Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: Russiýa garşy girizilen sanksiýalar saklanyp galynmaly


Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi
Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi

Ýaponiýa we ugurdaş ýurtlar Russiýa Ukrainadaky agressiýasyny bes edýänçä, oňa garşy girizilen sanksiýalary saklap galmaly we agzybir bolmaly diýip, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi 2-nji iýunda aýtdy.

“Ýagdaýdan çen tutulsa, hususan-da Russiýanyň aýdýan we edýän zatlaryndan çen tutulsa, meniň pikirimçe, G7-niň we ugurdaş ýurtlaryň heniz-de Russiýa garşy berk sanksiýalary dowam etdirmegi hem-de agzybir galmagy möhüm bolup durýar” diýip, Haýaşi metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol sanksiýalaryň Russiýany “öz agressiýasyny bes etmäge” höweslendirjegine, şonda dialog we parahatçylyk gepleşiklerinden peýdalanmak tapgyryna geçip boljagyna umyt bildirdi.

XS
SM
MD
LG