Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa hytaý goşuny, rus baglanyşyklary we taýwan dartgynlygy babatyndaky hüşgärligini ýokarlandyrýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ýapon hökümeti 28-nji iýulda çap edilen hasabatynda, Hytaýyň höçjetligi sebäpli, Ikinji jahan urşundan bäri özüniň iň erbet howpsuzlyk wehimleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we harby kuwwatyny has güýçlendirmek üçin täze strategiýany durmuşa geçirjekdigini duýdurdy.

2023-nji ýyldaky goranyş ak kagyzy hökümet dekabr aýynda gapma-garşylykly täze Milli howpsuzlyk strategiýasyny kabul edeli bäri taýýarlanan ilkinji hasabat bolup, Ýaponiýanyň uruşdan soňky syýasatyndan, özüňi goramak üçin güýç ulanmagy çäklendirmekden yza çekilmek bolup görünýär.

Täze hasabatda aýdylmagyna görä, Hytaý, Russiýa we Demirgazyk Koreýa “Ikinji jahan urşy gutaraly bäri iň agyr we çylşyrymly howpsuzlyk gurşawynyň” döremegine goşant goşýar.

XS
SM
MD
LG