Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň eger-de Gürjüstan dawaly kanuny kabul etse, onuň agzalyk dalaşgärligini doňduryp biljekdigi aýdylýar


Gürjüstanlylar dawaly “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy protest geçirýärler.
Gürjüstanlylar dawaly “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy protest geçirýärler.

Ýewropa Bileleşigi eger-de Gürjüstan dawaly “daşary ýurt agentleri” kanunyny kabul etse, onda Tbilisiniň Bileleşige agzalyk kandidaturasyny doňdurar diýip, The Financial Times neşiri soňky günlerde Gürjüstan bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşiklerden habarly bir çeşmä salgylanyp maglumat berýär.

Habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki telekeçilik däl guramalar, maliýeleşdirmegiň 20 göteriminden gowragy daşary ýurtlardan gelýän bolsa, teklip edilýän kanunçylyga laýyklykda, “daşary ýurt döwletiniň bähbitlerini yzarlaýan” hökmünde hasaba alynmaly bolarlar.

Tankytçylar bu kanunyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň on ýyl bäri başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak, garaşsyz guramalary jezalandyrmak üçin ulanan "daşary ýurt agenti" kanunlaryna çalymdaşdygyny aýdýar.

14-nji maýda Gürjüstanyň kanunçykaryjylary, kanuna garşy dowam edýän köpçülikleýin protestlere we Günbataryň munuň ýurduň Ýewro-atlantik ymtylmalaryna wehim abandyryp biljekdigi baradaky duýduryşlaryna garamazdan, ony tassykladylar.

XS
SM
MD
LG