Soňky habar

ÝB-niň täze sanksiýalar toplumy Russiýanyň sportdaky täsirini, energetika pudagyny we kriptowalýutalaryny nyşana alýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Halkara boks assosiasiýasynyň prezidenti Umar Kremlew. Moskwa şäheri, 2022-nji ýylyň sentýabr aýy
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Halkara boks assosiasiýasynyň prezidenti Umar Kremlew. Moskwa şäheri, 2022-nji ýylyň sentýabr aýy

Ýewropa Bileleşigi Moskwanyň Ukraina doly göwrümli çozuşy bilen bagly iň soňky sanksiýalar toplumynyň çäginde Russiýanyň Ýewropa sportuna gatnaşmagyna degişli täze çäklendirmeleri girizmegi teklip edýär.

Bu çäreler Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki sport çärelerinde Russiýanyň milli nyşanlaryny ulanmagy, Russiýanyň raýatlarynyň sport federasiýalarynda ýolbaşçy wezipelerini eýelemegini we sport klublarynyň Russiýa döwletinden maliýeleşdirilmegini gadagan eder.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (AÝ/AR) tarapyndan görlen bu teklipler, Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina garşy doly möçberli çozuşyna başlandan soň girizilen ÝB sanksiýalarynyň 22-nji tapgyrynyň bir bölegidir. Şeýle-de, bular Russiýanyň energiýa pudagyny, bank ulgamyny we harby-senagat toplumyny nyşana alyp, ÝB-niň sanksiýalar baradaky gara sanawyna 82 adamy we guramany goşmagy teklip edýär.

Sport çäklendirmeleri, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) şu ýylyň başynda Russiýanyň Olimpiýa komitetine girizilen gadagançylygy wagtlaýynça aýyrmak barada karar kabul etmeginden soň teklip edildi. Gadagançylygy wagtlaýynça aýyrmak baradaky hereket ÝB-de geçirilýän ýaryşlarda rus türgenleriniň doly milli nyşanlary ulanyp ýaryşmagyna ýol açyp biler.

Sanksiýalar toplumy, eger kabul edilse, onda bu "ÝB-de geçirilýän sport çärelerinde ýa-da ýaryşlarynda resmi rus nyşanlarynyň görkezilmegini we olara Russiýanyň hökümet resmileriniň gatnaşmagyny" gadagan eder.

Şeýle-de, bu çäreler Russiýanyň raýatlaryna ÝB ýurtlarynda halkara ýa-da milli sport federasiýalarynyň dolandyryş edaralarynda islendik wezipeleri eýelemegi gadagan etmegi, blokdaky sport klublarynyň we medeni birleşikleriniň Russiýa döwletinden "ýa-da onuň ygtyýarly wekillerinden" pul almagyny gadagan etmegi hem öz içine alýar.

Russiýanyň sport şahsyýetleri

Sanksiýalara sezewar edilen iň meşhur şahslaryň biri rus işewüri we Halkara boks assosiasiýasynyň prezidenti Umar Kremlewdir. Eger sanksiýalar güýje girizilse, oňa Ýewropa Bileleşigine girmek gadagan ediler we onuň eýeçiligindäki serişdeler doňdurylar.

ÝB-niň resminamalaryna görä, Halkara boks assosiasiýasy eýýäm Brýussel tarapyndan gara sanawa girizilen Kremle tarapdar ýaşlar sport guramasy bilen baglanyşyklydyr. Kremlewiň işewür bähbitlerine iri sport lotereýasy we "Rolf JSC" kompaniýasy girýär, bu kompaniýa "Russiýanyň iň uly awtoulag satuw merkezleriniň ulgamy... Russiýa hökümetine uly hyzmat edýän kärhana" diýlip atlandyrylýar.

Resminamalarda Kremlewiň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan döwlet baýragy bilen sylaglanandygy hem bellenilýär.

“Ol Ukrainanyň territorial bitewüligine, özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna zyýan ýetirýän ýa-da howp salýan hereketleri we syýasaty goldaýar we durmuşa geçirýär. Mundan başga-da, ol Russiýa Federasiýasynyň hökümetine maddy ýa-da maliýe taýdan goldaw berýär we ondan peýda görýär” diýlip, resminamalarda aýdylýar.

Sentýabr aýynda ABŞ-nyň metbugatynda Kremlewiň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ogly Donald Tramp kiçiniň Bahama adalaryndaky toýdan soňky dabaralaryň çykdajylaryny tölemäge kömek edendigi barada habarlar peýda boldy.

Donald Tramp kiçi hususy şahs bolany üçin daşary ýurt raýatlaryndan sowgatlary kabul edip bilýär, emma bu maliýeleşdirme jedel döretdi. Soňra prezident Tramp munuň "uly mesele" däldigini we puluň yzyna gaýtarylandygyny aýtdy.

ÝB-niň sanawyndaky sport bilen baglanyşykly ýene bir şahs — Rus goşunynyň Merkezi sport klubynyň (CSKA) ýolbaşçysy Artýom Gromowdyr.

Resminamalara görä, bu sport kluby “Ukrainanyň basylyp alnan territoriýalaryna, şol sanda bikanun agressiýa urşuna gatnaşýan rus esgerlerine ynsanperwer kömeginiň we beýleki serişdeleriň iberilmegini guramak işine” gatnaşypdyr.

Şeýle hem, bu klub basylyp alnan ukrain territoriýalarynda sport ýaryşlaryny gurnady.

Geçmişde sport sanksiýalary meselesinde ÝB agza ýurtlarynyň arasynda biragyzdan ylalaşyga gelmek kyn bolupdy. Gepleşikler bularyň käbiriniň gowşadylmagyna getirip biler. Muňa garamazdan, resminamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň köpüsiniň kabul edilmegine garaşylýar.

Kilise, energiýa, esgerler, kriptowalýutalar

Sport bilen baglanyşykly bolmasa-da, ÝB-niň gara sanawyna goşulmagy teklip edilýän başga bir möhüm desga, Russiýanyň Prawoslaw kilisesiniň Moskwa Patriarhaty tarapyndan dolandyrylýan "Sofrino" önümçilik kärhanasydyr.

Tekstde bu kärhananyň "Ukraina garşy urşa gatnaşýan rus harby gullukçylary üçin dini zatlary, şol sanda harby ruhanylar üçin ýöriteleşdirilen meýdan ybadat toplumlaryny öndürendigi" aýdylýar.

Sanksiýalarda nyşana alynýan başga bir esasy ugur energiýa pudagydyr. Täze teklipler ÝB-niň Russiýanyň çig nebitinden alynýan nebit önümleriniň importyna goýan häzirki gadaganlygyny giňeltmek bilen birlikde, ýangyç mazutyny we wakuum gaz ýagyny hem öz içine alýar.

Mundan başga-da, ÝB kompaniýalaryna Russiýada suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) desgalaryny, çig nebiti gaýtadan işleýän zawodlary we elektrik energiýasyny öndürýän desgalary gurmak we ýa-da işletmek gadagan ediler.

Başga bir garaşylýan çäre hökmünde, sanksiýalar toplumy Ukrainada Russiýanyň tarapynda söweşen häzirki we öňki harby gullukçylaryň ÝB-ne girmegine gadagançylyk girizmegi öz içine alýar.

Şu ýylyň dowamynda ÝB-ne agza ýurtlaryň birnäçesi rus harby gullukçylarynyň gysga möhletli syýahatçylyk wizalary bilen ÝB-ne girip bilýändigine nägilelik bildirdi - bu wizalar esasan Fransiýa, Gresiýa, Italiýa we Ispaniýa ýaly Ortaýer deňziniň meşhur dynç alyş ýerlerine eýe bolan ýurtlar tarapyndan berildi.

Emma, Brýussel indi Russiýadaky Ýewropa konsullyklaryndan Şengen wizasyna ýüz tutýan rus raýatlaryndan harby şahsyýetnamalar ýaly resminamalary soramagy talap edýär.

Şeýle-de, Ýewropa Bileleşigi Moskwanyň peýdasyna işleýän kriptowalýuta hyzmatlary bilen meşgullanýan guramalary nyşana alýar we şeýle guramalar Serbiýa, Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlarda işleýärler. Emma bu babatda iň uly zarbanyň Gyrgyzystana gönükdirilendigi aýdylýar.

Sanksiýalar toplumynda bu Merkezi Aziýa döwletinde hasaba alnan kripto platformalary we hyzmatlary bilen geleşikleri amala aşyrýan ähli ÝB raýatlaryna we kompaniýalaryna doly gadaganlyk girizilmegi teklip edilýär we tekstde köp sanly jemgyýetçilik hasabatlarynyň "Gyrgyzystanyň kripto arkaly Bileleşigiň çäklendiriji çärelerinden sowa geçmek üçin halkara merkezine öwrülendigini görkezýändigi" bellenilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG