Ýaragly adamlar Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz sebitiniň Derbent we Mahaçgala şäherlerinde amala aşyrylan aýry-aýry hüjümlerde iki prawoslaw kilisesine, azyndan bir sinagoga we polisiýa merkezine ot açanda, azyndan 19 adam öldi. Pidalaryň arasynda parahat adamlar bilen bilelikde polisiýa işgärleri hem bar.
Sülçüleriň maglumatyna görä, pidalaryň dördüsi parahat ilata degişli, biraz öň berlen habarlarda 23-nji iýundaky hüjümde 15 polisiýa işgäriniň öldürilendigi aýdyldy.
Sebitiň içeri işler ministrligi 16 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, olaryň 13 sanysynyň polisiýa işgäridigini, üçüsiniň bolsa parahat ilatdandygyny aýtdy.
Sebit häkimi Sergeý Melikow 24-nji iýunda telegramda ýerleşdirilen wideo beýanatynda öldürilen adamlaryň arasynda Derbentdäki prawoslaw kilisesinde 40 ýyldan gowrak hyzmat eden ruhanynyň, 66 ýaşly Nikolaý atanyň hem bardygyny aýtdy.
Melikow alty "garakçynyň" howpsuzlyk güýçleri tarapyndan "ýok edilendigini" aýtdy.
Russiýanyň Terrorçylyga garşy milli komiteti 24-nji iýun güni irden howpsuzlyk operasiýasynyň tamam bolandygyny yglan etdi.
Tutulanlaryň arasynda merkezi Sergokala etrabynyň başlygy, Birleşen Russiýa partiýasynyň ýerli bölüminiň sekretary Magomed Omarow hem bar. Onuň öýi hem döküldi. Birleşen Russiýanyň Dagystandaky metbugat gullugynyň habaryna görä, Omarow guramany abraýdan düşüren hereketleri üçin partiýadan çykaryldy.
Öldürilen hüjümçileriň üçüsiniň şahsyýeti kesgitlendi, “Interfaksyň” ady aýdylmaýan çeşmä salgylanyp habar bermegine görä, öldürilen hüjümçileriň arasynda Omarowyň iki ogly we bir ýegeni hem bar.
Bu hüjümler Russiýada soňky ýyllarda bolan iň erbet terrorçylyk hüjüminden, Moskwanyň etegindäki köp adamly konsert zalynda 145 adamyň ölmegine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hadysadan üç aý soň boldy.
Durnuksyz Demirgazyk Kawkaz sebitinde 23-nji iýunda bolan hüjümleriň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan topar tapylmady.
"Bu Dagystan we tutuş ýurt üçin betbagtçylyk güni boldy" diýip, Melikow resmiler sebitde üç günlük ýas yglan edeninden soň aýtdy.
Aglaba bölegi musulmanlardan durýan dini guramanyň maglumatyna görä, bu hüjümler rus prawoslaw kilisesindäki dini baýramçylyga gabat geldi.
"Radikallar bar güýji bilen bizi biri-birimize garşy goýmak we dinler arasyndaky köprüleri otlamak isleýärler. Emma olar rowaçlyk gazanyp bilmez" diýip, ýerli dini gurama aýtdy.
Russiýanyň Ýewreý jemgyýetleri federasiýasynyň jemgyýetçilik geňeşiniň başlygy Boruç Gorin telegramda hüjüm wagtynda iki şäherdäki sinagoglaryň hem ot alandygyny aýtdy.
"Iki adam öldürildi: polisiýa ofiseri we howpsuzlyk işgäri" diýip, Gorin aýtdy.
Derbent gadymy ýewreý jemgyýetiniň mekany bolup, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär.
Polisiýa merkezine edilen hüjüm Derbendiň 125 km demirgazygynda, Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada boldy.
Näbelli hüjümçiler ýol polisiýasynyň gözegçilik nokadyna hüjüm etdiler. Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, Mahaçgalada iki hüjümçi öldürildi. Oktýabr aýynda, Ysraýyldan gelen uçar gonanda ýewreýlere garşy şygarlara gygyrýan mähelle kürsäp uranyndan soň, bu şäheriň howa menzili birnäçe günläp ýapyldy.
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas 7-nji oktýabrda Ysraýyla hüjüm edeninden soň, bu sebitdäki birnäçe şäherde ýewreýlere garşy protest guraldy.
Birnäçe aý soň, 22-nji martda Moskwanyň golaýyndaky “Crocus City Hall” konsert meýdançasynda bolan gyrgynçylykdan soň, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy, maliýe we ýarag bermekde güman edilen dört dagystanlyny tussag etdi.
Şonda bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti-Horasan” ady bilen tanalýan YD guramasy öz üstüne aldy. Rus derňewçileri bu hüjümi Täjigistanyň dört raýatynyň amala aşyrandygyny aýtdylar.
Häkimiýetler, hüjüm bilen baglanyşykly diýip, Täjigistanyň 11 raýatyny, şeýle-de, Gyrgyzystanda doglan rus raýatyny tussag etdi. Bu Russiýada soňky iki onýyllykda bolan iň elhenç terror hüjümi boldy.
Forum