň Gazagystanyň çölünde 50 töweregi gaplaňyň bolmalydygy aýdyldy, bu bolsa gaplaňlary görmek syýahatçylygynyň geljegini açýar, ýöne bu adamlaryň bu sebitde erkin tebigatda dynç almak isleglerini çäklendirip biler.
Ile-Balhaş döwlet tebigy goraghanasy 2018-nji ýylda döredildi. Bu ýer, uly pişikler maşgalasyna degişli ýyrtyjylar üçin "aw binýadyny" (iýmit çeşmesini) baýlaşdyrmak maksady bilen, 200-den gowrak keýik we 100-den gowrak gulan getirilip, ornaşdyrylypdyr.
Bahasy 30 million dollara barabar bolan bu gaplaň taslamasy Gazagystan bilen Russiýanyň (haýwanlar hut şu ýurtdan getirilýär) bilelikdäki tagallasy bolup, oňa Bütindünýä tebigaty goramak gaznasy (WWF), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) we Gazagystan tarapyndan maliýe goldawy berildi.
Ozallar Gazagystanda gaplaňlaryň ep-eslisi ýaşaýardy, emma olaryň awlanmagy we ýaşaýyş gurşawynyň ýok edilmegi sebäpli, 1930-njy ýyllaryň ortalarynda olaryň sany takmynan 10-a çenli azaldy. 1948-nji ýyla çenli bolsa, bu uly pişikler häzirki Gazagystanyň çäginden düýbünden ýitip gitdi diýlip çaklanýar.
Russiýanyň "Amur ýolbarsy merkezi" (Amur Tiger Center) guramasynyň baş direktory Sergeý Aramilew Gazagystandaky bu taslama barada şeýle diýdi: "Bu taslama dünýä möhüm bir habar berýär. Hiç bir ýurt taryhy taýdan ýitip giden uly süýdemdirijini, esasanam ýyrtyjy haýwany gaýtadan dikeldip bilmedi".
Onuň aýtmagyna görä, eger bu başlangyç üstünlikli başa barsa, haýwanlaryň tebigata gaýtarylmagy üçin "mümkindigini beýleki ýurtlara-da görkezer".