Ýewropa geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel Bileleşigiň 27 agzasynyň Ukraina goşmaça 50 milliard ýewro kömek bermek barada ylalaşyk gazandygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Brýusselde 1-nji fewralda geçirilen sammitde gazanan ylalaşygy, Wengriýanyň garşylygy sebäpli, şübheli boldy. Mişel X platformasynda ýazan hatynda "Biz ylalaşyk gazandyk... Bu Ukraina üçin durnukly, uzak möhletleýin, öňünden aýdyp boljak maliýeleşdirmäni üpjün edýär” diýdi.
“ÝB Ukrainany goldamak üçin ýolbaşçylygy we jogapkärçiligi öz üstüne alýar; biz nämäniň howp astynda goýulýandygyny bilýäris" diýip, ol ozal Twitter diýlip bilnen platformada sözüniň üstüni ýetirdi.
"Bu kararyň 27 lideriň ählisi tarapyndan kabul edilendigi möhümdir, bu ÝB-niň berk agzybirligini ýene-de bir gezek subut etdi" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu karar baradaky habar köpçülige ýetirilenden soň X-da ýazan hatynda aýtdy.