Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Merkezi Aziýa garşy gadaganlyk girizmejekdigini aýdýar


Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow bilen
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow bilen

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel merkezi aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurtlary Russiýa garşy girizilen çäklendirmeleri bozan ýagdaýynda hem, olaryň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan sanksiýa, gadaganlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmajakdygyny aýtdy.

RBK bu habary Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişeliň 2-nji iýunda "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" sammitinde eden çykyşyna salgylanyp habar berdi.

Mişeliň sözlerine görä, ÝB häzir, sowlup geçmek töwekgelçiligini azaltmak üçin, 11-nji sanksiýa bukjasyny ara alyp maslahatlaşýar we bu çäreler "rus harby maşynyny goldaýanlara" gönükdirilen.

"Biz ekstraterritorial ýörelgesini ulanmaýarys, iň möhümi, biz dünýädäki ähli hyzmatdaşlarymyz bilen diňe gepleşik arkaly işlemek isleýäris" diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG